Ï BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky maslahatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlarynyň netijeliligi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky maslahatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlarynyň netijeliligi

view-icon 17953
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatyna gatnaşmagy ýurdumyzyň köpugurly halkara hyzmatdaşlyk ýörelgesine ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Şunda soňky ýyllarda täze depgine we many-mazmuna eýe bolan BMG bilen strategik hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyz BMG-niň belent münberinden çykyş edip, ählumumy abadançylygyň we rowaçlygyň bähbitlerine kybap gelýän netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga gönükdirilen oňyn başlangyçlary beýan etdi.

Şeýlelikde, Türkmenistan bar bolan ählumumy meseleleriň sazlaşykly çözgüdini tapmakda özüniň işjeň ýörelgesini hem-de öňdengörüjilikli çemeleşmesini nobatdaky gezek görkezdi. Şol çözgütlere adamzadyň geljegi gönüden-göni baglydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda “Özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, parahatçylykly, syýasy gepleşikler ýörelgelerinde halkara tertibiniň binýatlaryny gorap saklamakda esasy we aýgytlaýjy orny Birleşen Milletler Guramasynyň eýelemelidigini” nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň 2019-njy ýyly Parahatçylyk we Abadançylyk ýyly diýip yglan etmek baradaky teklibi aýratyn möhüm häsiýete eýe bolýar. Bu teklipde Bitarap döwletimiziň döredijilikli syýasy strategiýasynyň esasy ýörelgeleri öz beýanyny tapdy.

Bu pikiriň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi dartgynlylygy peseltmek, jedelleri we gapma-garşylyklary parahatçylyk, syýasy-diplomatik ýollar arkaly düzgünleşdirmek, ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň pese gaçmagyny ýeňip geçmek, Ýer ýüzünde parahatçylygy berkarar etmek boýunça anyk çäreleri işläp taýýarlamak maksady bilen, halkara gatnaşyklara täze itergi bermäge gönükdirilendir. Bu bolsa durnukly ösüşiň möhüm şertidir. Munuň özi oňyn syýasy işleri höweslendirmegiň hem-de umumy hoşniýetli erke daýanyp, dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň zerurdygyny şertlendirýär. Çünki abadançylyk we parahatçylyk biri-birinden aýryp bolmajak düşünjelerdir.

Şu babatda Türkmenistanyň öz daşary syýasatynda sebit we dünýä möçberinde durnuklylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmek meselelerine ileri tutulýan derejede üns berip, ýaragsyzlanmak meselesinde, terrorçylyga we neşe serişdeleriniň getirilmegine, döwrüň beýleki çagyryşlaryna we wehimlerine garşy göreşmek işinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýändigini bellemek gerek.

Iri halkara çärelerinde bu meseleleri yzygiderli ara alyp maslahatlaşmaga çykaryp, ýurdumyz bu ugurda anyk çäreleri görýär. Şol çäreleriň hatarynda Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan täzeden dikeldilmeginde hemmetaraplaýyn kömek we goldaw berilmegi bar. Türkmenistan syýasy gepleşikler işi üçin ygtybarly meýdança döretmek ugrunda çykyş edip, goňşy dostlukly ýurtda ýagdaýlary parahatçylykly ýol bilen düzgünleşdirmäge we şunuň bilen baglylykda, halkara bileleşiginiň netijeli tagallalaryny mundan beýläk-de bir ýere jemlemäge hemişe ygrarlydyr.

Diwersifikasiýalaşdyrmak, uglewodorod serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň köpugurly ulgamyny döretmek ýörelgelerine esaslanan energetika strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirip, ýurdumyz iri düzümleýin taslamanyň — TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň başyny başlady. Bu taslama gündogar ugurda türkmen energiýa serişdelerini ibermegiň esasy halkasy bolmak orny degişlidir.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň fewralynda bu transmilli energiýa köprüsiniň täze tapgyrynyň durmuşa geçirilmegine badalga berildi, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygynyň düýbi tutuldy. Mundan başga-da, türkmen tarapynyň güýji bilen Serhetabat — Turgundy demir ýoly täzeden guruldy.

Halkara bileleşiginiň oňlamagyna we goldawyna eýe bolan bu taslamalar, gürrüňsiz suratda, öz niýetlenen ugry bilen bir hatarda, möhüm durmuş meselelerini, şol sanda ilaty iş bilen üpjün etmek boýunça meseleleri çözmek üçin oňyn mümkinçilikleri döredýär.

Şonuň bilen birlikde, ýurdumyz goňşy döwlete hemişe ynsanperwer kömegini berip, onuň çäklerinde durmuş desgalaryny gurýar, Türkmenistanyň okuw mekdeplerinde dürli pudaklar üçin owgan hünärmenlerini taýýarlaýar, şeýle hem döwletara söwda hem-de işewür gatnaşyklaryň ösdürilmegine we beýleki işlere ýardam berýär.

Bularyň ählisi Owganystanyň yzygiderli ösdürilmegine, onuň häzirki zamanyň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna sazlaşykly ýakynlaşmagyna, deňhukukly hyzmatdaş hökmünde sebitleýin we halkara gatnaşyklara goşulyşmagyna ýardam bermäge gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynda eden çykyşynda, şeýle hem Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagyna aýratyn ünsi çekdi.

Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň işlenip taýýarlanylmagyna işjeň gatnaşdy, birnäçe anyk teklipleri girizdi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. 2015-nji ýylda Bütindünýä sammitinde ählumumy Gün tertibi we Durnukly ösüş maksatlary kabul edilenden soňra, biziň ýurdumyz ilkinjileriň hatarynda Durnukly ösüş maksatlaryny milli meýilnamalara we maksatnamalara uýgunlaşdyrmaga girişdi. Munuň üçin ýurdumyzda BMG bilen hyzmatdaşlyk etmegiň hemişelik hereket edýän guraly döredildi. Mälim bolşy ýaly, Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagyna bagyşlap, milli Liderimiz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramçylygynyň öň ýanynda çapdan çykan täze kitabyny bagyşlady.

Türkmenistanda durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagy äşgär duýulýan durmuş ugruna eýedir. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ähli giň gerimli toplumlaýyn häsiýete eýe bolan özgertmeler Durnukly ösüş maksatlary bilen ysnyşykly arabaglanyşyklydyr.

Munuň özi 25-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen Halk Maslahatynyň birinji mejlisiniň barşynda hem tassyknamasyny tapdy. Halk Maslahatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow uly maksatnamalaýyn söz bilen çykyş etdi. Umumymilli forumda Watanymyzy diwersifikasiýalaşdyrylan netijeli ykdysadyýeti hem-de ilatyň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesi bolan dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmaga gönükdirilip, kabul edilen çözgütler Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

Şol çözgütler öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga hem-de dürli pudaklarda iň oňat dünýä tejribesini öwrenmäge, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli hyzmatdaşlygy artdyrmaga tarap ugur alan ýurdumyzyň halkara işleri üçin uly ähmiýete eýedir.

Durnukly ösüş maksatlarynyň iş ýüzünde amala aşyrylmagyny, şeýle hem Türkmenistanyň Baştutanynyň energetika we ulag ýaly strategik ulgamlarda gatnaşyk etmäge degişli başlangyçlary ýardam berýär. Bu teklipleriň wajypdygyna hem-de olara isleg bildirilýändigine BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary aýdyň şaýatlyk edýär.

Ýurdumyz dünýäniň iri energetika döwletleriniň biri bolmak bilen, ýangyç-energetika ulgamynda deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek, ählumumy energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, energiýa serişdelerini ibermegiň diwersifikasiýalaşdyrylan düzümlerini kemala getirmek boýunça umumy tagallalary birleşdirmek ugrunda yzygiderli çykyş edýär. Milli Liderimiziň birnäçe gezek belleýşi ýaly, ýurtlaryň we sebitleriň işjeň hyzmatdaşlyk etmegini göz öňünde tutýan hut şeýle çemeleşme dünýä ykdysadyýetine zerur bolan durnuklylygy bermäge, sagdyn bäsdeşligiň esasynda halkara energetika bazaryna gatnaşyjylaryň ählisiniň — öndürijileriň, üstaşyr iberijileriň we sarp edijileriň bähbitleriniň has oňaýly sazlaşygyny üpjün etmäge ukyplydyr. Şunda ägirt uly uglewodorod kuwwatyna eýe bolan Türkmenistan tebigy gazy eksport etmegiň çäklerini giňeltmek bilen bir hatarda, maýa goýum işlerini ýygjamlaşdyrmaga, gaýtadan işleýiş ulgamy düýpli döwrebaplaşdyrmaga, hiliň ýokary ölçeglerine, şol sanda ekologiýa nukdaýnazaryndan ýokary ölçeglere kybap gelýän bäsleşige ukyply taýýar önümleri çykarmagy ugur edinip, ylma daýanýan täze nebit we gazhimiýa önümçiliklerini döretmäge aýratyn ähmiýet berýär.

Häzirki zaman şertlerinde durnukly ösüşi üpjün etmegiň wezipelerini çözmekde möhüm orun eýeleýän dünýä ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri ulag-kommunikasiýa ulgamy bolup durýar. Ýewraziýa we yklymara ugurlarynyň çatrygynda, häzir täzeden dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde taryhy taýdan ýerleşen Bitarap Türkmenistan multimodal üstaşyr-ulag we logistika düzümlerini kemala getirmek boýunça anyk başlangyçlary öňe sürüp, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde, bu ugurda iri taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär.

Şunuň bilen bir wagtda, ýurdumyz suw serişdeleriniň elýeterli bolmagyny hem-de rejeli peýdalanylmagyny we hemmeler üçin arassaçylyk kadalarynyň üpjün edilmegi ýaly wezipäniň durmuşa geçirilmegine uly üns berýär. Şunda Türkmenistan suw — dünýäniň ähli halklarynyň umumy baýlygy, arassa agyz suwuna deň derejeli we adalatly elýeterlilik şertleri bolsa adamyň düýpli hukugy bolup durýar diýen ýörelgä berk eýerýär. Milli Liderimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatyndaky çykyşynda belleýşi ýaly, suw serişdelerine elýeterlilik, ony netijeli dolandyrmak meselelerine döwletleriň ösüşi, olaryň ykdysadyýeti, durmuş ulgamy, adamlaryň abadançylygy we durmuşynyň hil derejesi gönüden-göni baglydyr. Türkmenistan şu garaýyşlar bilen yzygiderli çykyş edip, sebitimizde suw-energetika meseleleriniň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda, her bir ýurduň bähbitlerini hasaba almak bilen hem-de halkara guramalaryň, ozaly bilen, BMG-niň işjeň gatnaşmagynda çözülmelidigini hemişe nygtaýar.

Sebitiň ýurtlarynyň halkara bileleşigi bilen hyzmatdaşlyk etmeginiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda döwlet Baştutanymyz Aral deňzini halas etmek meselesini hem görkezdi. Bu meselä eýýäm köp wagtdan bäri içerki, sebit meselesi hökmünde garalyp bilinmez. Häzir bu meseläniň üstünlikli çözülmegi üçin dünýä bileleşiginiň goldawy, täze maksada gönükdirilen, toplumlaýyn halkara çemeleşilmesi, bu işe Birleşen Milletler Guramasynyň işjeň we ulgamlaýyn gatnaşmagy talap edilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milletler Bileleşigine agza döwletlere Aral deňzi sebiti üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak hem-de Aral meselesini guramanyň alyp barýan işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemek baradaky Türkmenistanyň başlangyjyny goldamak çagyryşy bilen ýüzlendi. Munuň üçin şu ýylyň 18-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi oňat binýat bolup durýar.

Milli Liderimiz Hazar meselesiniň üstünde durup geçip, şu ýylyň 12-nji awgustynda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekmeginiň möhüm ähmiýetini belledi. Munuň özi bu sebiti halkara ähmiýetli ulag-üstaşyr we energetika strategik geçelgeleriniň birine, giň maýa goýum, söwda, ykdysady iş we goşulyşmak merkezine öwürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen bu ulgamlarda ykdysady we täjirçilik babatynda doly esaslandyrylan, şolara gatnaşyjylar üçin bähbitli, yklymda howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna düýpli täsir etmäge ukyply hem-de uzak möhletleýin häsiýetli taslamalary amala aşyrmak meselelerini içgin ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny tassyklap, şunuň ýaly taslamalara maýa goýumlarynyň, geljek üçin maýa goýumlardygyny nygtady.

Ýokarda aýdylanlaryň ählisini umumylaşdyryp, häzir bilelikde işlemegiň baý, köpýyllyk tejribesine hem-de ony özara işjeň dowam etmegi maksat edinmäge daýanýan ýurdumyz bilen Birleşen Milletler Guramasynyň ysnyşykly hyzmatdaşlygy üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyny ynamly aýdyp bolar. Türkmenistan netijeli gepleşikler hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, dürli pudaklarda özara bähbitli iri taslamalary durmuşa geçirmek üçin öz mümkinçiliklerini we kuwwatyny iş ýüzünde ýene-de bir gezek tassyklaýar. Munuň bolsa hemme gatnaşyjy taraplara peýda getirip, umumy bähbitlere hyzmat etjekdigi gürrüňsizdir.

Şunuň bilen baglylykda, Nýu-Ýorka häzirki iş saparyň maksatnamasyna döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistan — ABŞ” işewürler maslahatyna gatnaşmagynyň girendigi bellärliklidir. Işewürler maslahatynyň gün tertibi ony möhüm pikirleri, beýleki ýurtlaryň işewür düzümlerini çekmek bilen, netijeli gatnaşyk etmäge teklipleri we ugurlary işläp taýýarlamak üçin has giň meýdança öwürmegi şertlendirýär.

Bularyň hemmesi alyp barýan depginli täzeçillik häsiýetli işleri ýurdumyza belent abraý getiren hem-de dünýä giňişliginde ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde tanadan ajaýyp döwlet işgäri we halkara derejeli syýasatçy — milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işläp taýýarlan hem-de yzygiderli durmuşa geçirýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat konsepsiýasynyň üstünlige beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.