Ï Howa maglumaty nähili taýýarlanylýar we olaryň takyklygy nämä bagly?
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Howa maglumaty nähili taýýarlanylýar we olaryň takyklygy nämä bagly?

view-icon 2371
Howa maglumaty nähili taýýarlanylýar we olaryň takyklygy nämä bagly?
“Fewral aýynda howanyň durnuksyzlygy günortadan gelýän ýyly howa akymynyň demirgazykda--Arktikadan gelýän howa akymy bilen ýeriniň çalyşmagy bilen düşündirilýär. Köp ýyllyk gözegçiliklre laýyklykda...” - Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu aýa nobatdaky maglumaty, ine, şeýle başlanýar.

Bu maglumatlar nämä esaslanyp taýýarlanylýarka, onsoňam näme üçin olar hakyky ýagdaýa laýyk gelip durmaýar? Ýurdumyzyň territoriýasyndaky howa gurşawynyň ýagdaýy barada maglumat berýän abraýly gurama Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa baradaky gullugydyr. Meteorologlar howa barada hemme zady ýada ähli zady diýen ýaly bilýärler, olar çünki gije-gündüziň dowamynda 24 sagatlap howanyň üýtgeýşini öwrenýärler.

Howply howa ýagdaýlary baradaky maglumatlar Gidrometeorologiýa baradaky gullukdan, ilkiji nobatda, oňa gyzyklanma bildirýän edaralaryň ählisine -Türkmenistanyň Prezidentiniň diwanyna, Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky ministrligiň bölümlerine, häkimliklere, ýerli öz-özüni dolandyryş guramalaryna berilýär. Ösümlikleriň ösüşine gözegçilik edýän oba hojalyk pudagynyň hünärmenleri hem howanyň üýtgeýşi barada maglumatlardan peýdalanýaarlar. Howanyň üýtgeýşi barada maglumatlar geologlara we gidrogeologlara, lukmanlara we awiatorlara, alymlara we telekeçilere hem zerur gerek. Galyberse-de, her kimiň howanyň ýagdaýyny bilesi gelýär...

Gidrometeorologiýa merkeziniň hünärmenleriniň aýtmagyna görä, adamlary anyk maglumat bilen üpjün etmek üçin her gün diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem onuň çäklerinden daşarda-da bolýan howa ýagdaýlaryny hasaba almaly we iň döwrebap usullary hem-de programmalary ulanyp, howa baradaky maglumatlary işlemeli bolýar.

Sinoptikler howanyň hakyky ýagdaýyny, maglumatlar kartalaryny, ýerli meteostansiýalaryň maglumatlaryny bir ýere jemläp, eline lineýka alyp diýen ýaly her anyk sebit üçin maglumat taýýarlaýarlar. Olar ýeliň ugruna we güýjüne, bulutlaryň hereketine gözegçilik edýärler, harasatlaryň nirede döreýändigini, nirä we näçe ygal ýagýandygyny belleýärler. Howanyň ýagdaýy baradaky maglumatyň takyklygy olaryň tejribesine we hünär taýýarlygyna bagly bolup durýar.

Maglumatlary taýýarlaýyş bölümi – Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň düzüminde esasy bölümdir. Inžener-sinoptikleriň aglabasy – ýokary bilimli hünärmenlerdir. Olar Bütindünýä bankynyň, Merkezi Aziýa sebit ekologiýa merkeziniň, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlygy boýunça jemgyýetiniň taslamalarynyň çäklerinde geçirilýän seminarlarda hem-de maslahatlarda dünýä tejribesini we usullaryny öwrenýärler, Hazarýaka döwletlerindäki kärdeşleri hem-de Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň wekilleri bilen hyzmatdaşlyk edýärler.

Gullugyň meteorologiýa baradaky maglumatlarynyň takyklygy 94 göterime barabardyr. Bar bolan serişdeler bilen 5 güne doly takyk maglumat taýýarlamak häzirlikçe hiç kime başartmaýar. Mysal üçin, Aşgabady alyp göreliň. Şähere günbatardan gelýän tupanlary Hazar deňzi, günortadan gelýänlerini – dag ulgamlary peseldýärler, Garagum çöli bolsa, demirgazykdan gelýän sowuk akymlardan goraýar. Netijede howanyň temperaturasy ýeriň relýefine görä üýtgeýär...

Döwrebap sanly meteorologiýa stansiýalary we nokatlary, innowasion tehnologiýalar we Butindünýä meteorologiýa guramasyna World Meteorological Organization- WMO) birleşen howa baradaky maglumatlary berýän esasy guramalar bilen hyzmatdaşlyk sinoptikleri ählumumy, sebit hem-de ýerli howa maglumatlary bilen üpjün edýärler. Bu guramanyň çäklerinde biziň meteorologiýa gullugymyz gazagystanly, türkiýeli, özbegistanly, azerbaýjanly, russiýaly we beýleki ýurtlardaky kärdeşleri bilen maglumatlary alyşýarlar.

-Ýurdumyzyň territoriýasyndaky hakyky howa baradaky meteorologiýa hem-de gidrogeologiýa gözegçilikleriň maglumatlaryny Gidrometeologiýa baradaky gulluk her üç sagatdan stansiýalaryň 52-sinden we nokatlaryň 48-sinden alýar – diýip ylmy-tehniki bölümiň başlygy Mahym Orazmuhammedowa düşündirýär. – Hazarda – deňiz, Amyderýada we beýleki derýalarda derýa nokatlary bar. Daglarda we Garagum çölünde hem howa gözegçilik edilýär. Howanyň tewperaturasy, çyglylygy, ýeliň tizligi we ugry – jemi 12 ölçeg boýunça maglumatlar – welaýatlaryň dolandyryş merkezlerine, olardanam – Aşgabatdaky Tehniki merkeze berilýär, olar bu ýerde ýörüteleşdirilen enjam-programma toplumlarynda işlenilýär. Ol biziň işimiziň möhüm bölegidir.

Ýerüsti çeşmelerden hakyky howa ýagdaýy baradaky maglumatlardan başga-da, Gidrometeologiýa baradaky gulluk dünýäniň esasy meteorologiýa gulluklaryndan gelýän maglumatlardan hem peýdalanýar. Şeýle maglumatyň hili näçe ýokary boldugyça, şonça-da maglumat anyk bolýar –diýip hünärmenler düşündirýärler.

Birnäçe ýyl mundan ozal Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa baradaky gullugyndaky döwrebaplaşdyrylmagyň barşynda bu ýerde Butindünýä meteorologiýa guramasynyň Daşkentdäki sebit merkezi, Angliýanyň Reding şäherindäki Orta möhletleýin howa çaklamasy ýewropa merkezi -ECMWF (European Center for Medium-Range Weather Forecasts) , Germaniýanyň Gidrometeorologiýa gullugy, Rusgidromet bilen goşmaça kanallar açyldy, - diýip M. Orazmuhammedowa gürrüň berýär. – Gysga möhletleýin çaklamalary taýýarlamak üçin dünýä ölçeglerine laýyk gelýän COSMO sanly çaklaýyş ulgamyndan peýdalanyp ugradyk. Uzak möhletleýin we orta möhletleýin maglumatlary işläp taýýarlanymyzda tutuş ýer ýüzünde howa ýagdaýlarynyň üýtgeýşini hasaplaýan ECMWF model (Ýewropa merkeziniň ählumumy nusgasy) we Amerikanyň GFS (Global Forecast System) ýaly howa barada maglumatlaryň ählumumy nusgalarynyň maglumatlaryndan peýdalanýarys. Gullugyň Tehniki merkezine Hemra meteorologiýasy ýewropa guramasynyň – Eumetsat agentliginiň geostansionar meteorologiýa hemralaryndan howa massalarynyň suratlary yzygiderli gelip gowuşýar. Howa barada alynýan maglumatlaryň möçberi yzygiderli artýar.

Türkmen meteorologlarynyň ygtyýaryndaky maglumatlary hünärmenler dünýädäki stansiýalaryň, hemralaryň, gämileriň we beýleki ulgamlaryň ählisinden toplaýarlar, howa gurşawynyň gidrodinamik nusgalaryny almak üçin döwrebap kompýuterlerde seljerýärler we işleýärler. Ol düýpli serişdeleri talap edýän çylyşyrymly iş. Biziň meteorologlarymyz dünýä merkezlerinde eýýäm hasaplanan ählumumy nusgalardan peýdalanyp bilýärler. Bu hasaplamalar Ýer üstünde 7 km aralykda hem-de 30 kilometre we ondanam ýokardaky dürli belentliklerde onlarça ölçeglerden ybaratdyr.

Sinoptikleriň işindäki ýene bir möhüm zat – howa gurşawynyň üýtgemeginiň diskretligidir. On ýyl mundan ozalam çaklamalar hasaplanylýan koordinatlar torunyň çägi ýüzlerçe kilometrdi. Şeýle uly ölçeglerde, mysal üçin, kemala gelýän harasat ýaly çynlakaý howa gurşawynyň üýtgemeginiň gözden sypmagy mümkindi. Häzirki wagtda türkmen meteorologlary Ýewropa gulluklaryndan 15 kilometr aralyga çenli ýerde howanyň ýagdaýy barada maglumatlary alýarlar. Olar hasaplaýyş merkezinde ählumumy we ýerli çeşmelerden maglumatlary işläp, öz nusgalarynda 7 kilometre çenli takyk sebit maglumatlaryny, 2,8 kilometre çenli milli maglumatlary alýarlar.

Şu maglumatlardan ugur alyp, Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynda belli bir territoriýalarda takmyny howa ýagdaýyny hasaplaýarlar. Gullugyň hasaplaýyş kuwwatlyklarynyň ep-esli köpelmegi bu görkezijileriň hakykatdanam gowulanmagyna getirdi. Hünärmenler howa gurşawynyň üýtgäp duran substansiýadygyna düşünmek gerek, maglumatlar nusgalarynyň ählisi çyzykly däl matematiki deňlemedir we olaryň takyk çözgüdi ýokdur - diýip düşündirýärler.

Sinoptikleriň maglumatlary hemişe bu maglumatlardan tapawutlanar, şonuň üçinem Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýakyn günlerdäki maglumatlarynyň olary taýýarlamagyň sanly nusgalarynyň çaklamasyndan 15-20 % takyk boljakdygyna ynansa bolar, sebäbi hünärmenler ony düzmäge gatnaşýarlar hem-de awtomatik usulda işlenilip taýýarlanylan maglamatlary sinoptikler gözden geçirýärler.