Ï Bioköpdürlüligi saklap galmak jähtinden bag ekmek we tokaýlary dikeltmek işleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bioköpdürlüligi saklap galmak jähtinden bag ekmek we tokaýlary dikeltmek işleri

view-icon 3243
Bioköpdürlüligi saklap galmak jähtinden bag ekmek we tokaýlary dikeltmek işleri
Bioköpdürlüligi saklap galmak jähtinden bag ekmek we tokaýlary dikeltmek işleri
Bioköpdürlüligi saklap galmak jähtinden bag ekmek we tokaýlary dikeltmek işleri
Bioköpdürlüligi saklap galmak jähtinden bag ekmek we tokaýlary dikeltmek işleri
Bioköpdürlüligi saklap galmak jähtinden bag ekmek we tokaýlary dikeltmek işleri
Bioköpdürlüligi saklap galmak jähtinden bag ekmek we tokaýlary dikeltmek işleri
Bioköpdürlüligi saklap galmak jähtinden bag ekmek we tokaýlary dikeltmek işleri
Bioköpdürlüligi saklap galmak jähtinden bag ekmek we tokaýlary dikeltmek işleri
21-nji martda ýazky bag ekmek çäresi başlanýar, onuň dowamynda 1,5 million ýaprakly, pürli, miweli agaç we üzüm nahallary ekiler. Täze nahallar tutuş ýurdumyzda kemala gelen gök massiwleriň, şeýle hem baglaryň we üzümlikleriň meýdanyny giňelder.

2011-nji ýylda kabul edilen Tokaý kodeksine laýyklykda, ýurtda tebigy tokaýlary dikeltmek boýunça çäreler hem durmuşa geçilýär. Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýanyň bir bölegi bolan we ilatly ýerleriň töwereginde ýaşyl zolaklaryň döredilmegi hem-de çölleşmäge garşy göreş babatda çäreler toplumyny göz öňünde tutýan 2013-nji ýylda Milli tokaý maksatnamasynyň kabul edilmegi bu jähtden möhüm ädim boldy. Şol wagtdan başlap hem tokaýlaryň sanawyny geçirmek işleri başlandy. Häzirki wagtda tokaý gorlarynyň döwlet hasabaty geçirilýär, tokaý kadastry düzülýär. Bu işlere Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň, döwlet goraghanalarynyň we tokaý hojalyklarynyň hünärmenleri gatnaşýarlar. 2019-njy ýylyň ahyryna çenli ýurt boýunça umumylaşdyrylan maglumatlar taýýarlanylar.

Ýurduň tokaý gaznasy – arçalyklardan, dag etek pisseliklerden, jeňňel, çöl sazaklaryndan ybaratdyr, olar, Köpetdagyň barmasy kyn ýerlerini hem hasaba alanyňda, ýurdumyzyň umumy meýdanynyň sekiz göterimden gowrak meýdanyny tutýar. Iň köp tokaýlar – gumly-çägelik tokaýlardyr. Gurak howa şertlerine we dünýäniň iň uly çölleriniň biri bolan Garagum çölüniň ýurdumyzyň 80 göterimine golaý meýdanyny tutýandygyna garamazdan, sazaklyklar durnukly ekoulgamyň wajyp şertidir. Olar ak sazaklar, düz ýerlerde – gara sazklardyr çerkezler, gandymlar, borjaklar, sözenlerdir. Oba hojalyk ekinleriniň töweregindäki daglyk we agaç gorag zolaklary, şeýle hem petdeller, ak tallar, igdeler, ýylgynlar, bol gamyşly, suwly-batgalyk ýerlerde bitýän otlar we ýekenleriň dürli görnüşleri ýaly derýaýaka jeňňeller olardan birneme az meýdany tutýar. Käbir ýerlerde bölek-bölek jeňňeller saklanyp galypdyr, olar haýal dikelýär.

Ekilýän agaçlaryň meýdany giňelýär. Tokaýlaryň geçirilen sanawynyň maglumatlaryna görä, Garagumda sazaklar dört müň gektara golaý, daglarda -146 müň ga, atyzlaryň töwereginde ekilenleri – 29 müň ga, jeňňeller – 26 müň ga meýdany tutýarlar. Häzirki wagtda Aşgabadyň, iri şäherleriň we senagat merkezleriniň töwereginde 100 müň gektardan gowrak ýerde tokaý-parklary döredildi. Emeli tokaýlar diňe bir suwly dag etek ýerlerde däl, eýsem çöl ýerlerde-de kemala getirilýär. Aralyň täsiriniň ýetýän ýeri bolan ýurduň demirgazygynda iri taslamalaryň biri durmuşa geçirilýär, bu ýerde 20 müň gektar ýerde sazak we gandym ekmek işleri dowam etdirilýär.

Agaç ekmek hereketi tebigaty goramak işiniň esasy ugry hökmünde jemgyýetde ekologiýa medeniýetiniň derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Landşaft köpdürlüliginiň saklanyp galynmagy janly tebigat dünýäsi üçinem möhümdir. Ýurtda döwlet goraghanalary döredildi, ýer we suw serişdelerini, kenarýaka hem suwly-batgaly ýerleri saklap galmagyň hem-de olardan rejeli peýdalanmagyň usullary ornaşdyrylýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda goraghanalaryň dokuzysy bolup, olaryň hatarynda çäkli goraghanalaryň 16-sy we tebigat ýadygärlikleriniň ikisi bar. Olaryň umumy meýdany ýurduň meýdanynyň dört göterimine barabardyr.

Dag etekleriniň we ýarym çöllük ýerleriň ösümlik düzüminiň baýlaşdyrylmagy guşlar we ownuk jandarlar üçin goşmaça iýmit binýadyny döretmäge ýardam edýär. Mundan başga-da, wajyp ykdysady we dermanlyk ähmiýetli ösümlikler üçinem amatly şertler döredilýär. Türkmenistanyň ösümlikler dünýäsinde olaryň ýedi müňden gowrak görnüşi bolup, olaryň 3200-e golaýy ýokary derejeli ösümliklerdir.