Türkmenistanyň Baş drama teatrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” kitaby hem-de Nurmyrat Saryhanowyň “Şükür bagşy” powesti esasynda “Dutaryň owazy” oýnunyň premýerasy boldy. Bilşimiz ýaly, bu eser tanymal kinorežisýor Bulat Mansurowyň “Şükür bagşy” filminiň edebi esasy bolupdy. Gurbanguly Mälikgulyýewiç öz kitabynda: “Çagalykda bu filmi ilkinji gezek görenim ýadymda. Men ol wagt oglanjykdym. Bu film maňa örän uly täsir etdi. Gandöküşikli jeňe ýol bermän, garşydaşy sungatyň kömegi ýeňip bolýan ekeni diýen açyşymy şondan bäri kalbymda saklaýaryn”-diýip ýazýar.
Dramaturg, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarow we režissýor, Türkmenistanyň halk artisti Kakajan Aşyrow bagşynyň zehininden dörän sungatyň güýji baradaky eseri täzeçe beýan edipdirler. Täsiri güýçli edebi esasy, artistleriň şowly jemlenmegi, oýnuň ruhuna kybapdaş sahna bezegi, özboluşly saz bezegi we režisýoryň eseriň özenini anyk bermegi ony epiki eser derejesine çykarýar.
Şükür bagşy agasynyň ýesir düşendigini bilip galýar. Ony nädip boşatmaly? Obadaşlarynyň ýaşraklary duşmana çapawul etmegi, ýaşy durugşanraklary pul-mal berip satyn almagy teklip edýärler. Şonda ýaş sazanda goluna dutar alyp, saz bilen doganyny ýesirlikden gutarmak üçin hanyňka ýola düşýär...
Şüküriň kalbynda dogduk diýaryň gözelligini, edermenligi we ynsanperwerligi, maşgala gymmatlyklaryna we söýgä wepalylygy wasp edýän saz döreýär...
Han eger Şükür köşk bagşysy Gulamdan üstün çyksa ýesirini boşatjakdygyny aýdýar. Hökümdar kyn güne düşen sazanda perwana hakda saz döretmegi buýurýar. Ajaýyp saz ýaňlanandan bir aýal maşgala märekäniň ýazgararyndan çekinmän, Şüküriň ýanyna barýar-da:
- Seniň dutaryň owazy meni ata Watana atarar-da, men neneň oturaýyn onsoň. Men gyzjagaz wagtyň ýat illere ýesir düşdüm. Enem henizem meni zarynlap ýörendir. Barsaň oňa meniň sag-amandygymy habar ber. Ine, oglumyň başmaklarynam oňa ýetir. Şeýle yrym bar: ejem ony aýawly saklasa, ogluma dogduk ili görmek miýesser eder.
...Dartgynly wakanyň soňy Şükür bagşynyň ýüwrük barmaklarynyň oňa ýeňiş getirýärmegi bilen gutarýar.
Oýna aşgabatlylar bilen birlikde ýurdumyzyzň myhmanlary - Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumyna gatnaşyjylar hem tomaşa etdiler. Kakajan Aşyrowyň çeper režisýorlyk tilsimlerine, özboluşly sahna bezegine we artistleriň ussat oýnuna haýran galan GDA ýurtlaryndan gelen myhmanlar Şükür bagşynyň keşbini döreden professional artistmi ýa-da ussat sazanda? - diýip gyzyklandylar. Resul Baryýewiň Balkan welaýatynyň Azady obasyndaky Medeniýet öýüniň müdiridigini eşidenlerinde hemmeler geň galdylar, ol höwesjeň döredijilik bilen meşgullanýar, dutar onuň durmuşynda aýratyn orun tutýar.
Hemmeler Resul Baryýewi ilkinji şowly işi bilen gutladylar. Galyberse-de, sahna oýnunyň saz bezegi haýrana goýdy, onda dutaryň özboluşly ýaňlanşyny beren genial kompozitor Nury Halmämmedowyň sazlary has saýry geldi.