Spektakllaryň wakalarynyň dürli ýurtlarda bolup geçýändigine we olaryň döredilen wagtynyň aratapawudynyň 70 ýyl golaýdygyna garamazdan bu iki eseri hem-de oýny haçan maşgala döredeniň ýagşy, söýüp durmuş gurmak hökmanmy diýen mesele birleşdirýär.
«Ediniň enesi» komediýasy sowet döwri ýazylan bolsa-da, şol döwrem edil häzirkisi ýaly her bir ene ogluny ýagşy gyza öýermek we olaryň bagtly bolmagyny isleýär.
...Spektaklyň baş gahrymany Dürsoltan ejäniň ýedi ogly bar. Olaryň biri heýkeltaraş, beýlekisi – dellek, üçünjisi – hat-pet gatnadýan... Olaryň ählisi işli-kärli, indi ene arkaýyn ýaşaýmaly ýaly welin... Ýöne onuň ogullarynyň ulusyndan başgasy öýlenmedik-dä. Bir gezek ol ogullaryna öýli-işikli bolmaga we enesine agtyk söýmäge wagt bolandygy barada çynlakaý gürrüň edýär...
Ogullarynyň ejesini köşeşdiresi gelýär, emma öýlenmek barada pikirem edenoklar. Entek sallah durmuşyndan irmedik ýaşlaryň dilewarlygy, hoşamaýlygy we ugurtapyjylygy ýordumy has gülküli edýär. Ýöne SÖÝGI olary pikirnden dändirýär duruberýär...
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň aktýorlyk fakultetiniň üçünji ýyl talyplary pýesanyň wakalaryny ussatlarça janlandyrypdyrlar.
-Meniň bilen bile oýun goýan kärdeşim, professor Annamyrat Saparmuhammedow ikimiz pýesany döwrebaplaşdyrmadyk-da, gaýta talyplara şol döwrüň ruhuny, edim-gylyklaryny, şol döwrüň adamlarynyň häsiýetlerini görkezmegi tabşyrdyk – diýip biziň bilen söhbetdeşlikde spektaklyň režisýory, Türkmenistanyň halk artisti Muhammetguly Kasymow gürrüň berdi.
Dürsoltan ejäniň keşbini talyp gyz Mahym Arazdurdyýewa ýerine ýetirýär. Özi-de ýaşy uly zenanyň keşbinde grim ujypsyz ulanylyp, esasy üns keşbiň plastiki suduryna we egin-eşiklere berlipdir.
-Meniň gahrymanym enemiň ýaşynda, bu hem keşp döretmegime kömek etdi. Men onuň häsiýetini, hereketlerini, gürleýiş äheňini bermäge çalyşdym – diýip Mahym gürrüň berýär.
Arslan Aždarow, Begmyrat Paşyýew, Yhlas Yslamow, Nazar Annaberdiýew, Berdimyrat Çaryýew, Ärsary Resulberdiýew, Sapargül Hannepesowa dagy özüne ynanylan keşbi ussatlarça ýerine ýetirýärler.
Şu ýerde bir zady bellemekçi. Oýun goýujy režisýorlaryň özi hem 30 ýyldan gowrak mundan ozal «Ýediň enesi» spektaklynda çykyş edipdiler. Bu ýagdaý, elbetde, olara häzirki günler hem wajyp meseläni çeper beýan etmekde ýardam etdi.
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň ikinji ýyl talyplary öýlenmek temasyny başga bir nukdaý-nazardan görkezdiler.
Ýaş azerbaýjan täjiri öýlenmäge garşy däl, emma ol däbe garşy çykyp, ol gelinligini toýdan öň görmek isleýär. Onsoň daýysy hile guraýar, ýagny ýegenine mata satýan söwdagär bolan bolup Bakuwyň barjamly öýlerine aýlanyp çykmagy we olaryň arasyndan özüne gelinlik tapmagy diýip teklip edýär. Ýogsa-da, bu tanymal eseriň ýordumyny gürrüň berip oturmagyň zerurlygy ýog-a.
Islendik oýnuň üstünligi, ilkinji nobatda, artistlere bagly. Oýun goýujy režisýor Türkmenistanyň halk artisti Aşyrmyrat Gurbanow «Arşyn mal alan» spektaklyny goýanda azda-kände sahnada çykyş edenleri saýlapdyr.
...Insizje murty, garaköli telpegi, ýogyn atlas guşagy spektaklyň gahrymanlary erkek adamlaryň keşbini dessine özgertdi.
«Arşyn mal alan» sazly komediýasynyň gahrymanlarynyň ählisi özüne çekijiligi bilen baş gahryman bolýar duruberýär. Operettanyň gahrymanlary olaryň aforizmlere öwrülen replikalary bilen hem tanalýar. Mysal üçin:
-Puluň barmy?
-Name diýýäň?
-Puluň barmy?
-Bar, bar!
-Onsoň känmi puluň?
-Ikimiz-ä ýeter!
-Puluň bolsa-men saňa razy!
-Wah, owlajygym-a sen...
Talyplar Durdy Durdyýew bilen Aýmyrat Annagylyjow Askeriň we Süleýmanyň keşbini nusgawy görnüşde döretseler, Atajan Bekiýew Soltanbegiň keşbini beýleki spektakllardakydan tapawutly döredipdir. Ol hem spektakla üýtgeşik röwüş berýär: indi, iň bolmanda, Askeriň gelnejesiniň näme üçin Soltanbege durmuşa çykmaga razy bolandygy düşnükli bolýar. Eziz Geldiýew edenli hyzmatkäriň keşbini zehinli döreipdir.
Tomaşaçylaryň keýpini göteren aýdym-sazly şadyýan spektakl hemişe gözlegdäki ýaş artistleriň nusgawy eserlerde keşp döretmäge täzeçil çemeleşýändigini görkezdi.