Äpet stendde urşa gatnaşan nakgaşlar: Nikolaý Çerwýakowyň, Gennadiý Babikowyň, Nyýazmyrat Dowodowyň, Yzzat Gylyjowyň, Aman Kulyýewiň, Iwan Ilýiniň, Wladimir Pawloskiniň, Georgiý Koloýarowyň, Ýewgeniý Belowyň ak-gara reňkli fotosuratlary ýerleşdirilipdir. Indi olar aramyzda ýok bolsa-da, şol nakgaşlaryň yzynda Watana bimöçber söýgüsine ýugrulan işler galdy.
Çärä hormatly myhmanlar hökmünde türkmen žiwopisiniň ägirdi Yzzat Gylyjowyň gyzy Jeren Gylyjowa bilen onuň şägirdi hem egindeşi –Hakasiýanyň at gazanan nakgaşy Berdiguly Amansähedow gatnaşdylar.
-Kakam uruş barada gürrüň bermegi halamazdy –diýip Jeren Yzzatowna ýatlaýar.- Uruş elhençliklerini gören nakgaş her işinde parahatçylykly durmuşyň bagtyýarlygyny wasp edýärdi. Çeperçilik ýörüte orta hünär mekdebindäki mugallymy Ýuliýa Daneşwar oňa fronta iberen hatynda boş wagty uruş pursatlarynyň garalamalaryny çeker ýaly ýanyna galam almagy maslahat beripdir.Kakam onuň maslahatyna eýermese-de, harby köýnekçesiniň kisesinde tutuş urşuň dowamynda halypasynyň şol hatyny göterip gezipdir.
-Yzzat Gylyjow uruş ýyllary aragatnaşykçy bolupdyr – diýip Berdiguly tanymal nakgaş barada gürrüňi dowam etdi. – Ol ştab bilen harby bölümleriň arasynda aragatnaşyk simlerini çekmeli bolupdyr. Ol gije-gündiziň islendik wagty uzak aralara emedekläp, garmy-palçykmy diýmän aragatnaşygy ýola goýupdyr. Yzzat Gylyjow Ýeňşi Berlinde garşylapdyr. Ýöne ol uruş ýyllaryny ýatlamaýardy, bu temadan suratam çekmändi. Ol güneş nurundan, durmuşa söýgüden we baýramçylyk reňklerinden doly suratlary çekmegi gowy görerdi!
-Çagalar! Siziň köpüňiz 1939-njy ýylda SSSR bilen Germaniýanyň arasynda Molotowyň we Ribbentropy pakty diýilýän, birek-biregiň üstüne çozmazlyk barda Ylalaşyk baglaşylandygyndan habarly bolsaňyz gerek –diýip mugallym Lýudmila Ulakina okuwçylara ýüzlendi. -- 1941-nji ýylyň iýun aýynda daňdan 4-de uruş yglan etmezden gitlerçi goşunlar Sowet Soýuzynya çozanda ol tutuş ýurt üçin agyr synag bolupdy...
Faşistik strategler baryp 1940-njy ýylda Barbarossa meýilnamasyny taýýarlapdylar, oňa laýyklykda SSSR-e garşy uruş 2-3 aýda duşman ýeňşi bilen tamamlanmalydy. Ýöne sowet halkynyň edermenligi, synmaz erki we gahrymançylygy olaryň niýetine böwet boldy.
Ildeşlerimiziň müňlerçesi meýletinlik bilen fronta gidipdiler. Janyny gaýgyrman ýigrenji duşmana garşy gaýduwsyz söweşen köp milletli goşunyň hatarynda ildeşlerimizem bardy, Beýik Ýeňşe olaryňam goşandy uludyr. Türkmen zenanlary kabul ediş nokatlarynda maşgalalarynda apalanyp saklanylan kümüş şaý-seplerini tabşyrypdylar, ençeme maşgala Goranmak gaznasyna pul serişdelerini geçiripdi.
Türkmen esgerleriniň gahrymançylygynyň ençemesi bellidir. Duşmana ýesir düşen gyzyl goşun esgeri Aýdogdy Tahyrowa gitlerçiler ses güýçlendiriji enjam arkaly ildeşlerine meýletin ýesir düşmek barada ýüzlenmegi teklip edýärler. Emma Aýdogdy taýyn ýazgyny okamaýar-da, söweşjeň ýoldaşlaryna: «Türkmen doganalr! Watanymyz üçin söweşiň!» -- diýýär. Dessine-de pulemýot oklarynyň sesi gelýär, duşmanlar Aýdogdy Tahyrowy atýarlar.
...Bir gezek Kursk oblastynyň Panyry obasynyň eteginde näbelli esgerleriň mazaryny öwrenýänler elinden awtomatyny goýbermän ölen esgeriň skletini tapýarlar. Her bir esgeriň göterýän medalýony boýunça onuň Baýrammämet Janmämmedowdygy aýan bolýar. Irginsiz gölegler netijesinde gahrymanyň maşgalasy tapylýar. Indi onuň nebereleri gahryman pederiniň nirede jaýlanandygyny bilýärler.
«Türkmenfilm» kinostudiýasynda Seýitnyýaz Ataýewiň «General Mämmet Annauskiý» hekaýasynyň esasynda Bulat Mansurow «Ölüm ýokdur, oglanlar!» filmini surat düşürýärkä üýtgeşik waka bolýar.
Nemes serkerdesiniň keşbini döretmäge latwiýaly aktýor Igors Warpa ýagyrylýar. Režisýor surat düşürilýän meýdançada bir sagatlyk arakesme yglan edýär. Artistler grimi aýyrman naharhanada çaý içeli diýýärler. Igors meýdança ertesi, özem – zenan köýnekli, eli bukjaly gaýdyp gelýär. Nirä gidenligini we näme bolanlygyny aýdyp bilmeýär. Diňe çaý içenligi ýadyna düşüpdir... Bukjany açsalar, onda bölek-bölek ýyrtylan nemes serkerdesiniň harby lybasy bar eken. «Huliganam» tapýarlar. Görlüp oturylsa nemes serkerdesi çaga döwri onuň gözüniň alnynda maşgalasyny atan ekeni. Ençeme ýyldan soň oňa meňzeş serkerdä gözi düşenden ol özüne erk edip bilmändir...
Açyk sapagy alyp baran Lýudmila Pawlowna Ulakina gahrymanalr barada ýatlamalardan bölekleri we gyzykly ýagdaýlary gürrüň berdi. Okuwçylar bolsa Gurbannazar Ezizowyň, Olga Berggolsyň, Rimma Kazakowanyň uruş hakda ýazan ýürek elendiriji ajaýyp goşgylaryny labyzly okadylar.
Konserwatoriýadan myhmanlar – aýdymçy Begenç Gaýypow bilen sazanda Maýýa Beýmanowa okuwçylar üçin sowgat hökmünde uruş temasyndan: Mihail Nožkiniň «Biz niçe wagt dynç almandyk», Anatoliý Nowikowyň «Eh, ýollar!», Ýan Frenkeliň «Durnalar», Matweý Blanteriň «Katýuşa» aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Çäre Beýik Baýramyň simwoly bolan Dawid Tuhmanowyň Wladimir Haritonowyň sözlerine döreden «Ýeňiş güni» aýdymynyň bilelikde ýerine ýetirilmegi bilen jemlendi.