Aleksandr Aleksandrow bilen Wasiliý Lebedew-Kumaçyň «Mukaddes uruş» aýdymynyň sözlerini her kim öz ýanyndan gaýtalaýardy.
Şeýle hem Nikita Bogoslowskiniň «Tüm-garaňky gije», Anatoliý Nowikowyň «Eý, ýollar», Ýeži Petersburgskiniň «Gökje ýaglyjak» ýaly belli we hemmeleriň halaýan aýdymlary ýaňlandy.
Suhan Tüýliýewiň «Agam» diýen aýdymyny ýurdumyzyň altyn baritony – Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew ýerine ýetirdi. Oňa Türkmensitanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow roýalda sazandarlyk etdi. Olaryň ýerine ýetirmeginde Nury Halmämmedowyň «Esger ýatlamasy» aýdymy hem ýaňlandy. Eserleriň ikisi-de diňleýjilere güýçli täsir etdi.
Tomaşaçylar tenor sesli Nury Nuryýewiň çykyşyny şowhunly el çarpmalar bilen mübäreklediler. Onuň ýerine ýetiren Isaak Dunaýewskiniň «Men Berlinden gelýärdim», Boris Mokrousowyň «Front sürüjisiniň aýdymy» we Anatoliý Nowikowyň «Garaýagyz gözel» aýdymlary nepisligi, geljege umytlylygy, owadan tembiri we çeper beýan edilişi bilen özüne bendi etdi.
Türkmenistanyň at gazanan artisti Ysmaýyl Jumaýew Beýik Watançylyk urşy döwrüniň harby lybasynda sahna çykdy. Ol Weniamin Basneriň «Atsyz baýyrda», Ýan Frenkeliň «Durnalar», Aleksandra Pahmutowanyň «Şol ýyllara sarpa goýalyň» aýdymlaryny ýürekden çykýan mähirli owazda aýtdy.
Leýla Ökdürowanyň, Kakajan Haldurdyýewiň we Gurbanmyrat Amanmyradowyň çykyşlary baýramçylyk konsertine mähre ýugrulan şahyrana röwüş çaýdy.
Soňra A.S. Puşkin adyndaky Bilelikdäki türkmen-russiýa umumy bilim berýän mekdebiniň okuwçylary Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryny gutladylar we olara gül gowşurdylar.
Baýramçylyga bagyşlanan konsert Dawid Tuhmanowyň «Ýeňiş güni» aýdymyny konserte gatnaşanlaryň ählisiniň ýerine ýetirmegi bilen jemlendi. Tomaşaçylar ör turup, olaryň sesine ses goşup aýdym aýtdylar.