Ï Elektron tehnologiýalaryny ösdürmek üçin düzümleri we şertleri döretmek
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Elektron tehnologiýalaryny ösdürmek üçin düzümleri we şertleri döretmek

view-icon 52323
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanlylaşdyrmagy milli ykdysadyýetimiziň ulgamlaýyn meselelerini çözmegiň möhüm ugry hökmünde kesgitledi. Sanly ykdysadyýet maglumat tehnologiýalaryna daýanýan ykdysady iş bolup durýar. Tehnologiýa taýdan ösen ýurtlaryň tejribesiniň görkezişi ýaly, sanly ykdysadyýet olara öňe ilerlemäge we dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna goşulmaga mümkinçilik berdi.

Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek, şol sanda bu ulgamy kadalaşdyryş-hukuk ýagdaýy bilen üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.

Şeýlelikde, «Aragatnaşyk hakynda» (2019-njy ýylda rejelenen görnüşi), «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet — hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» we beýleki Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň tassyklanandygyny bellemek gerek.

Bu Karara gol çekip, döwlet Baştutanymyz sanly ykdysadyýete geçilmeginiň maýa goýum işjeňliginiň, döwlet dolandyryş ulgamyna öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň, täze iş orunlarynyň döredilmeginiň ösüşini üpjün etjekdigini belledi. Konsepsiýa ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik edaralarynyň işiniň netijeliligini maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Konsepsiýanyň ýedi baby Türkmenistanyň maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalar ulgamynyň häzirki zaman ýagdaýyny, olaryň ösüşiniň maksatlaryny, wezipelerini, ýoluny we gurallaryny, şeýle hem garaşylýan netijeleri beýan edýär.

Konsepsiýada ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimlikleriniň, eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan, edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň, şeýle hem hususy kärhanalaryň sanly ykdysadyýete geçiş tapgyrlary kesgitlendi.

Bu resminama kabul edilmezden ozal Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça degişli düzümi we şertleri döretmek ugrunda zerur işler ýerine ýetirildi. Şeýlelikde, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, 2010-njy ýylda döwletiň hökümet aragatnaşygyna sanly ulgam ornaşdyryldy. Wideoaragatnaşyk we elektron resminama dolanyşygy ýola goýuldy.

Hökümet agzalarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň, etraplaryň häkimleriniň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda onlaýn tertibinde wideomaslahatlary geçirmäge mümkinçilik berýän ulgam ornaşdyryldy.

Ýurdumyzda transmilli optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň bolmagy internet akymlarynyň üstaşyr geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Häzirki döwürde Türkmenistanda maglumatlary geçirmek boýunça 5 döwletara optiki-süýümli ulgam ornaşdyryldy.

Ilatyň isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzda 50 Gbit/sek. ýokary tizlikli internet akymy hereket edýär. 2019-njy ýylda Türkmenistan boýunça elektron hyzmatlaryna 4 milliondan gowrak sargyt gelip gowuşdy.

Şeýlelikde, ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek üçin zerur bolan düzüm döredildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Pudagara topary döretmek hakynda» Karara gol çekmegi bu ulgamda möhüm ädimleriň biri boldy, onuň baş maksady bu ugurda möhüm wezipeleri çözmekden ybaratdyr. Toparyň düzümi we onuň Düzgünnamasy tassyklandy. «Türkmenaragatnaşyk» agentligi ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edara hökmünde kesgitlendi.

Şu ýylyň başynda döredilen toparyň birinji mejlisi geçirildi. Şonda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça ilkinji nobatda ýerine ýetirilmeli işler we jogapkärler kesgitlendi. Mundan başga-da, ýokarda agzalan Konsepsiýany ýerine ýetirmek boýunça maksatnamanyň we meýilnamanyň taslamalary taýýarlanyldy. Şolary bu toparyň indiki mejlisinde tassyklamak göz öňünde tutulýar. «Türkmenaragatnaşyk» agentligi şertnamalaýyn esasda kiberhowpsuzlygy üpjün etmek arkaly döredilýän milli atlary bolan internet web-saýtlaryny bellige alar.

Häkimlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň önümçilik işini awtomatlaşdyrmak, hasaba almak we hasabyny ýöretmek boýunça ýerine ýetirilýän işleri ýeňilleşdirmek, şeýle hem raýatlar üçin amatlyklary döretmek we elektron hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň e.gov.tm bir bitewi döwlet saýty döredildi.

Bu portal raýatlar we işewürler üçin elektron görnüşinde «bir penjire» döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamyny özünde jemleýär. Bu usul hyzmatlara isleg bildirýänlerden resminamalary merkezleşdirilen görnüşde kabul etmäge mümkinçilik berýär hem-de şolary taýýarlamagyň möhletlerine hem-de hyzmatlaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi üpjün edýär.

Häzirki döwürde döwlet edaralarynyň hem-de kärhanalarynyň bir ýere jemlenen saýtlary her ministrligiň we pudaklaýyn edaralarynyň sanly ykdysadyýete geçmegiň derejesini anyk görkezýär. Aragatnaşyk hyzmatlary (öýjükli, telefon, IP-TV, internet) awtomobil we demir ýol ulaglary, jemagat hyzmatlary, birnäçe bank işleri boýunça tölegleri onlaýn arkaly amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Döredilen portalyň ähli gurallaryny doly herekete girizmek üçin saýtyň görkezilen bölümindäki hyzmatlary ýerine ýetirýänleriň işjeňligi zerur bolup durýar.

Ministrler Kabinetiniň fewral aýynyň başynda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda we welaýatlarda IT-merkezlerini döretmek üçin ABŞ-nyň 10 million dollary möçberindäki serişdäniň bölünip berilýändigini habar berdi. Sanly ykdysadyýete geçmegiň maksatnamasyny ýerine ýetirmek üçin hünärmenleri taýýarlamak üçin döwlet Baştutanymyz tarapyndan yzygiderli üns we goldaw berilýär.

Häzirki döwürde «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan Aşgabatdaky Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň binýadynda «Sanly çözgüt — IT-meýdança» hojalyk jemgyýeti döredildi.

Şu ýylyň 27-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny we internet web-saýtlary döretmek we işe girizmek hakynda» Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimliklerine, guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan, edaralara, kärhanalara we guramalara hem-de bilimi bolmadyk, telekeçilik işi bilen meşgullanýan ýuridik şahslara, hususy telekeçilere elektron resminama dolanyşygy ulgamyny, web-saýtlary bellenen tertipde döretmegi, şeýle hem olaryň işe girizilmegini we yzygiderli döwrebaplaşdyrylyp durulmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow işlere mart aýynda başlap, elektron resminama dolanyşygy ulgamyny hem-de web-saýtlary 2021-nji ýylyň ýanwar aýyna çenli herekete girizmegi tabşyrdy.

Olaryň ýerine ýetirýän hyzmatlary we öndürýän önümleri baradaky maglumatlar web-saýtlarda ýerleşdiriler hem-de yzygiderli täzelenip durlar. Saýtyň ýygy-ýygydan täzelenip durulmagy bolsa onuň hil taýdan ösüşiniň kepilidir, sebäbi ol peýdalanyjylar üçin bähbitli maglumatlaryň yzygiderli akymynyň döredilmeginiň hasabyna elektron neşiriň meşhurlygyny üpjün edýär.

Web-saýtlary döretmek we elektron resminama dolanyşygyny girizmek boýunça işleri ýerine ýetirmäge zerur bolan halatynda ýurdumyzyň edaralary, bu ugurda iş alyp barmaga hukugy bolan telekeçiler çekilip bilner. Amala aşyrylýan çäreler IT-hünärmenleriniň hem-de maksatnama üpjünçiligini işläp taýýarlaýjylaryň milli mekdebiniň döredilmegine we şolara goldaw berilmegine gönükdirilendir.

Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 12 ýyllygy mynasybetli guralan sergä sanly tehnologiýalary işläp taýýarlamak hem-de şolary ornaşdyrmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen meşgullanýan IT-kompaniýalarynyň gatnaşmagy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipeleriniň ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginiň gatnaşmagy netijesinde işjeň çözülýändigini görkezendigini bellemek gerek.

Olaryň hatarynda «Sanly çözgüt — IT-meýdança», «Asman oky», «Berk ojak», «Türkmentehnogurluşyk», «Belgi», «Kuwwat merkezi» we başga-da birnäçe kompaniýalar bar. Olar Türkmenistanyň IT-hyzmatlary bazarynda birnäçe ýyl bäri işleýärler we oňyn tejribe topladylar.

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi «Elektron hökümet» ulgamyny peýdalanyjylaryň identifikasiýasynyň ýeke-täk maglumatlar ulgamy hakynda Düzgünnamanyň», «Elektron hökümet» ulgamynyň fiziki we ýuridiki şahslaryň maglumatlar binýadyny (ID) emele getirmegiň we ýöretmegiň tertibi hakynda Düzgünnamanyň», «Pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynyň Düzgünnamasynyň» taslamalaryny taýýarlamak boýunça degişli işleri alyp barýar.

Şeýle hem Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde IT-meýdançalary döretmek göz öňünde tutulýar, olar häzirki zaman serwer we beýleki enjamlar bilen üpjün ediler.

Täzeçil işläp taýýarlamalar we programma üpjünçiligi bilen meşgullanýan fiziki hem-de ýuridik şahslary ýüze çykarmak, olary höweslendirmek maksady bilen, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, şeýle hem startaplary (Startup) ösdürmek üçin agentlik tarapyndan «Sanly çözgüt — 2020» innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan edildi.

Oňa ýurdumyzyň ähli fiziki we ýuridik şahslary programma üpjünçiligi hem-de täzeçil işläp taýýarlamalary bilen gatnaşyp bilerler. Bäsleşige gatnaşmak üçin sargytlar 2020-nji ýylyň 1-nji oktýabryna çenli kabul edilýär. Onuň jemleri «Türkmentel — 2020» halkara sergisiniň geçirilýän günlerinde jemlener.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimliklerinde Telekommunikasiýalar we informatika institutynda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary we aragatnaşyk ulgamlary hünäri boýunça ýokary bilimi barada 2020-nji ýylda diplom alýan talyplary işe ýollamak boýunça degişli işler geçirilýär.

Ähli derejedäki ýolbaşçylara sanly ulgamy öwretmek, ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň taýýarlygyny işjeňleşdirmek, pudaklarda elektron hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak, şolaryň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan kompýuter, ulgamlaýyn tehnologiýa we kiberhowpsuzlygy boýunça gysga möhletleýin ýörite okuwlaryň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy.

Taýýarlanylan maksatnama laýyklykda, kompýuter, ulgamlaýyn tehnologiýa we kiberhowpsuzlygy boýunça gysga möhletleýin ýörite okuwlary agentligiň we degişli edaralaryň hünärmenleriniň gatnaşmagynda bilelikde geçirmek meýilleşdirildi.

Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň neşirlerini elektron görnüşe geçirmek boýunça tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, bu işi guramagyň degişli tertibi taýýarlanyldy. Resminamada öňde durýan wezipeleri çözmek üçin anyk çäreler we elektron görnüşdäki gazetleriň hem-de žurnallaryň düşewüntliligi hakyndaky maglumatlar kesgitlendi.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň neşirleriniň saýtlarynyň döredilmeginiň syýasy we ykdysady ähmiýeti bardyr. Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň giň internet giňişligini eýelemegi ýurdumyz hakynda nädogry maglumatlara garşy has netijeli göreşmäge mümkinçilik berer. Şeýle hem saýt diňe bir ýazuw maglumatlaryny däl, eýsem, ses ýazgylaryny, anyk wagt esasynda wideorolikleri we beýleki maglumatlary bermäge mümkinçilik berer.

Gazetleriň we žurnallaryň sanly görnüşe geçirilmegi neşirýatyň maliýe çykdajylaryny azaldar. Kagyz, reňk tygşytlamaga, boş duran neşir enjamlaryny ýörite sargytlar boýunça girdejili esasda işletmäge mümkinçilik berýär.

Köpçülikleýin habar beriş serişdelerini sanlylaşdyrmagyň içerki maglumat bazarynda bäsdeşligi artdyrar we olaryň dünýä media bazaryna çykmagyna şert döreder.

Maglumat bazaryny umumylaşdyrmak düzgüni internet giňişligine çykarylýan maglumatlaryň Google, Yandeх, Yahoo, Baidu ýaly dünýäniň esasy internet saýtlaryna utgaşmagyny şertlendirer. Şeýlelikde, Diýarymyzyň metbugat neşirleri (gazetler we žurnallar) daşary döwletlerde ýurdumyz barada ýaýradylýan maglumatlardan ilki habarly bolmaklary üçin tiz ýagdaýda öz saýtlaryny döretmekleri maksada laýykdyr.

Bar bolan metbugat neşirleri hiç hili çykdajysyz we kynçylyksyz neşiriň saýtlaryna taýýar kontenti çykaryp bilerler. Redaksiýalaryň öz saýtlaryny döretmekleri üçin hukuk esasynyň döredilendigini bellemeli. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň elektron resminama dolanyşygy ulgamyny we web-saýtlary döretmegi üpjün etmek hakyndaky Karary hut şu meseläniň çözgüdine gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda neşir edilýän ähli gazetleri we žurnallary bitewi internet-saýtda we ykjam aragatnaşykda bermek, her bir neşir üçin aýratyn elektron ugry üpjün etmek, müşderiler üçin onlaýn-abunasynyň mümkinçiliklerini döretmek maksady bilen, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginde dünýä tejribesi öwrenilýär we bu ugur boýunça sanlylaşdyrmagyň taslamasy taýýarlanylýar.

Şeýlelikde, Türkmenistan sanly ykdysadyýete geçmek meselesine taýýarlykly geldi. Kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegi, zerur düzümiň, IT-kompaniýalaryny ösdürmek üçin amatly şertleriň döredilmegi, işgärler bilen üpjünçilik we başga-da köp sanly şertler milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň sanly ykdysadyýetini ösdürmegiň Konsepsiýasynda anyk beýan edilen maksatlaryň ýerine ýetirilmegini tizleşdirer.