Ï Künji ýygymyna girişildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Künji ýygymyna girişildi

view-icon 1728
Türkmenistanyň demirgazygynda künji ýetişdi. Ony ýygmaga oba senagat ulgamynda netijeli iş alyp barýan ýerli tekeleçilik bileleşiginiň wekilleri işjeň gatnaşýarlar. Mysal üçin, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Nurgeldi Gurbanbaýew şu ýyl Ruhubelent etrabynyň «Altyn Zaman» daýhan birleşiginde dört tonna künji ýetişdirdi.

Ol bu ugurda iki ýyl bäri işläp gelýär. Şu yl telekeçi özüne döwlet tarapyndan uzak möhletleýin ulanylmaga berlen 15 gektar meýdanyň 10 gektaryna künji ekdi. Onuň aýtmagyna görä, toplan tejribesi geljekde oňa bu gymmatly ýag alynýan ekiniň hasyllylygyny has-da ardyrmaga ýardam eder.

Daşoguzly telekeçiler Ruhubelent we S. Türkmenbaşy etraplarynyň tarp ýerlerinde bol hasyl ýetişdirdiler.

Ýurduň demirgazygynda künji şu ýyldan köp möçberde ekilip başlanan bolsa-da, ony ýetişdirmegiň däpleriniň gözbaşy asyrlaryň jümmüşinden gaýdýar. Käbir hojalyklarda henizem elde ýasalan juwazlar bar, olarda datly tagamly we peýdaly ýag alynýar.

Iň gadymy ýag alynýan ekinleriň biri bolan künjiniň antioksidantlara, aminokislotalara, beloklara hem-de A,B,С we E witaminlere baýdygyny, onuň çigidinde köp mukdarda kalsiý, kaliý, magniý, demir, fosfor, fitin, riboflawin we tiamin bardygyny bellemek gerek. Peýdaly ýagdan başga-da, ol datly tagamlar taýýarlamakda ulanylýar, gowrulan künjiden halwa we kozinaki taýýarlanylýar.