Ï Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

view-icon 513
Şu gün ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda “Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasyny” durmuşa geçirmek boýunça ýolbaşçy komitetiň birinji mejlisi geçirildi.

Mejlise ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýolbaşçylary hem-de işgärleri, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 30-dan gowragynyň wekilleri, şeýle-de BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Aşgabatdaky düzüm bölekleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Mejlisde Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bellenildi hem-de diňe umumy tagallalar arkaly durnukly ösüşi üpjün etmekde häzirki döwriň talaplaryna we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň bähbitlerine kybap gelýän oňat netijelere ýetmegiň mümkindigine ynam bildirildi. Şunuň bilen baglylykda, orta we uzak möhletleýin meýilnamalaryň hem-de maksatnamalaryň binýadynda bilelikdäki ulgamlaýyn işiň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Şu ýylyň mart aýynda gol çekilen Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň täze Çarçuwaly maksatnamasy şolaryň biridir.

Habar berlişi ýaly, häzirki hereket edýän bilen deňeşdirilende, täze bäşýyllyk maksatnama BMG-niň agentlikleriniň has köpsanlysynyň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Munuň özi Türkmenistanyň BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygynyň çäkleriniň giňelýändiginiň hem-de öňdebaryjy tejribäni we abraýly halkara hyzmatdaşlarynyň maslahatlaryny peýdalanmak arkaly, umumy wezipeleriň çözgüdine köptaraplaýyn çemeleşilmegini guramagyň nobatdaky subutnamasydyr.

Maslahatda BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ý.Panowa çykyş edip, öz nobatynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa BMG we onuň esasy düzümleri bilen strategik hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmek meselelerine hemişe üns berýändigi hem-de bilelikdäki maksatnamalaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň ýardam edýändigi üçin aýratyn hoşallyk bildirdi.

Mejlisiň çäklerinde taraplar hyzmatdaşlygyň hereket edýän Çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmekde gazanylan üstünliklere garadylar, ÝUNISEF-iň, BSGG-niň, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň we BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilleriniň taýýarlan bilelikdäki işleriniň netijelerine bagyşlanan tanyşdyryş çykyşlary onuň netijeliligini aýdyň görkezdi.

Soňra geljekki bäşýyllyk döwür üçin Çarçuwaly maksatnama babatynda gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy, şunda ony durmuşa geçirmegiň «ýol kartasynyň» işlenip düzülmegine aýratyn üns çekildi. Ýygnananlar bu Maksatnamany dolandyrmagyň we durmuşa geçirmegiň gurallary, maliýeleşdirmegiň strategiýasy hem-de geçirilýän işlere seljerme we baha bermegiň meýilnamasy bilen tanyşdyryldy.

Mejlise gatnaşyjylar 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda BMG-niň Ýurt boýunça toparynyň serişdeleri jemlemekde bilelikdäki strategiýalaryna hem-de Çarçuwaly maksatnamany maliýeleşdirmekde hödürnamalara we tekliplere hem-de 2030-njy ýyl üçin milli derejede durnukly ösüşiň Gün tertibini durmuşa geçirmek üçin serişdeleri çekmek meselelerine garamak barada ylalaşdylar.

Duşuşygyň jemleri boýunça ýolbaşçy komitetiň birinji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi, onda Durnukly ösüş maksatlaryna çalt ýetmäge ýardam berýän hyzmatdaşlygyň bu Maksatnamany iş ýüzünde amala aşyrmak bilen bagly çäreler beýan edilýär.
***

Şu gün Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda syýasy geňeşmeler wideomaslahat görnüşinde dowam etdirildi.

Hususan-da, maslahata gatnaşyjylar ynsanperwerlik temasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen adam hukuklary meseleleri boýunça işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar hem-de bu ugurdaky açyk gepleşikleri goldaýar.

Türkmenistanyň wekiliýeti ýurduň milli we medeni aýratynlyklaryny nazara almak bilen, adam hukuklaryny we azatlyklaryny gorap saklamak ugrundaky döwletde alnyp barylýan çäreler barada jikme-jik aýdyp geçdi. Halkara zähmet guramasy bilen hyzmatdaşlykda we halkara zähmet kadalaryna laýyklykda zähmet ulgamynda hukuklaryň berjaý edilmegine aýratyn üns çekildi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň din azatlygyny we beýleki adam hukuklaryny üpjün etmekdäki amaly tejribeleri barada nygtaldy. Ýurtda geçirilýän durmuş-ykdysady we hukuk özgertmelerine mysallar getirildi. Adam hukuklary we halkara ynsanperwerlik hukugy ugrundaky Türkmenistanyň halkara borçlarynyň ýerine ýetirilişini üpjün etmek boýunça Pudagara toparyň ähmiýeti bellenilip geçildi.

Mundan başga-da, Türkmenistan häzirki döwrüň wehimlerine hem-de howplaryna, şol sanda, adam söwdasyna garşy göreşmek işindäki halkara we sebit düzümleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygy alyp barýar.

Syýasy geňeşmeleriň dowamynda bilim we medeni gatnaşyklar hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar medeni hyzmatdaşlygy, şol sanda medeni-taryhy mirasyň desgalarynyň goranyp saklanmagy we rejeli ulanylmagy bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşdylar.

***

Şu gün onlaýn görnüşinde “Türkmenistan – ABŞ” işewürlik geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyga Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýokary derejeli wekili Jonatan Henik, Geňeşiň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart hem-de «John Deere», «Case New Holland», «Westport Trading Ltd.», «Caterpillar», «Oxbow», «S2Global», «Visa», «Boeing» we bevleki amerikan kompaniýalarynyň ýolbaşçylary – geňeşiň agzalary gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmagyň zerurlygy barada aýdylyp, maýa goýum, tehnologiýa we maliýe ugurlarynyň onda ýörite orun eýeleýändigi nygtaldy.

Biziň ýurdumyzyň Birleşen Ştatlar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan ygrarlylygy beýan edildi, köp ýylyň dowamynda amerikan kompaniýalarynyň türkmen ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna goşan oňyn goşandy barada bellenlip geçildi.

«Türkmenistan – ABŞ» işewürlik geňeşiniň iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklarynyň ilerledilmegindäki ähmiýeti nygtaldy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda 2008-nji ýylda döredilen bu Işewürlik geňeşi Türkmenistanyň we ABŞ-nyň telekeçilik düzümleriniň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagy we giňeldilmegi ugrunda netijeli gurala öwrüldi.

Geňeşiň mejlisleri her ýyl Aşgabat şäherinde ýa-da ABŞ-nyň şäherleriniň birinde geçirilýär. Işewürlik geňeşi birnäçe gezek iri işewürlik maslahatlaryň we sergileriň gurnaýjysy bolup çykyş etdi. Olaryň dowamynda belli amerikan öndürijileriniň önümleri, şol sanda amerikan kompaniýalarynyň türkmen kärdeşleri bilen hyzmatdaşlyk boýunça meýilnamalary görkezildi. Ilkinji ýyllarda bu maslahatlara 60-a golaý amerikan kompaniýalary gatnaşypdy. Soňky tapgyrlarda bolsa bu çärelere 100-den gowrak amerikan telekeçilik düzümleri gatnaşdy.

Şu günki mejlisiň çäklerinde amerikan kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, oba hojalyk we bank ulgamynyň ýolbaşçylary bilen aýratyn onlaýn duşuşyklary hem geçirildi.

***

Şu gün Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekiliýeti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) agza döwletleriniň milli ösüş gaznasynyň ýolbaşçylarynyň onlaýn görnüşinde geçirilen birinji maslahatyna gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, abraýly sebit hem-de halkara guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmek ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugrunyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan uly mümkinçiliklere eýe bolan YHG-niň çäklerinde däp bolan köpýyllyk hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge çalyşýar.

YHG-niň Baş sekretarynyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşygyň gün tertibine özara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň meseleleri, şol sanda YHG-niň çäklerinde tehniki hyzmatdaşlygy, maglumatlary alyşmagy, amatly maýa goýum ýagdaýyny goldamagy hem-de ykdysady ösüşi güýçlendirmegi goldamak maksady bilen, milli abadançylygyň we ösüşiň gaznalar ulgamyny (MÖGU) döretmegiň geljegine degişli meseleler girizildi.

Türkmenistan YHG-niň döwletleri bilen şu guramanyň, şonuň ýaly-da beýleki halkara giňişliklerinde ileri tutulýan ykdysady meseleler boýunça hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär. Sebitiň ýurtlarynyň durnukly ösüşi, goşulyşmak işleriniň işjeňleşmegi, möhüm düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegi özara gatnaşyklaryň täze amatly görnüşlerini hem-de gurallaryny gözläp tapmagy talap edýär. Umaman alanyňda, MÖGU-nyň ulgamyny döretmegiň mümkinçiliklerini hem-de soňra gaznanyň serişdelerini häzirki zaman ýagdaýlaryny, milli hem-de umumy bähbitleri nazara almak bilen ulanmak meselesi has oýlanyşykly çemeleşmegi talap edýär.

Sebit hyzmatdaşlygynyň beýleki wajyp meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşylan maslahatyň jemleri degişli resminamada öz beýanyny tapdy.

***

Daşary işler ministrliginde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) Aşgabatdaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Fatih Tükmenoglu bilen geçirilen onlaýn duşuşykda köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyga ýurdumyzyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň, Merkezi bankynyň hem-de Daşary ykdysady bankynyň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar.

Bellenilişi ýaly, Ýewropanyň maliýe toparlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan milli maliýe-bank ulgamyny berkitmek we kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän düýpli çärelere ýokary baha berilýär. Bu çäreler Türkmenistana tutuş dünýä ykdysadyýeti üçin ýönekeý bolmadyk wagtda ykdysady durnuklylygy saklamaga hem-de giň möçberli döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär.

Türkmen tarapynyň wekilleri özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanda ÝTÖB-niň Iş meýilnamasyny ýa-da “ýol kartasyny” işläp düzmek baradaky teklibi aýtdylar. Onda hyzmatdaşlygyň ugurlary hem-de garaşylýan netijeler belleniler.

Öz gezeginde Ýewropa täzeleniş we ösüş bankynyň wekilhanasynyň ýolbaşçysy F.Türkmenoglu Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete degişli däl böleginiň wekilleri bilen hyzmatdaşlyga hem kanagatlanma bildirdi, şonuň netijesinde TSTB-niň kiçi we orta telekeçiligiň taslamalarynyň birnäçesi maliýeleşdirildi. Şunuň bilen birlikde, ol ÝTÖB-niň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen işlemegi dowam edip, maliýe hem-de maslahat beriş hyzmatlary arkaly telekeçiligiň ösmegine ýardam etjekdigini nygtady.

Ýurdumyzyň telekeçileri daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň – gurluşyk materiallarynyň, metal gurnamalarynyň, durmuş himiýasy önümleriniň, elektrik enjamlarynyň, mebelleriň, keramiki hem-de plastmas önümleriniň we beýlekileriň ornuny tutýan önümçiligi döretmäge işjeň gatnaşýarlar.

Şonuň ýaly-da kiçi we orta telekeçiligiň uly mümkinçilikleri ekologiýa taýdan arassa oba hojalyk önümleriniň, ýerli serişdeleriň esasynda öndürilýän köp sarp edilýän harytlaryň eksportyny artdyrmaga gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar ynanyşmak hem-de özara bähbitli ýörelgeler esasynda guralýan hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny işläp düzmäge taýýardyklaryny tassykladylar.