Ï Ýyllaryň synagyndan geçen
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýyllaryň synagyndan geçen

view-icon 2979
Ýyllaryň synagyndan geçen

Marynyň «Ýeňiş» tikinçilik fabriginiň işgärleri öz işledýän enjamlarynyň ygtybarlydygyny, ýokary öndürijiliklidigini, hyzmatynyň ýeňildigini aýdýarlar. Muňa Ýaponiýanyň «Juki» firmasy bilen kyrk ýyllyk hyzmatdaşlyk esas berýär, erkek adamlaryň köýnegini çykarmak boýunça ýurdumyzda iň iri kärhananyň tikinçilik sehi bu firmanyň enjamlary bilen üpjün edilendir.

Noýabr aýynyň ahyrynda firma  täze maşynlaryň ýene 70-sini ugratdy, olar fabrigiň enjamlarynyň dörtden bir bölegini täzeledi.

Şol enjamlar hem ozal ulanylýan maşynlar ýaly çylşyrymly tilsimleri we birnäçe işi ýerine ýetirýärler.

«Ýeňiş» fabriginiň önümleri ýokary hili bilen tapawutlanýar. Mekdep okuwçylary üçin çaga köýneklerinden başlap ululara niýetlenen dürli görnüşli we ölçegdäki köýnekler iň talapkär alyjynyň hem islegine laýyk gelýär.

Fabrige matalaryň 25 görnüşini iberýän Aşgabadyň «Ruhabat» dokma kombinaty bilen hyzmatdaşlyk erkek köýnekleriniň 140 we çaga köýnekleriniňme 50-ä golaý  görnüşini çykarmaga mümkinçilik berýär.

Fabrigiň dürli şaherlerdäki, şol sanda  Aşgabatdaky firma dükanlarynyň altysy kärhananyň önümlerini ýurdumyzyň ilatyna elýeterli edýär.


Wladimir  FROLOW