Häzirki wagtda şu ýylyň 13-nji – 17-nji oktýabry aralagynda Aşgabatda geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatyna toplumlaýyn taýýarlyk görülýär, ýaryşy guramak Welosiped sport federasiýasy hem-de Halkara welosipedçiler birleşigi (UCI) bilen bilelikde Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň üstüne ýüklenildi.
Baharda ýurdumyza türkmen türgenlerini, tälimçilerini we eminlerini okatmak, şeýle hem ýörüte tehniki işläp taýýrlamalar arkaly welosipedçileri gözden geçirmek üçin Halkara welosipedçiler birleşiginiň (UCI) we onuň düzüminiň – Bütindünýä welosport merkeziniň (WCC) hünärmenleriniň gelmegine garaşylýar.
Üýtgeşik tehnilkalaryň biri-de – diňe bir türgenleşikler üçin däl, eýsem türgeniň fiziki taýýarlygynyň derejesini kesgitlemäge niýetlenen «WATTBIKE» welotrenažýorydyr. Täze nusgadaky bu özboluşly enjam magnit garşylykly aerodinamiki tehnikadyr. Ol adama dakylýan elektron görkezijiler arkaly türgeniň welosiped sürüp barýarka fiziki ýagdaýyny takyk kesgitlemäge mümkinçilik berýär, ýagny türkmen türgenleri trek welosiped ýaryşlaryna gatnaşmaga hukuk gazanmak üçin elektron enjamda özboluşly synagdan geçmeli bolarlar.
Welotrenažýordan başga-da, UCI we WCC guramalarynyň hünärmenleri bioimpedans analizatoryň kömegi bilen milli ýygyndynyň agzalarynyň fiziki taýýarlygynyň derejesini kesgitlärler. Bu usul bedeniň dokumalarynyň bioelektrik garşylygyny ölçemäge esaslanýar. Şunda beden gurluşynyň düzümine integral baha berilýär, ýagny analizator türgeniň agramynyň kada laýyklygyny görkezer, bu bolsa keseliň möwjemek töwekgelçiligini azaltmaga, türgeniň horlanmagynyň ýa-da myşşasyny güýçlendirmeginiň amatly usulyny hem-de bedene düşýän agramyň derejesini kesgitlemäge mümkinçilik berer. Barlag on günlük türgenleşikleriň dowamynda amala aşyrylar.
Şu günler welosipedçilerimiz Aşgabadyň golaýyndaky Gökderedäki sagaldyş merkezleriniň birinde okuw-türgenleşik ýygnanşygyny geçýärler. Şeýle hem tejribeli halypa, Türkmenistanyň birnäçe gezek çempiony, sport ussatlygyna daşalgär Nargeldi Igdirowyň ýolbaşçylgynda türgenleşik geçýän türgenler paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň ýapyk welotreginde geljekki çempionata güýçli taýýarlanýarlar.
Bütindünýä welosport merkeziniň (WCC) hünärmenleri türkmenistanlylar üçin dünýä welotrek birinjiligine taýýarlygyk we erkekler hem-de zenanlar milli ýygyndy toparlaryna mynasyp zehinli türgenleri ýüze çykarmak boýunça ýörüte maksatnama taýýarladylar.
WCC bilen hyzmatdaşlyk diňe bir türkmen welosipedçilerini Dünýä çempionatyna däl, eýsem 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryşlara hem taýýarlyga gönükdirilendir.
Tälimçileriň we eminleriň, şeýle hem welomehanikleriň hünär başarnygyny ýokarlandyrmak üçin Aşgabada WCC we UCI guramalarynyň hünärmenleri yzygiderli çagyrylar. Mundan başga-da, halypalarymyz we eminler toparynyň wekilleri tejribe alyşmak üçin göçme okuwlara we maslahatlara gatnaşyp bilerler.
Türkmenistanyň Welosiped sporty milli tehniki merkeziniň direktorynyň orunbasary Witaliý Zasepiniň aýtmagyna görä, ýakyn wagtda iň täze nusgadaky sport welosipedleri we olaryň ätiýaçlyk şaýlary alnar.
Türkmen türgenleriniň sport eşikleriniň eskizi tassyklanyldy, Dünýä çempionatynyň logotipiniň deslapky nusgasy taýýarlanyldy, şeýle hem talyp ýaşlardan meýletinler taýýarlanyp başlandy.
Dmitriý GORŞKOW
Surata düşüren: Ýuriý ŞKURIN