Ï TÜRKMENISTANYŇ KANUNY «Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Kanuny «Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

view-icon 10384

I. 2012-nji ýylyň 31-nji martynda kabul edilen «Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 1, 38-nji madda; 2013 ý., № 4, 91-nji madda; 2014 ý., № 3, 113-nji madda; 2015 ý., № 3, 114-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji we 170-nji maddalar; 2018 ý., № 2, 43-nji madda, № 4, 109-njy madda; 2020 ý., № 3, 47-nji madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:

1) 6-njy maddanyň birinji böleginiň 5-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:

«5) özbaşdak iş bilen meşgullanýan, girdejisi bolan şahslar, şol sanda Türkmenistanyň çäklerinden daşarda ýerleşýän çeşmelerden we Türkmenistanyň dahylsyzlaryndan girdeji alýan fiziki şahslar.»;

2) 7-nji maddada:

ikinji bölegiň 5-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:

«5) özbaşdak iş bilen meşgullanýan, girdejisi bolan şahslar, şol sanda Türkmenistanyň çäklerinden daşarda ýerleşýän çeşmelerden we Türkmenistanyň dahylsyzlaryndan girdeji alýan fiziki şahslar;»;

bäşinji bölekden soň şu mazmunly bölegi goşmaly:

«51. Maýyplygy bolan adamlaryň jemgyýetçilik guramalarynda, olaryň kärhanalarynda we edaralarynda işleýän şahslar maýyplyk boýunça pensiýa ýa-da döwlet kömek puly alýan bolsalar, olar hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşmagyny bes edýärler.»;

3) 21-nji maddanyň üçünji bölegini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli;

4) 23-nji maddada:

dördünji bölekde:

«pensiýa gatançlaryny Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasyna beýannamany bermek bilen bir wagtyň özünde» diýen sözleri «, muňa kärendeçiler degişli däldir, pensiýa gatançlaryny hasaplaşyk döwrüniň soňundan gelýän ikinji aýyň 15-inden gijä galman» diýen sözlere çalşyrmaly;

şu mazmunly tesimi goşmaly:

«Şu bölegiň birinji tesiminde görkezilen ätiýaçlandyrýanlar üçin her ýylyň 1-nji ýanwaryndan 30-njy iýuny we 1-nji iýulyndan 31-nji dekabry aralykdaky döwür hasaplaşyk döwri bolup durýar.»;

dördünji bölekden soň şu mazmunly bölegi goşmaly:

«41. Şu Kanunyň 6-njy maddasynyň birinji böleginiň 4-nji bendinde görkezilen ätiýaçlandyrýanlaryň - kärendeçileriň pensiýa gatançlary daýhan birleşikler tarapyndan Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasyna beýannamany bermek bilen, bir wagtda tölenilýär.»;

5) 27-nji maddada:

adynda «pensiýa gatançlaryny tölemek» diýen sözleri «pensiýa gatançlary, maliýe jerimeleri we puşmana tölegleri boýunça bergileriň tölenilmegi» diýen sözlere çalşyrmaly;

birinji bölekde:

birinji tesimde «pensiýa gatançlaryny, şeýle hem fiziki şahsyň şeýle diýlip ykrar edilen gününe maliýe jerimelerini we puşmana töleglerini» we «ýok bolan» diýen sözleri degişlilikde «- onuň işgärleri üçin pensiýa gatançlaryny» we «giden» diýen sözlere çalşyrmaly;

ikinji tesimde «Pensiýa gatanjynyň tölenmedik pul möçberi, şeýle hem görkezilen maliýe jerimeleri we puşmana tölegleri,» we «bellenen gününden başlap» diýen sözleri degişlilikde «Şu bölegiň birinji tesiminde görkezilen pensiýa gatançlarynyň tölenilmedik pul möçberi» we «ygtyýarlyk möhletiniň başlan gününden» diýen sözlere çalşyrmaly;

üçünji tesimde «, maliýe jerimeleriniň we puşmana tölegleriniň tölenilmedik möçberleriniň» diýen sözleri aýyrmaly;

ikinji bölekde «pensiýa gatançlary boýunça bergilerini, maliýe jerimelerini we puşmana töleglerini» diýen sözleri «- işgärleri üçin pensiýa gatançlary boýunça bergilerini» diýen sözlere çalşyrmaly we «, tölenilmeli maliýe jerimeleriniň we puşmana tölegleriniň» diýen sözleri aýyrmaly;

ikinji bölekden soň şu mazmunly bölegi goşmaly:

«21. Kazyýet tarapyndan nam-nyşansyz giden ýa-da kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen fiziki şahsyň-özi üçin pensiýa gatançlary, maliýe jerimeleri we puşmana tölegleri, şeýle hem onuň işgärleri üçin maliýe jerimeleri we puşmana tölegleri kazyýetiň fiziki şahsy nam-nyşansyz giden ýa-da kämillik ukyby ýok diýlip ykrar etmek hakynda kanuny güýjüne giren çözgüdi esasynda üzüljegine umyt bolmadyk bergi diýlip ykrar edilýär.»;

6) 32-nji maddada:

birinji bölekde, ikinji bölegiň ikinji tesiminde we 3-nji bendinde «pensiýa gatançlaryny» diýen sözleri «pensiýa gatançlary, maliýe jerimeleri we puşmana tölegleri boýunça bergileri» diýen sözlere çalşyrmaly;

dördünji bölekde «pensiýa gatançlary» diýen sözlerden soň «, maliýe jerimeleri we puşmana tölegleri» diýen sözleri goşmaly;

7) 33-nji maddada «pensiýa gatançlaryny» diýen sözleri «pensiýa gatançlary, maliýe jerimeleri we puşmana tölegleri boýunça bergileri» diýen sözlere çalşyrmaly.

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär, muňa şu Kanunyň I böleginiň 3-nji bendi degişli däldir.

III. Şu Kanunyň I böleginiň 2-nji bendiniň bäşinji tesiminiň düzgüni, eger-de onda göz öňünde tutulan şahslar üçin ätiýaçlandyrýanlar tarapyndan pensiýa gatançlary tölenilmedik we atly hasaplaryna ýazgy edilmedik bolsa, onda şu Kanunyň herekete girizilmezinden öňki döwürler üçin hem ulanylýar.

IV. Şu Kanunyň I böleginiň 3-nji bendiniň kadasy 2020-nji ýylyň 22-nji awgustynda kabul edilen «Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 3, 47-nji madda) II böleginiň ikinji tesiminde görkezilen döwürden başlap ulanylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri. 2021-nji ýylyň 13-nji marty.