Ï Türkmenistanyň Kanuny «Medeniýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Kanuny «Medeniýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda

view-icon 12104

I. 2010-njy ýylyň 12-nji martynda kabul edilen «Medeniýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., №1, 16-njy madda; 2017 ý., №3, 113-nji madda; 2019 ý., № 4, 74-nji madda) şu goşmaçalary we üýtgetmeleri girizmeli:

1) 15-nji madda şu mazmunly bölegi goşmaly:

«5. Türkmenistanda toý we beýleki dabaralarda medeni hyzmatlaryň amala aşyrylmagy döwlet tarapyndan düzgünleşdirilýär.»;

2) 20-nji maddada:

mazmunyny «1.» san bilen belgilemeli we birinji bölek diýip hasap etmeli;

birinji bölegiň 1-nji bendinde «Mejlisiniň» diýen sözi «Milli Geňeşiniň palatalarynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;

şu mazmunly bölegi goşmaly:

«2. Türkmenistanda toý we beýleki dabaralarda medeni hyzmatlaryň amala aşyrylmagyny döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda Düzgünnama Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.»;

3) 21-nji maddada:

183-nji we 184-nji bentleri şu görnüşde beýan etmeli:

«183) garamagyndaky medeniýet guramalarynda, Türkmenistanyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynda hem-de beýleki edaralarynda, kärhanalarynda, guramalarynda hereket edýän folklor, tans döredijilik toparlarynyň tansçylarynyň hünär derejeleri hakynda Düzgünnamany işläp taýýarlamak we tassyklamak;

184) garamagyndaky medeniýet guramalarynda, Türkmenistanyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynda hem-de beýleki edaralarynda, kärhanalarynda, guramalarynda hereket edýän döredijilik toparlarynyň artistleriniň hünär derejeleri hakynda Düzgünnamany işläp taýýarlamak we tassyklamak;»;

184-nji bentden soň şu mazmunly bentleri goşmaly:

«185) Türkmenistanda toý we beýleki dabaralarda medeni hyzmatlaryň amala aşyrylmagyny döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda Düzgünnamanyň taslamasyny işläp taýýarlamak we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek;

186) garamagyndaky edaralarda elektron maglumat ulgamyny döretmek, elektron resminama dolanyşygynyň alnyp barylmagyny üpjün etmek we kämilleşdirmek;

187) sanly hyzmatlary amala aşyrmak hem-de olaryň ösdürilmegi üçin şertleri döretmek;»;

4) 23-nji maddada:

ikinji bölegiň 3-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:

«3) radionyň, telewideniýäniň tekstiň many-mazmunyny diňleýjä ýa-da tomaşaça ýetirýän, täzelikleriň maglumatlaryny, bildirişleri okaýan diktorlary hem-de konsertleriň, dabaralaryň we beýleki medeni çäreleriň alyp baryjylary;»;

üçünji bölegiň 4-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:

«4) saz eserlerini döredýän kompozitorlar, täzeden işleýän aranžirleýjiler, olary ýerine ýetirýän dirižýorlаr, sazandalar, aýdymçylar we saz goýberijiler (disk žokeýler);».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.


Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.


Aşgabat şäheri. 2021-nji ýylyň 13-nji marty.