Ï TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny döretmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny döretmek hakynda

view-icon 9054

1-nji madda. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny döretmeli.

2-nji madda. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adynyň Düzgünnamasyny we onuň döşe dakylýan nyşanynyň Ýazgysyny tassyklamaly (goşulýar).

3-nji madda. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri. 2021-nji ýylyň 13-nji marty.


Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adynyň

DÜZGÜNNAMASY

1. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady Türkmenistanyň döwlet sylagydyr.

2. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady:

— Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan alabaý itini häzirki zaman dünýä ylmynyň gazananlaryny ulanmak arkaly ulgamlaýyn esasda saklamakda, ýetişdirmekde, köpeltmekde we onuň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren;

— itşynaslyk we kinologiýa ugry boýunça azyndan 10 ýyl birkemsiz zähmet çeken we türkmen alabaý itleriniň baş sanyny köpeltmekde, halk seçgiçiligini ösdürmekde we kämilleşdirmekde, şeýle-de bu babatda gazanylan üstünlikleri, milli itşynaslyk mekdebiniň iň gowy däplerini wagyz etmekde uly işleri bitiren we ýokary netijeleri gazanan adamlara dakylýar.

3. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady Türkmenistanyň raýatlaryna dakylýar.

Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady bilen Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Türkmenistanyň raýaty bolmadyk adamlar hem sylaglanyp bilner.

4. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen dakylýar.

5. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adynyň dakylmagy döwlet häkimiýet edaralarynyň merkezi edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň, şeýle hem jemgyýetçilik birleşikleriniň merkezi edaralarynyň teklipnamalary esasynda amala aşyrylýar.

Teklipnamalar Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna iberilýär.

6. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakylan adamlara Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adynyň şahadatnamasy we döşe dakylýan nyşany gowşurylýar.

7. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakylan adamlara iň pes aýlyk zähmet hakynyň dört essesi möçberinde birwagtlaýyn baýrak tölenilýär we iň pes aýlyk zähmet hakynyň 20 göterimi möçberinde iş hakyna, aýlyk wezipe hakyna, pensiýasyna, döwlet kömek puluna, talyp hakyna her aýda goşmaça hak bellenilýär.

8. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakylan adamlar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde we halatlarda beýleki ýeňilliklerden hem peýdalanýarlar.


Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adynyň döşe dakylýan nyşanynyň

ÝAZGYSY

Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adynyň döşe dakylýan nyşany üsti-üstüne birleşdirilen sekizburçluklaryň ikisinden ybaratdyr. Ýerligi ýaşyl reňkli syrça bilen syrçalanan ýokarky sekizburçlugyň burçlarynyň aralarynda altyn çaýylan aşaky sekizburçlugy ýerleşdirilen. Döşe dakylýan nyşanyň umumy diametri — 44 mm.

Döşe dakylýan nyşanyň Gün şöhleleri ýaýrap gidýän, diametri 23,2 mm bolan merkezi böleginde türkmen alabaý iti şekillendirilen. Döşe dakylýan nyşanyň ýerligi sary reňk bilen syrçalanan merkezi tegeleginiň daşynda umumy diametri 31 mm, ini 2,9 mm bolan tegelek halkanyň içiniň ýokarky böleginde altyn çaýylan harplaryň beýikligi 1,3 mm bolan «TÜRKMENISTANYŇ AT GAZANAN ITŞYNASY» diýen ýazgy, aşaky böleginde bolsa bäş sany haly gölleriniň şekilleri ýerleşdirilen.

Döşe dakylýan nyşan halkajyk arkaly beýikligi 20 mm we ini 30 mm bolan baýdak görnüşli gönüburçly altyn çaýylan kolodka birleşdirilýär. Ýaşyl reňkli syrça örtülen kolodkada haly gölleri, iki sany zeýtun pudagy, ýarym Aý we ýyldyzlaryň bäşisi şekillendirilen. Kolodkanyň arka tarapynda nyşany geýime dakmak üçin ildirgiç bar.

Döşe dakylýan nyşan we onuň kolodkasy 925 mähekli kümüşden altyn çaýylyp ýasalýar.