Ï Igor Babuşkin: köptaraply hyzmatdaşlygyň mundan beýläkde üstünlikli ösdüriljekdigine ynanýaryn
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Igor Babuşkin: köptaraply hyzmatdaşlygyň mundan beýläkde üstünlikli ösdüriljekdigine ynanýaryn

view-icon 2125

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

 Astrahan welaýatynyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan we hut öz adymdan Türkmenistanyň biziň sebitimize koronawirus ýokanjyna garşy göreşmekde beren kömegi üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.

Siziň Astrahan welaýatyna ýene-de muzdsuz esasda ýokary hilli türkmen harytlaryny ibermek baradaky çözgüdiňiz Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky mizemez dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Gelip gowşan lukmançylyk we azyk önümleri biziň sebitimiziň COVID-19 keselini bejermek bilen meşgullanýan saglygy goraýyş edaralaryna iberiler.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Astrahan welaýatyny goldaýandygyňyz hem-de hemişe üns berýändigiňiz üçin Size hoşallyk bildirýärin.

Hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine tüýs ýürekden ynam bildirýärin.

I.Babuşkin,

Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatynyň gubernatory.