Ï Ýurduň Daşary işler ministri OYR-nyň wekilleri bilen duşuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurduň Daşary işler ministri OYR-nyň wekilleri bilen duşuşdy

view-icon 1554

Şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Türkmenistana iş sapary bilen gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Haj we din işleri boýunça ministri Mohammed Kasim Haliminiň ýolbaşçylygyndaky owgan wekilleri bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar ynsanperwer hyzmatdaşlygyň aýratyn orun eýeleýän döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini nygtap geçdiler.

Ministr Mohammed Kasim Halimi ykdysady we medeni-ynsanperwer häsiýetli köpsanly taslamalarda öz beýanyny tapýan Türkmenistanyň Owganystana we onuň halkyna berýän doganlyk goldawynyň ähmiýetini belläp geçdi.

Ol, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwletleriň we halklaryň arasynda parahatçylyksöýüjilik we dostluk gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen bitaraplyk syýasatynyň ynsanperwerligini we netijeliligini aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Ministr Halimi türkmen tarapynyň tagallasy bilen Owganystanyň çäginde gurulýan jemgyýetçilik desgalaryň, hususan-da, iki döwletiň dostluk nyşanyna öwrülen Farýab welaýatynda gurlan metjidiň ähmiýetini belledi.

Owganystanda parahatçylyk prosesiniň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyldy. Türkmen tarapynyň bu prosesiň ilerledilmegine syýasy-diplomatik usullar arkaly goşant goşmaga taýýardygy ýene bir gezek tassyklanyldy.

Taraplar bilim, ylym we medeniýet ugurlarynda-da iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.