Şäheriň taryhy adamlaryň ykbalynda: müň ýyllyk däpler

eye
601
Şäheriň taryhy adamlaryň ykbalynda: müň ýyllyk däpler

Aşgabadyň 140 ýyllygyna taýýarlanylýan häzirki günlerde paýtagtyň ýaşaýjylary, ajaýyp künjekleri we medeni ýadygärlikleri hakynda ençeme gyzykly maglumatlar peýda bolýar. Bu geň däldir. Ýaşynyň uly däldigine garamazdan, biziň ýurdumyzyň paýtagty köki asyrlaryň jümmüşine siňip gidýän taryhy wakalara baýdyr. Şäheriň ykbaly ony döredýän adamlar bilen aýrylmaz baglydyr.

Biziň hekaýatymyzyň baş gahrymany, ykbalyň erki bilen ömrüni Türkmenistana baglan – Tatýana Lapşina özüniň indi üç arka aşgabatlydygyny buýçançly gürrüň berýär.

Tatýana Sergeýewna Lapşina bu gün - Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministirliginiň «Türkmensuwylymtaslama» ylmy-barlag institutynyň inžener gözlegleri boýunça baş hünärmeni. Ol gadymy özboluşly gidrotehniki desgalar hasaplanýan sardoblary we kärizleri öwrenýänleriň iň tejribelileriniň biri.

Ençeme ýyl mundan ozal, entek Türkmenistanyň politehniki institutynda mugallymçylyk edýärkä ýerasty suw çeşmelerini öwrenmegi teklip edenlerinde, ol kärizleri we sardoblary doly göz öňüne-de getirip bilmeýärdi. Gadymy suw çeşmelerini öwrenmek mugallymyň barha ünsüni özüne çekdi weli, kem-kemden onuň makalalarynyň we gözlegleriniň baş temasyna öwrüldi. Ýöne şol wagtlarda Tatýana bütinleý bu meseleler hakda pikir etmeýärdi.

Lapşinleriň maşgalasy günortada ýerleşýän şähere geçen asyryň başlarynda göçüp gelipdi, Tatýananyň atasy gurluşykçy Pýotr Wasilýewiç Aşgabada işe iberilipdi. Onuň kakasy – Sergeý Petrowiç bolsa az wagtlyk «Тürkmenfilm» kinostudiýasynda işläpdi, respublikanyň tanymal kinorežisssýorlary we artistleri bilen tanyşdy. Ýöne ol gurluşyk ministrliginde işläp, ömrüniň köp bölegini Aşgabadyň jaý gurluşygyna bagyşlady. Tatýana Sergeýewna hem öz maşgalasynyň kesbini ýöretmäge ymtylyp, şol ministrlikde geodeziýaçy kärinde zähmet ýoluna başlady. Soňra käriniň ugruny biraz üýtgese-de, häzirem işini gurluşyga, ýöne onuň has gadymy we aýratyn görnüşine degişli hasaplaýar.

Barlagçy alymlara we taryhçylara Aleksandr Makedonskiniň ýörişinden öňem kärizleriň bolandygy bellidir. Käriz gazmak hemişe örän jogapkärli iş hasaplanypdyr, munuň üçin gidrogeologiýa ylmyndan düýpli baş çykarmak talap edilipdir. Häzirki nesillere kärizler milli medeni mirasyň nusgasy, şeýle-de, suwy- tebigy baýlygy tygşytly ulanmagyň ýatlamasy hökmünde has gereklidir.

Tatýana Lapşina hat-da, häzirki ýaşaýan ýeri hakynda-da, ykbalynyň ony – sardoblary we kärizleri öwrenmekden daşlaşdyrmaýanlygyny nygtap gürrüň berýär.

Tatýana Sergeýewna şeýle diýýär: - Biziň ýaşaýan kiçi etrapçamyzyň ady - «Howdan» ýerawsty suwlar bilen bagly. Ol ýerasty suwlaryň akyp jemlenýän ýerini aňladýar. Köpetdagyň etegindäki sardoblar we kärizlere degişli köp maglumatlary anyklamaga kärizgenler kömek berdiler. Olar maňa suw üpjünçilik ulgamlary we ýerastyndan suw akabalaryny geçirmegiň ýollaryny aýdyp berdiler.

Tatýana Lapşina ömrüni ýakyn garyndaşlarynyň we tanyşlarynyň arasynda Aşgabatda geçirdi. Diňe bir gezek ─ az wagtlyk Rostowa gitmeli boldy. Lapşina o ýerde Rostowyň injener-gurluşyk institutynda okady we ony üstünlikli tamamlady.

Ençeme aşgabatlylar ýaly Lapşinleriň maşgalasy hem 1948-nji ýylyň ýer titremesiniň agyr ýitgisini çekdiler. Şonda Anna Mihaýlowna – Tatýananyň mamasy tebigy betbagtçylygyň pidasy boldy. Atasy we kakasy diňe howluda-daşarda ýatandyklary üçin bu heläkçilikde diri galdylar.

Atasynyň ýer yranmasynda diri galanlary kesegiň astyndan çykarmaga kömek berensoň ylmy kitaphanany halas etmäge tarap ylgaýşy barada ýakyn garyndaşlarynyň beren gürrüňleri Lapşinanyň hakydasynda edil şu günlerem janlanýar. Atasynyň şol batyrgaý aladasynyň netijesinde agtygynyň häzirki zähmet çekýän institutynyň kitaphanasyndaky XIX we ХХ asyrlaryň gymmatly neşirleriniň saklanyp galanlygy şübhesizdir. Şol kitaplar ýaş alymlara ençe-ençe nesilleri suwsuzlykdan halas eden ýerasty akabalarynyň ähmiýetine düşünmäge kömek berdi. Edil şu günlerde-de täze jaýlary guranlarynda gurluşykçylar we jemagat hojalygynyň işgärleri Lapşina ýüzlenýärler we ondan gymmatly maslahatlary alýarlar.

Öz käriniň hakyky janköýeri hökmünde Tatýana Sergeýewna kärizleriň «süýji suwynyň» köp-köp adamlara elýeterli bolmagyny arzuw edýär. Käriz suwundan süýji başga içgi ýok. Tatýana Sergeýewna munuň şeýledigini hemmelerden gowy bilýär.