Ï Türkmenistan Stambuldaky Owganystan boýunça duşuşyga çagyryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan Stambuldaky Owganystan boýunça duşuşyga çagyryldy

view-icon 2022

Owganystan boýunça Stambulda boljak duşuşyga gatnaşmaga çagyrylýan 21 döwletiň içinde Türkmenistan hem bar.  RIA Nowosti diplomatik çeşmä salgylanyp bu barada  habar berýär. 

Owganystanyň hökümetiniň we «Taliban» hereketiniň   wekilleriniň gatnaşmagyndaky  ýokary derejeli maslahat  24-nji aprelden 4-nji maýa çenli aralykda Stambulda geçer. 

Stambula: Türkmenistan, Awstraliýa,  Azerbaýjan, Kanada, HHR, Germaniýa, Hindistan, Indoneziýa, Eýran, Italiýa, Ýaponiýa, Gyrgyzystan, Norwegiýa, Beýik Britaniýa, ABŞ,  Özbegistan , Päkistan, RF we Täjigistan döwletleri çagyryldy. 

Bu duşuşyga ÝB-niň Ýokary wekili, NATO-nyň Baş sekretary we Yslam Hyzmatdaşlygy Guramasynyň Baş sekretary gatnaşar. 

Şeýle-de BMG-niň resmi wekili Stefan Dýužarrik  deslapky  gysga maslahatda  bu uly syýasy çärä wideogörnüş arkaly BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiňem gatnaşmagy meýilleşdirýändigini aýtdy. 

                   «AA» habarçysy