Ï Türk dilli ýurtlaryň futbol guramalarynyň ýolbaşçylary Ähtnama gol çekdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türk dilli ýurtlaryň futbol guramalarynyň ýolbaşçylary Ähtnama gol çekdiler

view-icon 1573

Türkmenistan  şeýle dostlukly ýurtlar: Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türküýe, Özbegistan, Wengriýa bilen bilelikde futboly ösdürmeklige gatnaşar. Azerbaýjanyň habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, türk dilli ýurtlaryň futbol guramalarynyň 14-nji aprelde gol çeken Ähtnamasynda şol ýurtlaryň özaralarynda bilelikde futboly ösdürmegi karar edenligi aýdylýar. 

Türkmen tarapyndan  Ähtnama ýurdumyzyň milli futbol Federasiýasynyň başlygy Arslan Aýnazarow gol çekdi. Bu resminama gol çekenleriň arasynda Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türküýäniň, Özbegistanyň we Wengriýanyň futbol Assosiýsalarynyň ýolbaşçylary hem-de Türkbirleşigiň Baş sekretary Bagdad Amreýew bar. Wengriýanyň  türk dilli ýurtlaryň Birleşigine synçy-ýurt hökmünde gatnaşýandygyny ýatladýarys.  

Ähtnamanyň maksady futbol guramalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi maksat edinýär, şeýle-de, futboly ösdürmek ugrunda toplumlaýyn çäreleri durmuşa ornaşdyrmakda pikir alyşmalary, maslahatlary guramaklygy göz öňünde tutýar.    

«AA» habarçysy