Ï Türkmen türgenleri Aziýa çempionatyna ugradylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen türgenleri Aziýa çempionatyna ugradylar

view-icon 3188

Türkmen türgenleriniň topary Daşkent şäherinde 17-nji aprelde başlanýan agyr atletika boýunça Aziýanyň çempionatyna gatnaşar. Biziň wekillerimiziň hatarynda – 19 adam bar (11 türgen, 5 tälimçi, 1 tehniki işgär we 2 resmi wekil).

Zenanlaryň toparyndaky bäsleşiklerde Türkmenistandan: Ýyldyz Jumabaýewa (49 kg-a çenli agaramda), Kristina Şermetowa (55 kg-a çenli agramda), Polina Gurýewa (69 kg-a çenli agramda) Gülnabat Kadyrowa (71 kg-a çenli agramda), Aýsoltan Toýçyýewa (81 kg-a çenli agramda) çykyş eder. Erkekleriň arasynda – Seýitjan Mirzaýew (61 kg-a çenli agramda) Maksat Meredow (73 kg-a çenli agramda), Rejepbaý Rejepow (81 kg-a çenli agramda), Rüstem Annaberdiýew (89 kg-a çenli agramda), Öwez Öwezow (109 kg-a çenli agramda), Hojamuhammet Toýçyýew (109 kg-dan ýokary agramda) ýeňiş üçin göreşerler.

Aziýanyň çempionatynda 26 ýurtdan 186 agyr atletikaçylaryň gelmegine garaşylýar. Bu bäsleşikde 2021-nji ýylyň 8-nji awgustynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaly türgenler saýlanar.

«AA» habarçysy