Owganystan «ЕB – Merkezi Aziýa» gepleşiklerine gatnaşyp biler

eye
558
Owganystan «ЕB – Merkezi Aziýa» gepleşiklerine gatnaşyp biler

Sputnik Узбекистан gullugy özbek daşary syýasat edarasyna salgylanyp, Owganystanyň goşulmagy bilen «Ýewropa Bileleşigi - Merkezi Aziýa» gepleşikleriniň çäginiň giňäp biljekdigini habar berýär.

Özbegistanyň DIM-niň metbugat-gullugynyň maglumatlaryna görä, hepdäniň penşenbe güni Özbegistanyň Prezidentiniň Owganystan baradaky ýörite wekili Ismatulla Irgaşew ÝB-niň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýörite wekilleriniň OYR boýunça wideo-maslahatyna gatnaşdy. Taraplar Owgan döwletine, aýratyn-da, pandemiýa şertlerinde halkara goldawyny bermegiň wajyp ugurlaryny maslahatlaşdylar.

Maglumatda: « Pikir alyşmalara gatnaşanlar sebitleýin meseleleri çözmäge gönükdirilen «ÝBMA» gepleşiklerine Owganystanyň goşulmagy barada öz pikirlerini aýtdylar»- diýlip nygtalýar. 

Özbek daşary syýasat edarasynda, bu duşuşyga gatnaşanlaryň owgan krizisini parahatçylykly çözmekde we ony sebitleýin gatnaşyklara işjeň çekmekde, bu ýurdy ykdysady taýdan dikeltmekde we ýurduň çäklerinde dürli infrastruktura taslamalaryny amala aşyrmakda halkara goldawyny bermek meselesine seredilendigi bellenýär.

Özbegistanyň DIM-de: «Taraplaryň ýurtdaky parahatçylykly syýasy hereketleri has-da ilerletmekde owgan halkynyň ýolbaşçylyk ornuny üpjün etmek ýörelgesine eýermegiň möhüm ähmiýetiniň bardygyny, şeýle-de, gönüden-göni owganara gepleşikleriň geçirilmeginiň üstünlikli dowam edilmegini belländikleri» - ýokarda aýdylanlaryň üstüne goşuldy. 

Türkmenistan Owganystanda parahatçylygyň ýola goýulmagynyň tapadary. Aşgabat Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygyny goňşy döwletdäki içki meseleleriň parahatçylykly çözülmegi bilen baglanyşdyrýar. Bilermenleriň çaklamalaryna görä, TOPH – Türkmenistana öz gazyny eksport etmegiň täze ugurlaryny, Owganystana - ýurduň ösmegine serişdeleri we täze iş orunlaryny tapmaga, Päkistan bilen Hindistana bolsa energiýa ýetmezçiligini çözmäge mümkinçilik berer.