Ï Türkmen küştçüsi ýatdan oýnamakda dünýä rekordyny täzelemegi arzuw edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen küştçüsi ýatdan oýnamakda dünýä rekordyny täzelemegi arzuw edýär

view-icon 4250
Türkmen küştçüsi ýatdan oýnamakda dünýä rekordyny täzelemegi arzuw edýär

On ýedi ýaşly türkmen küştçüsi Allaýar Şirliýew birbada 25 tagtada ýatdan küşt oýnady. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Şöhrat Myratgulyýewiň şägirdi 14 döwde ýeňiş gazandy, 9 oýny deň tamamlady we ikisinde utuldy. Şeýlelik bilen, duşuşyk 18,5 : 6.5 hasabynda Allaýaryň haýryna tamamlandy.

Şirliýew Abdyrahym Owganow, Läle Gurbanmyradowa, Gudrat Berdiýew, Meret Akgaýew, Şamil Ilbaýew, Kerim Akmämmedow, Marýam Akgaýewa, Sülgün Gurbanmyradowa, Kerim Gudratyllaýew, Nurgeldi Annagurdow, Myrat Batyrow, Alymuhammet Mommaýew, Nurlymuhammet Mommaýew we Züleýha Handöwletowa dagy bilen duşuşyklarda ýeňiş gazandy.

Onuň Ýusup Muhadow, Ýunus Orazow, Nurana Serdarowa, Perwana Serdarowa, Ibragim Gurbanow, Jelaleddin Handöwletow, Leýli Meretmyradowa we Marina Wesýolkina bilen döwleri deň tamamlandy.

Allaýar Mährijemal Gylyçmyradowadan we Artýom Kolosowdan asgyn geldi.

Wenger küştçisi Ýanoş Fleş 1960-njy ýylda birbada 52 tagtada ýatdan küşt oýnap, bu ugurda dünýä rekordyny goýupdy, döw 13 sagatdan gowrak dowam edipdi.

Bir wagtlar imperator Ýuliý Sezar : «Geldim, gördüm, ýeňdim» diýip ajaýyp söz aýdypdyr. Allaýaryň şu döwde duşuşan bäsdeşleri bolsa Şirliýew «geldi, görmese-de ýeňdi» - diýýärler.

Tagta seretmäni küşt oýnan Muhammet as-Suliniň ýoluny dowam edýän Allaýaryň netijesi küşt görkezijisinde 8-nji orny eýeleýär.

Ýene aprel aýynda ol birbada 30 tagtada oýnar, geljekde 52-den köp tagtada ýatdan oýnap, wenger grossmeýteriniň görkezijisinden geçmegi niýet edinýär.

Roman TEPLÝAKOW