Ï ÝUNESKO-nyň teklibi boýunça 1982-nji ýyldan bäri her ýylyň 29-njy aprelinde Halkara tans güni bellenýär. Tans ─ dostlugyň we parahatçylygyň hatyrasyna adamlaryň bir dilde, ýagny, tansyň we hereketiň dilinde düşünişmegine ýol açyp olary özara jebisleşdirýä
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gurjak tansy: bir tomaşanyň taryhy

view-icon 3994

ÝUNESKO-nyň teklibi boýunça 1982-nji ýyldan bäri her ýylyň 29-njy aprelinde Halkara tans güni bellenýär. Tans ─ dostlugyň we parahatçylygyň hatyrasyna adamlaryň bir dilde, ýagny, tansyň we hereketiň dilinde düşünişmegine ýol açyp olary özara jebisleşdirýär.

Her halkyň öz milli tanslary bar, olaryň köpüsi öňki döwürlerde däp-dessurlara eýeripdir. Şeýle ähmiýetli tanslar türkmenlere-de mahsusdyr.

Meselem, birçaklar ýatdan çykarylan «gurjak tansy» türkmen halk döredijiliginiň bize mälim bolan žanrlarynyň içinde gabat gelmeýär. Öz wagtynda sungatşynas-etnograf we köpçülikleýin aýdylýan aýdymlar boýunça bilermen Çary Esenow şol tanslary giňişleýin öwrenipdir. Bu alymyň maglumatlaryna esaslanyp biz adaty bolmadyk tansyň ähli aýratynlyklary baradaky maglumatlary jikme-jik bilýäris.

Gurjak tansy toý-baýramçylyklarda görkezilýän tomaşalaryň aýry-aýry düzüm bölekleridir. Şol tomaşalaryň «eşşederaz» ýa-da «uly gyz» ýaly oýun-degişme görnüşleri, şeýle hem «garsaky», «çapak», «huşteki», «sallanma» ýaly tanslary ýerli ilatyň arasynda giňden ýaýrapdyr. Olar esasan toýlar tutulanda ýa-da beýleki maşgala baýramlarynda bir ýere ýygnanýan märäkäni gülüşdirmek, gyzykdyrmak we çagalary güýmemek üçin ulanylypdyr.

«Gurjak oýnunyň» beýleki tanslardan aýratyn tapawudy ─ ony ýerine ýetirýän artistiň daşyna üýşen adamlar üçin nämälim, tanalman galýanlygyndan ybaratdyr.

Toýuň ýaňy gyzan wagty gurjakbaz garaşylmadyk ýerden märäkäniň ortasyna çykýar we öz gyzykly çykyşyny tamamlansoň ýene-de hiç kime duýdurman olaryň arasyndan çykyp gaýdýar. Bu täsin tansy ýerine ýetirijileriň ýüzüni hiç kim görmeýär ýa-da adamlar olary ýüz keşbinden tanamaýarlar. Hat-da, durmuşda olaryň kimdigini bilýänlerem juda az, biläýenlerinde-de olar hakda hiç zat aýtmaýarlar.

«Gurjak oýnuny» ýerine ýetirijiniň keşbi tomaşaçylary örän geň galdyrypdyr, ol boýy pes, aýaklary gaty gysgajyk garsaky adam bolupdyr. Muňa derek onuň kellesi äpet uly, başyna trapesiýa şekilli gyzyl reňkdäki gaba telpek geýipdir. Çylşyrymly konstruksiýalarda ýasalan «gurjagyň» kaşaň röwüşli, owadan ýa-da tersine sallam-sajak egin-eşikleri geýmeginiň hasabyna bu tans adamlarda özüne çekiji geň-taňlyk döredipdir.

«Gurjagyň» roluny oýnaýan artistiň bil guşagyna 50-60 sm çemesi taýagy berk daňypdyrlar. Oňa eşik asylýan agaja geýdirilişi ýaly erkek kişiniň donuny geýdiripdirler. Soňra şol taýagyň ýüzüne sakally we murtly erkek kişiniň suratyny çekipdirler. Ýaňaklaryna we dodaklaryna şugundyryň suwyny çalyp gyzardypdyrlar, murtuna we murtuna gazanyň garasyny sürtüpdirler.

Gurjak tansynda hökmany hasaplanýan hereketleriň hiç biriniň bellenmeýänligi sebäpli ol diňe ýerine ýetirijiniň öz baý fantaziýasyna bagly bolupdyr.

Tansçylaryň köpüsi gurjak tansyny ortada aýlaw aýlanmakdan ýa-da ilki sag, soňra-da çep aýaklaryň üstünde towusmakdan, gezekli-gezegine ýokary bökmekden emele getirilipdir. Bu hereketleriň yzy şol bir ýerde halka gurap aýlanmak, bedeniň muskullaryny her hili ýagdaýlarda oýnatmak bilen dowam edipdir. Gurjakbaz şeýdip tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekipdir.

Türküýäniň tans sungatyny öwreniji And Metin türk tans folklar döredijiliginiň kemala gelmeginde Orta Aziýada ýaşaýan türk kowumlarynyň, şolaryň hatarynda türkmenleriňem uly paýynyň bardygyny belleýär. Ol ýazan kitabynyň däpçilik tanslary hakdaky bölüminde tomaşalaryň suratyny mysal getiripdir, onda gaba telpek geýen garsaky-karlik artist hökmünde çykyş edýär.

Gündogarda Orta Aziýa, Hytaý we Hindistan, günbatarda Alynky Aziýa we Müsür bilen özara medeni gatnaşyklaryň yzygiderli ýola goýulmagy «gurjak oýnunda» çykyş edýänleriň gözbagçylar, hokgabazlar, derwişler, ýoga bilen meşgullanýan adamlar bolmagynyň mümkindigini çaklamaga şert döredýär. Olar Beýik Ýüpek ýolunyň üstünden geçen wagtlarynda häzirki Türkmenistanyň çäklerindäki şäherleriň hem-de obalaryň kerwensaraýlarynda ýa-da bazarlarynda ýerli ilata oýun-tomaşa görkezipdirler.

Başga bir çaklama görä, edil gadymy müsürlileriňki ýaly türkmenleriň ata-babalarynyň däp-dessupçylyk tanslary suwuň gymmatyny, bol hasyl eçilýän topragy wasp etmeklige bagyşlanypdyr. «Gurjak oýnuna» meňzeş tanslar gadymyýetde üç sany uly derýanyň Niliň, Tigriň we Ýefratyň medeniýetiniň wekillerinde-de duş gelýär.