Paýtagtyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde “Medeni mirasy gorap saklamak üçin ABŞ-nyň Ilçileriniň gaznasy” atly halkara Maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň we ABŞ-nyň özara hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan sergi açyldy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň guran bu medeni çäresine diplomatik wekilhanalaryň, Medeniýet ministrliginiň we beýleki pudak edaralarynyň, ylmy jemgyýetçiligiň, şeýle-de HBS-niň wekilleri gatnaşdy.
ABŞ-nyň Kongresi tarapyndan 2001-nji ýylda esasalandyrylan bu Maksatnama dünýädäki ähli ýurtlaryň taryhy ýadygärliklerini, medeni mirasyny aýawly saklamagy goldamaga gönükdirilýär. Şu güne çenli 200-den köpräk ýurtda medeni mirasyň 900-den gowrak taslamasyna hemaýat berildi.
Sergide Türkmenistanyň çägindäki taryhy we binagärlik ýadygärliklerini goramak ugrunda bilelikde amala aşyrylýan işleri beýan fotosuratlar goýlupdyr.
Ýigrimi ýylyň dowamynda ABŞ-nyň Döwlet departamenti medeni mirasy goramak baradaky Ilçileriň Gaznasynyň üsti bilen türkmen hünärmenleriniň taslamalarynyň 28-ne uly goldaw berdi. Şol taslamalaryň köpüsi Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky Milli müdirligi bilen bilelikde ýerine ýetirildi.
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Mettýu Klimowyň çykyşynda belleýşine görä: «ol türkmen medeniýetini we halkyň däbini öwrenmek üçin ýurduň ähli welaýatlaryna aýlanypdyr, sebitleriň her birinde-de özüni geň galdyran täzelikleri açypdyr».
Änewdäki XV asyr metjidiniň girelgesindäki aždarhalaryň şekilleri, Köne Nusaýdaky Parfiýa döwletiniň nagyşly diwar bezeglerini abat saklamak, Gadymy Merwde Goňurdepäniň we Uly Gyzgalanyň harabalyklaryny rejelemek, Abu Said Abul Haýryň XI asyra degişli mawzoleýiniň gümmezini abatlamak, Daşoguz welaýatynda Ysmamyt ata binagärlik toplumynyň we takmynan XI asyrda gurlan Ak Saraý Diňiniň durkuny täzelemek, Lebap welaýatyndaky XII asyr taryhy ýadygärligi -- Daýahatyn kerwensaraýyny aýawly saklamak – ine, Gazna tarapyndan hemaýat edilen desgalaryň gysga sanawy şulardan ybarat. Şeýle hem Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky ençeme beýleki desgalary öz içine alýan gymmatlyklary, muzeýleriň baý hazynalaryny, gadymy halylary, golýazmalary, kitaplary we halk sazlarynyň ýazgylaryny ylmy taýdan öwrenmek daşary ýurtly we türkmen alymlarynyň, abatlaýjy ussalaryň arasynda ýakyn gatnaşyklaryň açylmagyna şert döretdi. Olar Türkmenistanyň medeni mirasynyň gelejekki nesiller üçin saklanyp galmagyna uly goşant goşdular.
Serginiň açylyş dabarasynda eden çykyşynda Türkmenistanyň Medeniýet ministri Atageldi Şamyradow bu ugurda türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň has-da ýaýbaňlanmagyna umyt bildirýändigini aýtdy.
Swetlana ÇIRSOWA