Ï Lazurit geçelgesi – Owganystandan Ýewropa barýan ýoldyr
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Lazurit geçelgesi – Owganystandan Ýewropa barýan ýoldyr

view-icon 2938

Pandemiýadan soňky ählumumy ösüşi ilerletmekde  bilermenler ulag kommunikasiýalarynyň diwersifikasiýasyny  agzaýarlar. Ol, ozaly bilen, öz ygtybarlylgyny, durnuklylygny  we geçen ýyl deňizde ýük daşamak bazarynda dörän kynçlyklyara garanda ykdysady taýdan netijeliligini  görkezen demir ýol ulagyna degişlidir. Çap edilen maglumatlara görä, munuň özi deňizde ýük daşamak kireýiniň ýokarlanmagyna getirdi, hususan-da, HHR bilen ÝB arasynda 2020-nji ýylyň dekabrynda üstaşyr demir ýol ýük daşalşynyň bahasyndan 50% ýokarlandy. Bu ýagdaýlar hem ýük ugradyjylary «deňizden demir ýollara» geçmäge iterýär.

Şeýle ýagdaýda Aziýadan Ýewropa ýükleri ugratmagyň amatly we arzan ýoly hökmünde Lazurit ulag geçelgesiniň (Lapis Lazuli) ähmiýeti artýar. Gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň  dikeldilmegi – integrirlenen multimodal üstaşyr-ulag ulgamy Lazurit geçelgesini döretmek baradaky pikir 2012-nji yýlda döredi. Birnäçe tehniki maslahatlardan soň 2017-nji ýylyň oktýabrynda Aşgabatda geçirilen Owganystan boýunça 7-nji ykdysady hyzmatdaşlyk  maslahatynda ýurtlaryň bäşisi – Owganystan, Türkmenistan, Azerbaýjan, Gruziýa we Türkiýe Lazurit geçelgesi (Lapis Lazuli Transit, Trade & Transport Route Agreement) barada  resmi ylalaşyga gol çekdiler. 

Indiki ýylyň dekabrynda synag demir ýol sostawy  Turgundi stansiýasyndan türkmen Serhetabadynyň üstünden Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna  ugradyldy, Hazar deňziniň üstündenem Azerbaýjana eltildi. Synag taslamasy ulag geçelgesi ýurtlaryna ýükleri ugratmakda kynçylyklary ýüze çykarmaga, soňra olary çözmeklige çäre görmäge mümkinçilik berdi.

Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe ulag geçelgesi Merkezi Aziýa üçin wajyp ykdysady meseleleriň birnäçesini çözmekde esasy elementdir. Ol sebitde önümçiligi ösdürmäge we Owganystanyň ykdysadyýetini dikletmäge ýardam etmäge niýetlenendir. Lapis Lazuli geçelgesi ýük daşalşyny çaltlandyrar we haryt öndüriji bilen olaryň bazarynyň arasyny gysgaldar. Bilermenler täze geçelgäni ozalky iri üstaşyr-ulag we söwda ýollary bilen utgaşdyrylmak mümkinçiliginiň bardygyny belleýärler.

Türkmenistan ilkinji üstaşyr ýurt hökmünde geçelgäniň ösdürilmegine we Owganystanyň Ýerwaziýa ulag-logistika ulgamyna goşulmagyna saldamly goşant goşdy. Kerki-Ymamnazar-Akina-Andhoý demir ýolunyň gurluşygy we Serhetabat-Turgundi şahasynyň döwrebaplaşdyrylmagy Owganystanyň Türkmenistanyň ulag ulgamyna goşulmak we owgan önümleriniň halkara bazarlaryna çykarylmak mümkinçiligini ýokarlandyrdy.

Ogulgözel REJEBOWA