Paýtagtymyzda milli teatr sungatymyzyň gyzykly wakalardan doly milli festiwal-bäsleşiginiň baýramçylyk dabarasy barha güýçlenýär. Bu döredijilik gözden geçirilişiginiň çäginde Baş drama teatrynyň artistleri Eziz Işangulyýewiň goýan «Ömür daragty» spektaklyny tomaşaçylara hödürlediler.
Bu eser Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň esasynda sahnalaşdyrylypdyr. Ol iki patyşanyň maşgala durmuşyndan söhbet açýar. Olaryň biriniň ogly, ikinjisiniň bolsa gyzy nikalaşyp toý tutýarlar. Ýaş çatynjalar durmuş toýlarynda gapylarynda derek ekýärler. Aýlar aýlanyp, ýyllar dolanýar. Derek agajy ulalyp, äpet dagarta öwrülýär. Emma ýaşlardan welin perzent önmeýär.
Baş drama teatrynda goýlan täze oýun çeper meňzetmeleriň üsti bilen adamyň durmuşyndaky zerur ahlak sypatlarynyň gymmaty baradaky wajyp meseläni öňe sürýär. Tomaşaçylar göýä wagt uçaryna münen dek gadymy döwürleriň dartgynly wakalarynyň jümmüşine syýahat edýärler.
Beýan edilýän wakalara tomaşaçylaryň ünsüni çekmek üçin bu sahna oýnuna «Serpaý» folklor toparynyň agzalary hem çekilipdir. Olar darkalaşykly söweşleri, ygally ýagyşlaryň ýagýan möwsümi bilen hoşlaşygy hem-de awçylaryň däp-dessuryna öwrülen tanslaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirýärler.
Oýny goýan režissýor Eziz Işangulyýew şeýle gürrüň berýär:
– Biz spektaklymyzda sazyň ähmiýetini we ornuny aýratyn nygtamak isledik. Rowaýat-tymsal hernäçe gadymy bolsa-da ol biziň dörürdeşlerimize-de tanyş. Perzentsizlik ─ bu her bir maşgalanyň başyna düşüp biljek ýowuzlyk. Şunuň ýaly-da, biziň spektaklymyzda batyrgaý y gylyk-häsiýetleri özünde jemleýän zenan gahrymanlar bar. Olar: şazadanyň söýgülisi Perizat (Şemşat Kasymowa) hem-de Kiçigyzdyr (Dilşat Meläýewa).
Birmahallar Perizatdan maşgala ojagynyň bagtyny aňladýan gurjagy sowgat alan Kiçigyz soňra atly-ýaragly söweşjeň esger-zenana öwrülýär. Egnine polat sowut, başyna tuwalga geýen, gylyçdyr-galkan dakynan Kiçigyza daşyndan ýaş görmegeý gyzdyr hem öýtmeýärsiň. Perizat öz adamsyna mirasdüşer perzendiň şatlygyny sowgat berip biljek gyz hökmünde Kiçigyzy saýlaýar we ony şazadanyň köşgüne getirýär...
Tomaşaçylar bu rowaýatyň gahrymanlarynyň begenen ýerlerinde begenip, olaryň gynanan ýerlerinde-de bile gynanýarlar. Haçanda köp garaşdyran ak leglek ganatlarynyň üstünde bu maşgala täze doglan bäbejigi alyp gelende tomaşaçylar şowhunly el çarpmalar bilen ony garşy alýarlar.
Halk arasynda şeýle bir gürrüň bar: « Bir derek daragtynyň ekilen ýerinde onuň gapdalyndan hökman ikinjisi hem gögerip çykýar. Bu özara wepadarlygyň sarsmaz kanunydyr».
Swetlana ÇIRSOWA
Surata düşüren: Ýuriý ŞKURIN