Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýanyň meşhur “Bouygues Batiment International” kompaniýasynyň prezidenti — Baş direktory Marten Buigi kabul etdi.
Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy doglan güni hem-de şu günki şanly waka, “Arkadag” myhmanhana toplumynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady we milli Liderimize berk jan saglyk hem-de jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikler arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, dürli pudaklarda, şol sanda şähergurluşyk ulgamynda işleýän esasy daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz “Bouygues Batiment International” bilen işewür hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini belledi. Bilelikdäki taslamalaryň birnäçesiniň üstünlikli amala aşyrylmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa kompaniýa bildirýän uly ynamy üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza we tutuş türkmen halkyna bagt, abadançylyk hem-de ähli ulgamlarda üstünlikler arzuw etdi.