Ï Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

view-icon 1670

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German bilen söhbetdeş boldy.

Hanym Natalýa German wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimizi doglan güni bilen gutlady we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de sebitde ykrar edilen parahatçylyk dörediji merkez hökmünde Bitarap Türkmenistanyň möhüm ornuny nygtady. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy, şeýle hem döwlet Baştutanymyzy paýtagtymyzyň binagärlik keşbine görk goşan “Arkadag” myhmanhanasynyň açylmagy bilen gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar hem-de hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen strategik hyzmatdaşlyga berk ygrarlydygyny tassyklady. Milli Liderimiz Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmek bilen, giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşýandygyny, häzirki döwrüň wajyp meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýandygyny belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda ýurdumyzyň hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy. Şol hyzmatdaşlyk ilkibaşdan netijeli häsiýete eýedir. Şunda döwlet Baştutanymyzyň dürli ugurlarda öňe süren döredijilikli başlangyçlarynyň, şol sanda 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň möhümdigi bellenildi. Bu başlangyç BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen berkidildi.

Şunuň bilen baglylykda, hanym Natalýa German milli Liderimize BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işine hem-de Birleşen Milletler Guramasy bilen özara gatnaşyklara hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. BMG Türkmenistany örän jogapkärli we ygtybarly hyzmatdaş hasaplaýar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy ýurdumyzyň hem-de BMG-niň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň bilelikdäki işiň köpýyllyk tejribesine, şeýle-de bar bolan uly kuwwata daýanmak bilen, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.