Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Altkom” toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Altkom” toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygyny kabul etdi

view-icon 1145

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Altkom” maliýe-senagat toparynyň başlygy Aleksandr Tislenkony kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy doglan güni hem-de türkmen paýtagtynda “Arkadag” myhmanhanasynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady we milli Liderimize berk jan saglyk hem-de üstünlikler, täze taryhy eýýamyň ägirt uly meýilnamalaryny durmuşa geçirmekde egsilmez gujur-gaýrat arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de ýurdumyzyň döwlet durmuşynyň esasy ulgamlarynda giň gerimli özgertmeler strategiýasyny amala aşyrmak bilen, deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny nygtady.

Duşuşygyň dowamynda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Innowasion, bäsdeşlige ukyply ykdysadyýetiň kemala getirilmeginiň dünýäniň iň gowy we öňdebaryjy tehnologik işläp taýýarlamalarynyň ornaşdyrylmagyny göz öňünde tutýandygy bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň dostlukly ýurduň kompaniýalarynyň pudaklaýyn ösüş maksatnamalaryna we iri taslamalara gatnaşmagy bilen baglanyşykly tekliplerine garamaga taýýardygyny nygtady.