Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainanyň “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygy Wladimir Petrugy kabul etdi.
Myhman ikiçäk duşuşykda işewür hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimizi doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de döwlet Baştutanymyza bagt, abadançylyk we döwlet işinde üstünlikler arzuw etdi. Pursatdan peýdalanyp, işewür hormatly Prezidentimizi döwrebap “Arkadag” myhmanhana toplumynyň açylmagy bilen gutlady.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, “Açyk gapylar” syýasatyna gyşarnyksyz eýerýän Türkmenistanyň daşary ýurt kompaniýalary, şol sanda dostlukly Ukrainanyň işewür toparlary bilen deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny belledi.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň netijeli hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri açýandygy nygtaldy. Şol maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dürli maksatly desgalaryň köp sanlysy gurulýar, inžener-tehniki ulgamlar doly döwrebaplaşdyrylýar.
Işewür “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň okgunly ösýän türkmen bazarynda eýeleýän ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtap, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryna geljekde-de örän jogapkärli çemeleşjekdigine ynandyrdy. Soňky ýyllarda Türkmenistanda iri düzümleýin taslamalar işjeň durmuşa geçirilýär.