Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly jenap Prezident!
Doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, bagt hem-de öňde goýlan maksatlaryň üstünlikli amala aşmagyny arzuw edýärin.
Türkmenistanyň we Gruziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň depginli hem-de netijeli ösýändigini kanagatlanma bilen bellemek isleýärin. Gruziýa Türkmenistan bilen özara ýakyn gatnaşyklara uly baha berýär hem-de ony diňe bir ygtybarly hyzmatdaş däl-de, eýsem, öz dosty hasaplaýar.
Pursatdan peýdalanyp, ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge we pugtalandyrmaga goşýan şahsy goşandyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymy bildirýärin. Umumy tagallalar netijesinde hyzmatdaşlygymyzyň özara gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlarda mundan beýläk-de jebisleşdiriljekdigine ynanýaryn.
Ýene-de bir gezek Size berk jan saglyk, uzak ömür we jogapkärli işiňizde üstünlik arzuw edýärin.
Hormatlamak bilen,
Salome Zurabişwili,
Gruziýanyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!
Milli Lider hem-de döwlet Baştutany hökmünde Siz kanun çykaryjylyk, ykdysady-durmuş ulgamlarynda düýpli özgertmelere badalga berýärsiňiz. Bu özgertmeleri dowam edip, Siz raýatlaryňyzyň rahat we bagtyýar durmuşy üçin hemme şertleri döredýärsiňiz.
Döwlet häkimiýetiniň ýurduňyzyň prawoslaw jemgyýetleri bilen oňyn gatnaşyklarynyň ösdüriljekdigine umyt edýärin. Bu hyzmatdaşlygyň halkyň jebisleşmegine, dinleriň arasyndaky gatnaşyklary goldamaga, raýat ylalaşygyny döretmäge, ösüp gelýän nesilleri däp bolan ahlak gymmatlyklary ruhunda terbiýelemäge mundan beýläk hem ýardam etjekdigine ynanýaryn.
Size berk jan saglyk hem-de jogapkärli döwlet işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň raýatlaryna bolsa abadançylyk we parahatçylyk arzuw edýärin.
Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,
Kirill,
Moskwanyň we Bütin Rusuň Patriarhy.