Ï Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini Daşkentde geçiriljek konferensiýa gatnaşyjylar ara alyp maslahatlaşarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini Daşkentde geçiriljek konferensiýa gatnaşyjylar ara alyp maslahatlaşarlar

view-icon 2596

Iýul aýynyň 15-16-synda Daşkentde geçiriljek “Merkezi we Günorta Aziýa: sebitleýin özara gatnaşyk. Kynçylyklar we mümkinçilikler” atly halkara konferensiýa gatnaşmaga Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň döwlet we hökümet baştutanlary, daşary işler ministrleri, Russiýanyň, ABŞ-nyň we Hytaýyň, şeýle hem halkara guramalaryň wekilleri çagyryldy.

Forumyň çäginde ýurtlaryň arasynda ulag, logistika, energetika we söwda, şeýle hem medeni we gumanitar gatnaşyklar boýunça hyzmatdaşlygy durmuşa geçirmek baradaky teklipleri ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.

Duşuşykda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň dünýä ilatynyň 25%-iniň ýaşaýan ýeri bolan harytdyr hyzmatlary eksport etmek üçin geljegi uly bazar bolup duran Günorta Aziýa döwletleri bilen ykdysady hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine garalar.

Mysal üçin, Türkmenistan sebitde Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisini gurmak boýunça taslamany durmuşa geçirýär. Gyrgyzystan we Täjigistan Owganystany we Pakistany 5 milliard kWt/sagat elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin, elektrik geçiriji liniýalaryň gurluşygyny göz öňünde tutýan CASA-1000 halkara taslamasyny durmuşa geçirýär, Gazagystan bolsa Hindistan we beýleki Günorta Aziýa ýurtlary bilen söwdany artdyrmak üçin, Eýranyň Çabahar portuny ulanmak bilen, Demirgazyk – Günorta halkara ulag dälizini ösdürmäge gatnaşýar.

Türkmenistan Özbegistanyň iň möhüm sebit hyzmatdaşlaryndan biridir. GDA internet portalynyň maglumatlaryna görä, soňky dört ýylda bu iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 2,7 esse artypdyr. Daşkent we Aşgabat üçin iň möhümi dokma, gurluşyk, himiýa we elektron senagaty ýaly ugurlar boýunça birnäçe bilelikdäki taslamada özara hyzmatdaşlygyň artdyrylmagydyr.

Bu ýurtlar garaşsyzlyga eýe bolandan soň, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat we ynam ýörelgelerine esaslanýan türkmen-özbek strategik hyzmatdaşlygy indi birnäçe ýyl bäri köpasyrlyk umumy mirasy bolan iki dogan halkyň arasyndaky gatnaşygy häzirki zaman şertlerinde ýola goýmagyň we ösdürmegiň ajaýyp mysaly bolup gelýär.

Roman Teplýakow