Ï Milli Liderimiziň amala aşyrýan «Açyk gapylar» syýasatynyň ugry bilen
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Milli Liderimiziň amala aşyrýan «Açyk gapylar» syýasatynyň ugry bilen

view-icon 3992

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, «Merkezi we Günorta Aziýa: sebit özara baglanyşygy. Şertler we mümkinçilikler» atly ýokary derejedäki halkara maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyzyň wekiliýeti 2021-nji ýylyň 14 — 16-njy iýuly aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde gulluk iş saparynda bolýar.

Forumyň öňüsyrasynda türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygy boldy, onuň barşynda taraplar sebitiň ýurtlarynyň arasynda dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Şu ýylyň awgustynda Türkmenistanda geçirilmegi göz öňünde tutulýan Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy hem-de onuň çäklerindäki syýasy, ykdysady we ynsanperwer häsiýetli çärelere taýýarlyk görmek ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň esasyny düzdi.

Ministrler forumyň gün tertibi boýunça pikir alşyp, öňde boljak duşuşygyň şertnamalaýyn-hukuk bölegini, hususan-da, kabul edilmegi meýilleşdirilen resminamalary hem-de guramaçylyk-teswirnama bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar köptaraplaýyn düzümleriň ugry boýunça özara gatnaşyklary has-da giňeltmegiň möhümdigini belläp, diplomatik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak baradaky pikirlerini aýtdylar.

15-nji iýulda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary bilen ABŞ-nyň Prezidentiniň içerki howpsuzlyk meseleleri boýunça Geňeşçisi hanym Elizabet Şerwud-Rendallyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda «C5+1» dialogynyň çäklerinde gepleşikler geçirildi. Onuň barşynda degişli görnüşdäki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna seredildi.

Taraplar howanyň üýtgemegi we ekologiýa meselelerini, sebitiň ulag-üstaşyr kuwwatyny ösdürmek bilen bagly soraglary hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezdiler. Ýokary derejede geçirilýän halkara maslahatyň gün tertibi bilen baglylykda, Günorta we Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça pikir alyşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar sebit howpsuzlygynyň wehimlerine garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen diplomatik gepleşikleriň dowam etdirilmegine gyzyklanmany tassykladylar.

Owgan meseleleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrmaga ýardam edýän durnukly we amatly şertleriň döredilmegine ygrarlydygyny bellediler.

Gepleşikleriň jemleri boýunça Bilelikdäki beýannama kabul edildi.

Forumyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili hanym Teri Hakala bilen duşuşygy boldy.

Hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşmagyň barşynda söwda-ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna garaldy. Saglygy goraýyş, ekologiýa, ulag, bilim ulgamlarynda amala aşyrylýan we göz öňünde tutulýan bilelikdäki taslamalara seljerme berildi.

Sebit we halkara gün tertibiniň esasy ugurlaryna aýratyn üns berildi. Duşuşyga gatnaşyjylar sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy saklamakda daşary syýasy utgaşdyrmany güýçlendirmek barada aýtmak bilen, ÝB-niň Merkezi Aziýanyň ýurtlary bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygynyň netijeliligini tassykladylar.

15-16-njy iýulda geçirilýän «Merkezi we Günorta Aziýa: sebit özara baglanyşygy. Şertler we mümkinçilikler» atly ýokary derejedäki halkara maslahatyň gün tertibi ulag-logistika, energetika, söwda, önümçilik, maýa goýum, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hem-de täze tehnologiýalar babatda sebitiň ýurtlarynyň gatnaşyklaryny ösdürmek bilen bagly meseleleri öz içine alýar.

Maslahatyň işine dünýäniň 40-dan gowrak ýurdunyň, şol sanda halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşýarlar. Onuň çäklerinde mejlisler geçirilip, olarda dürli ugurlarda Merkezi we Günorta Aziýanyň döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.