Ï Ýurduň demirgazygynda kartofel ýygymy dowam edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurduň demirgazygynda ýer almanyň ýygymy dowam edýär

view-icon 3038

Ýurduň demirgazygynda ýazlyk ýer almanyň ýygymy ýokary depginde alnyp barylýar. Bu ýyl ol Daşoguz welaýatynda 1900 gektar meýdanda ekildi. Bu ýerleriň agramly bölegi Gurbansoltan eje adyndaky etrapda ýerleşýär. Ýygym işleriniň ýokary derejede guralmagy netijesinde, bu ekin meýdanlaryndan eýýäm 12,500 tonnadan gowrak hasyl alyndy. Bu ýerde “N. Andalyp” we “Sawat” daýhan birleşikleri, şeýle hem hususy pudak esasy ýer almanyň öndürijilerdir. S. A. Nyýazow adyndaky etrabyň ýazda 450 gektar meýdana ýeralma eken daýhanlar öňlerinde goýlan wezipäni ýakyn günlerde ýerine ýetirerler. Bu ýerde şu güne çenli takmynan 6000 tonna hasyl ýygnaldy.

Daýhanlara döwlet tarapyndan berlen giňişleýin goldaw we höweslendirme netijesinde, Daşoguz welaýatynda ýer almany ösdürip ýetişdirmekde ýeterlik tejribe toplandy. Bu ýerde howa şertlerine garamazdan, ýylyň dowamynda iki hasyl ösdürip ýetişdirmegi öwrenipdirler. Ekiş üçin iň amatly ýerleri we ýer almanyň sebit üçin ýokary hasylly, kesele garşy durnukly, idegi kyn bolmadyk görnüşlerini saýlamak, şeýle hem suw baýlyklaryny paýhasly ulanmak bu işde ýardam edýär. Sebitde ýerli toprakda we howa şertlerinde ösdürip ýetişdirmek üçin Gollandiýa seleksiýasynyň orta hem irki görnüşleri ileri tutulýar.

Güýzde sebit boýunça ýene 800 gektar meýdana ýer almanyň ekiljekdigini belläliň. Ýerli daýhanlar her gektardan pesinden 140 sentner hasyl almagy umyt edýärler. 

Batyr Öräýew