Ï Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

view-icon 2646

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar. Iş maslahatynda gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek bilen bagly möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim welaýatyň etraplarynyň ýerleşişini görkezýän karta boýunça gowaça, bugdaý we beýleki oba hojalyk ekinleriniň meýdanlary barada maglumat berdi.

Soňra häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaça agrotehniki kada laýyk ideg etmek, bugdaý ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak, şeýle hem gök ekerançylykda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.

Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi işlerini geçirmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak we gowaçanyň ujuny çyrpmak işleri dowam edýär. Şeýle hem häkim welaýatyň gowaça meýdanlarynda keselleriň we zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak üçin görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Häkim welaýatda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna hemmetaraplaýyn taýýarlygyň çäklerinde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli şanly senäni mynasyp garşylamak we guramaçylykly geçirmek boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň ekerançylyk meýdanlary barada maglumat berýän karta bilen tanşyp, gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmek ugrunda ekin meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, öz wagtynda geçirilmelidigine ünsi çekdi. Şeýle hem milli Liderimiz welaýatyň biokärhanalarynyň netijeli işini ýola goýmak babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekerançylyk meýdanlarynda ideg işlerinde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň hem-de gurallarynyň doly güýjünde işledilmeginiň, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleriniň bellenilen möhletlerde, ýokary hilli geçirilmeginiň möhüm talapdygyny belledi.

Bugdaý ekişinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary hem-de gurallary, ekiş üçin zerur tohumlar möwsüme doly taýýar edilmelidir. Şeýle hem welaýatda güýzlük ýeralmanyň, gök we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişiniň öz wagtynda, talabalaýyk tamamlanmagy üçin zerur çäreler görülmelidir.

Döwlet Baştutanymyz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň berk gözegçilikde saklanylmalydygyny belledi hem-de bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitiň etraplarynyň ýerleşişini görkezýän kartada ekerançylyk meýdanlarynyň ýagdaýy barada maglumat bermek arkaly gowaça meýdanlarynda, ekiş geçirilmegi meýilleşdirilen ýerlerde alnyp barylýan işler we olaryň agrotehniki kadalara laýyk gelmegi ugrunda edilýän tagallalar barada hasabat berdi. Gowaça ideg etmek işinde ulanylýan tehnikalar we beýleki gurallar doly güýjünde işledilýär.

Şol bir wagtyň özünde häkim welaýatyň bugdaý ekiljek meýdanlarynda sürüm we tekizleýiş işleriniň geçirilýändigini, möwsüme hemmetaraplaýyn taýýarlyk işleriniň görülýändigini habar berdi.

Bu işler bilen bir hatarda ekerançylyk meýdanlarynda güýzlük ekinleriň ekişini guramaçylykly geçirmek, gant şugundyrynyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyk derejede alnyp barylýandygy barada aýdyldy.

Häkim Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak, şu ýyl üçin meýilleşdirilen ähli işleri öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny mynasyp garşylamak ugrunda welaýatyň ähli düzümlerinde taýýarlyk işleri batly depginde alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaça edilýän ideg işleriniň agrotehniki talaplara laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň geljekki bol hasylyň girewidigini belledi.

Milli Liderimiz hatarara bejergi işleriniň ýokary hilli geçirilmeginiň, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, gowaçanyň ujuny çyrpmak bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz şol bir wagtyň özünde geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda işledilýän oba hojalyk tehnikalarynyň, beýleki gurallaryň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigini, ekiş üçin zerur tohumlaryň möwsüme doly taýýarlanylmalydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz güýzlük gök we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişiniň agrotehniki möhletde geçirilmeginiň, gant şugundyry ekilen meýdanlarda alnyp barylýan ideg işleriniň agrotehniki talaplara laýyk gelmegini üpjün etmegiň möhüm talap bolup durýandygyny aýratyn belledi.

Eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli alnyp barlyşy berk gözegçilikde saklanylmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi hem-de bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde welaýatyň etraplarynyň ekerançylyk meýdanlary hakynda kartanyň üsti bilen ýerine ýetirilýän işler, hususan-da, gowaça meýdanlarynda ekinlere agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Welaýatyň zähmetsöýer pagtaçylary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda bol hasyl ösdürip ýetişdirmek ugrunda toplumlaýyn işleri alyp barýarlar. Şu günler gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, gowaçanyň ujuny çyrpmak işleri agrotehniki kadalara laýyklykda dowam edýär. Şol bir wagtyň özünde keselleriň we zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça welaýatyň biobarlaghanalarynda zerur işler geçirilýär.

Häkim güýzlük bugdaý, ýeralma, gök we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişini bellenilen möhletlerde guramaçylykly geçirmek, welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işlerini talabalaýyk alyp barmak ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigini, ekinlerden ýokary hasyl öndürmek üçin degişli çäreleriň görülýändigini aýtdy.

Welaýatyň etraplarynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 30 ýyllygyny ýokary zähmet sowgatlary bilen garşylamak üçin toplumlaýyn işlere giň gerim berildi, şol sanda şanly senäniň hormatyna gurlup, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň depgini güýçlendirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaça ylmy esasda we öz wagtynda ideg etmegiň, şeýle hem güýzlük ekinleriň ekişine ýokary derejede taýýarlyk görmegiň möhümdigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ideg işlerinde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegi, biokärhanalarda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk getirilmegi, geljek ýylyň hasyly üçin kesgitlenen meýdanlarda degişli taýýarlyk işleriniň bellenilen möhletinde we ýokary hilli geçirilmegi babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyndan hem-de Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipelere laýyklykda, şu ýyl üçin meýilleşdirilen ähli işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik edilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny mynasyp derejede dabaralandyrmak ugrunda edilýän tagallalaryň toplumlaýyn häsiýete eýe bolmalydygyny belledi we bu işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitiň ähli etraplarynyň ekerançylyk meýdanlary, suwarymly ýerler we özleşdirilmegi meýilleşdirilýän ýer bölekleri barada maglumat berýän kartany görkezip, häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Hususan-da, şu günler gowaçanyň hatarara bejergisini geçirmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak, şeýle hem gowaçanyň ujuny çyrpmak işleri agrotehniki kadalara laýyk derejede dowam edýär. Şol bir wagtda keselleriň we zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlary taýýarlamak, güýzlük ekinleriň ekişini guramaçylykly geçirmek ugrunda zerur tagallalar edilýär, şeýle hem şaly ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehniki kada laýyklykda ýerine ýetirilýär.

Häkim Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamak ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigini habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmekde uly ähmiýete eýe bolan agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Welaýatyň biokärhanalarynda alnyp barylýan işler ylmy esasda geçirilmelidir, oňa täzeçil tehnologiýalar, häzirki zamanyň ösen tejribesi ornaşdyrylmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz, gowaça babatda bolşy ýaly, beýleki ekinlere hem ideg işleriniň, güýzlük bugdaýyň, ýeralmanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişiniň bellenen möhletinde, ýokary hilli geçirilmeginiň möhüm talapdygyna ünsi çekip, häkime anyk tabşyryklary berdi. Şol bir wagtyň özünde ideg işlerinde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň bökdençsiz işledilmegi üpjün edilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz ata Watanymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalaryň gurluşyklarynyň bellenilen möhletinde, ýokary hil derejesinde tamamlanmagynyň wajypdygyny belledi hem-de bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew, ilki bilen, sebitiň etraplarynyň ýerleşiş ýagdaýyna, olaryň ekerançylyk meýdanlaryna degişli kartany görkezip, sebitiň gowaça ekilen meýdanlarynda alnyp barylýan toplumlaýyn ideg işleri barada hasabat berdi. Şu günler gowaça ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ujuny çyrpmak, zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça zerur işler geçirilýär.

Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekmäge niýetlenen meýdanlarda degişli taýýarlyk işleri ýerine ýetirilýär. Şol bir wagtyň özünde güýzlük ýeralmanyň, gök we beýleki oba hojalyk ekinleriň ekişini bellenen möhletde geçirmek ugrunda zerur tagallalar edilýär. Gant şugundyrynyň ekilen meýdanlarynda ideg işleri agrotehniki talaplara laýyk alnyp barylýar.

Häkim şu günler Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň şany 30 ýyllyk baýramynyň hormatyna ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy, şanly senäni mynasyp dabaralandyrmak ugrunda görülýän taýýarlyk işleri barada maglumat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda ýerine ýetirilýän işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, öz wagtynda geçirilmelidigine ünsi çekip, ideg işlerinde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň bökdençsiz hereketini ýola goýmak we güýzlük ekinleriň ekişiniň ýokary taýýarlyk derejesini üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri üns merkezinde saklamagy talap etdi.

Milli Liderimiz ekerançylaryň ýokary hilli tohum bilen üpjün edilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belläp, bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi. Welaýatda gant şugundyrynyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek ugrunda alnyp barylýan işler talabalaýyk ýola goýulmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Gahryman Arkadagymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylda welaýatyň çäklerinde ähli işleriň öz wagtynda we ýokary hilli tamamlanmagynyň, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli gurlup, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalarda gurluşyk işleriniň bellenilen möhletinde, ýokary hilli ýerine ýetirilmelidigine ünsi çekip, bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynda Daşoguz welaýatynda iş saparynda bolýan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew aragatnaşyga çykdy.

Wise-premýer gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleri, pagta ýygymy möwsümine görülýän taýýarlygyň derejesi, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini bellenilen möhletlerde we ýokary hilli geçirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi.

Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda hem-de Balkan, Mary welaýatlarynyň güýzlük gant şugundyry ekilen meýdanlarynda ideg işleri ýokary derejede alnyp barylýar.

Welaýatlar boýunça şu ýyl ekilmegi meýilleşdirilýän güýzlük ýeralmanyň ekiş geçiriljek 5 müň gektar meýdanynyň taýýarlyk derejesi barada hasabat berildi. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ekilmeli gök ekinleriň we beýleki aralyk ekinleriň ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek ugrunda zerur tagallalar edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat toplumynda möhüm möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki kadalara laýyk derejede geçirilmeginiň wajypdygyny belläp, pudaga häzirki zamanyň ösen tejribesiniň, ylmyň ýokary gazananlarynyň ornaşdyrylmagy, önüm öndürijiler üçin zerur şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň berk gözegçilikde saklanylmalydygyna ünsi çekdi.

Oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ekin dolanyşygyna täze meýdanlary girizmek, obasenagat toplumynda ylmy taýdan esaslandyrylan usullaryň hem-de öňdebaryjy tehnologiýalaryň milli tejribe bilen sazlaşykly peýdalanylmagy döwrüň möhüm talabydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň bellenilýän, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, bugdaýy, gowaçany, gök hem bakja ekinlerini, ir-iýmişleri ösdürip ýetişdirmek, maldarçylykdan alynýan önümleriň mukdaryny artdyrmak bilen baglanyşykly meseleler berk gözegçilikde saklanylmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi hem-de bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi