Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Gurban baýramy mynasybetli gutlag hatlary gelip gowuşýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Gurban baýramy mynasybetli gutlag hatlary gelip gowuşýar

view-icon 3263

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Tunisiň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize mukaddes Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermek meniň üçin uly hormatdyr.

Gudraty Güýçli Allatagaladan Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk hem-de rowaçlyk dileg edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, ýurtlarymyzyň hem-de halklarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy we doganlyk gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändigimizi bellemek isleýärin.

Kais SAID,

Tunis Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn.

MOHAMMED VI,

Marokkonyň Patyşasy.