Ï Türkmenistanyň Prezidenti ýaşlary sporty söýmäge çagyrdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti ýaşlary sporty söýmäge çagyrdy

view-icon 4229

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy okuw sapagyny geçdi.

Döwlet Baştutany sportuň ynsany beden we ruhy taýdan taplaýan, dünýägaraýşyny kämilleşdirýän gymmatlykdygyny ýatlatdy.

«Bedenterbiýä we sporta biz jemgyýetimizi jebisleşdirýän, halkymyzy beýik ösüşlere ruhlandyrýan güýç hökmünde garaýarys. Şundan ugur alyp, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürýäris. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde, şol sanda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän sport desgalaryny, stadionlary, atçylyk-sport toplumlaryny, ýöriteleşdirilen sport mekdeplerini gurduk. Gözel paýtagtymyzda bolsa özboluşly Olimpiýa şäherçesini döretdik» -diýip, milletiň Lideri aýtdy.

Döwlet Baştutany Halkara Olimpiýa Komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyzyň Olimpiýa hereketini ösdürmäge mynasyp goşant goşýandygyny belledi.

Şu ýylyň iýul-awgust aýlarynda türgenlerimiziň sportuň birnäçe görnüşi boýunça Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna işjeň gatnaşmagy munuň aýdyň mysalydyr.

«Biziň agyr atletikaçy türgenimiz Polina Gurýewa bolsa bu Oýunlarda üstünlikli çykyş edip, kümüş medala mynasyp boldy we ýurdumyza uly abraý getirdi» -diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

«Meniň geljegimiz bolan ýaşlara berjek nesihatym: sporty söýüň!

Sport güýç-gaýratdyr, gözellikdir, sagdynlyk we ruhubelentlikdir.

Türkmen sportunyň beýik geljegi merdana ýaşlarymyzyň ynamly ellerindedir. Biz muňa çäksiz buýsanýarys» - diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

 «AA» habarçysy