Ï «Türkmenistan sport» žurnalynyň täze sany çykdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmenistan sport» žurnalynyň täze sany çykdy

view-icon 5347

«Türkmenistan sport» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Ol Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bedenterbiýe-sport ulgamynda öňe süren we amala aşyrýan özgertmeleri barada gürrüň berýän «Milli Lider» atly redaksion makala bilen açylýar.

Ýurdumyzyň Prezidentiniň başlangyjy bilen neşir edilýän žurnal gysga wagtda öz okyjysyny tapdy diýse bolar. Neşiriň muşdaklary onuň täze sanyna sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. Ol hem düşnüklidir. Golaýda tamamlanan Tokio Olimpiadasynda az sanly bolsa-da, ýaryşlara hyjuwly gatnaşan türkmen türgenleri şowly çykyş etdielr.

Watanymyzda türgenlerimiziň Olimpiada oýunlaryndaky çykyşlaryna mynasyp we ýokary baha berildi. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hünärmeni Rahat Samatow «Olimpiadanyň kümüş medaly» atly giňişleýin makala ýazypdyr. «Agyr atletikaçy gyz Polina Gurýewa Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistanyň ilkinji medalyny gazandy» atly kiçi sözbaşy okyjylaryň ünsüni özüne çekýär.

Eli kümüş medally bagtyýar Polinanyň suraty Tokioda ýaňlanan milli gimnimizi okyjylaryň ýadyna salýar.

Halkara Olimpiýa Gününe bagşlanan «Kuberteniň weýeti bilen» atly synda baýramyň döreýşi we munuň bilen baglylykda ýurdumyzda amala aşyrylýan çäreler beýan edilýär.

Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-nyň mugallymy Gurbangül Myradowanyň «Diýarym-sport ýurdy» atly makalasy türgenlerimiziň soňky ýyllarda halkara derejesinde gazanan üstünliklerine bagyşlanypdyr.

Žurnalyň beýleki materiallary ahal-teke bedewiniň we türkmen alabaýynyň gününe, Çagalary goramagyň halkara gününe, Türkmen halysynyň baýramyna, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe, Bütindünýä welosiped gününe, olary geçirmegiň häzirki aýratynlyklaryna bagyşlanypdyr.

Žurnalyň ylmy-populýar bölüminde möhüm ekologiýa meselelerine bagyşlanan makalalar berlipdir, ol «Daşky gurşaw we biz» atly makala bilen açylýar. Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy Sähragül Janmämmedowanyň hem-de Türkmen döwlet dolandyryş we ykdysadyýet institutynyň mugallymy Oguldurdy Derýagulyýewanyň makalalarynda hem şu tema anyk ugurlar boýunça (ykdysadyýet, sanly ulgama geçmek we medeniýet) beýan edilýär.

Maglumatlar-populýar žanryň muşdaklary üçin žurnalist Leonid Kiýaşkonyň «Älem hemrasyndan Hazary görkezdiler» atly makalasy ýerleşdirilipdir, Türkmensitanyň at gazanan žurnalisti, ýaşuly galamgär Annabaýram Paýaýew bolsa «Atlar dogry ýola düşdi» atly makalasynda käbir hünär «syrlary» barada gürrüň berýär.

Edebi-publisistika žanrynyň muşdaklary Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy, taryh ylymlarynyň kandidaty, dosent Amanbibi Gylyjowanyň «Türkmen halkynyň milli şahyry» atly makalasyny okap bilerler.

Žurnal Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň döredijiligini elipbiý tertibinde çap edip, okyjylaryň ünsüni özüne çekýär, onda her harpda belli saz, edebi-çeper eserler we olaryň awtorlary barada gürrüň berilýär.

Žurnalyň çerýekde bir gezek neşir edilýändigine garamazdan, neşiriň işgärleri materiallary okyjylara gyzgyny bilen ýetirmäge çalyşýarlar. Onuň bir sahypasy futbol muşdakalry üçin «täze» waka –Gazagystanyň «Kaýrat» futbol klubuna ýolbaşçylyk edýän tanymal türkmen türgeni Gurban Berdiýewe bagyşlanypdyr.

Žurnalyň çeperçilik taýdan bezeginiň hem ýokary derejededigini bellemek gerek.

«AA» habarçysy