Türkmenistanly tennisçi ITF ýaryşyna gatnaşýar

eye
2522
Türkmenistanly tennisçi  ITF ýaryşyna gatnaşýar

Türkmen tennisçisi, milli ýygyndy toparyň agzasy Isa Muhammetgulyýew Halkara tennis federasiýasynyň Kairde (Müsür) geçirýän M15 Cairo 2021 Tennis Tournament ýaryşyna gatnaşýar.

Isa italiýaly we müsürli bäsdeşlerinden üstün çykyp, ýaryşyň üçünji aýlawyna çykdy. Indi ol argentinaly türgen bilen duşuşar. Ýaryşa Hindistandan, Russiýadan, Braziliýadan, Fransiýadan, Tailanddan, Ispaniýadan, Awstriýadan, Awstraliýadan, Alžirden, Ermenistandan, ABŞ-den we beýleki ýurtlardan tennisçiler gatnaşýarlar.

M15 Cairo 2021 Tennis Tournament ýaryşy 12-nji sentýabra çenli dowam eder.

Isa ýekelikde dünýäniň dördünji raketkasy, WTA ýaryşlarynyň dokuzysynyň ýeňijisi slowakiýaly tennisçi Dominika Sibulkowanyň akademiýasynda tälim aldy. Ol erkekleriň arasynda Dewisiň Kubogy (Davis Cup) toparlaýyn iri halkara ýaryşlarynda birnäçe gezek Türkmenistana wekilçilik etdi.

Aýjahan Ataballyýewa