Ï Sport — hemmeler üçin! Sport — her bir adam üçin!
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sport — hemmeler üçin! Sport — her bir adam üçin!

view-icon 4773

Aşgabatda maýyplaryň arasynda stol tennisi boýunça birinjilik ugrundaky ýaryş tamamlandy. Oňa fiziki mümkinçiligi çäkli 30 türgen gatnaşdy.

«Sport – hemmeler üçin! Sport – her bir adam üçin!» şygary astynda geçen ýaryşlar «Türkmenistanyň maýyplara goldaw merkezi» jemgyýetçilik birleşigi tarapyndan gurnaldy.

Üç derejede çykyş eden erkeklerden hem – 4, aýallardan hem – 4 adam çykan final sportuň bu görnüşiniň janköýerleriniň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Ýaryşa gatnaşýanlaryň arasynda diňe bir Türkmenistanyň dürli ýyllardaky çempionlary we baýrak eýeleri däl, eýsem tomusky Ýörite Olimpiýa oýunlarynyň, şeýle hem tomusky maýyplaryň Aziýa Oýunlarynyň medalçylary hem bardy.

Gazanan orunlaryna garamazdan, ýaryşa gatnaşanlaryň hemmesine diplomlar we ýadygärlik sowgatlar, ýeňijilere we baýrak eýelerine bolsa hemaýatkärleriň adyndan medallar we gymmatly sowgatlar gowşuryldy.

«AA» habarçysy