Ï Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-ni ýurdumyzyň COVID-19 ýokanjyna garşy başlangyjyny goldamaga çagyrdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-ni ýurdumyzyň COVID-19 ýokanjyna garşy başlangyjyny goldamaga çagyrdy

view-icon 13129

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň paýtagtynda ŞHG-iň pandemiýa garşy göreşde türkmen başlangyçlaryny goldamagynyň bütin dünýäniň bähbidine laýyk gelýändigini belledi. Bu barada milli Liderimiz ŞHG-niň agza döwletleriniň Baştutanlarynyň ýubileý mejlisinde çykyş edende aýtdy.

«Bu gün, tutuş dünýäniň täze çylşyrymly wehimler bilen ýüzbe-ýüz bolan mahalynda, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň orny ýokarlanýar. Elbetde, bilelikdäki işiň däp bolan ulgamlaryndan başga-da, onuň mümkinçilikleri, toplan tejribesi pandemiýanyň täsirini azaltmak, kontinental ykdysady we ulag gatnaşyklaryny, düzümleri hem-de logistikany dikeltmek bilen baglanyşykly wezipeler babatda örän zerurdyr» diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sammite gatnaşýanlara Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde 2022-nji ýylyň aprelinde Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyny özünde guramagy meýilleşdirýändigini habar berdi.

«Oňa adatdan daşary şertlerde hem-de çökgünlikden soňky döwürde halkara ulag hyzmatdaşlygy meseleleri boýunça anyk we iş ýüzündäki gepleşikler üçin oňat mümkinçilik hökmünde garaýarys. Siziň döwletleriňizi bu möhüm halkara foruma gatnaşmaga çagyrýarys» diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Ol gönüden-göni koronawirusa garşy göreşmek üçin, Türkmenistanyň döwletleriň lukmançylyk bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmek hem-de yzygiderli gatnaşyk etmek ugrunda çykyş edýändigini, munuň üçin Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynda, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynda bilelikdäki işi işjeňleşdirmegi teklip edýändigini nygtady.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, hususan-da, ýurdumyz Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň koronawirusyň genomyny öwrenmek boýunça Ýörite maksatnamasyny; BSGG-niň ýiti öýken keseline garşy göreşmek boýunça köptaraplaýyn guralyny; BSGG-niň ýiti ýokanç keselleri bejermek we öňüni almak boýunça usulyýet merkezini; Epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa boýunça Merkezi Aziýa sebit merkezini döretmek başlangyjy bilen çykyş edýär.

«Bu başlangyçlaryň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan goldanylmagynyň olaryň tutuş dünýäniň bähbidine netijeli durmuşa geçirilmegine, şeýlelikde, howply ýokanç kesellere garşy göreşmek boýunça uzak möhletli geljek üçin täsirli we yzygiderli halkara gurallaryň ýola goýulmagyna ýardam etjekdigine ynanýarys» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.