Onuň Alyhezreti
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Sizi we Türkmenistanyň halkyny ýurduň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Häzirki çylşyrymly döwürde her bir ýurduň dünýäniň umumy abadançylygyna uly goşant goşýandygy barada bize ýene-de bir gezek ýatladýarlar.
COVID-19 pandemiýasyny ýeňip geçmegiň üstünde bilelikde işläp, biz täzeden dikeldiş ýagdaýlaryny ýaşaýyş-durmuşa has ukyply, durnukly we adalatly jemgyýetleri gurmak üçin peýdalanmalydyrys. Biz şeýle hem howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly adatdan daşary ýagdaýlar baradaky meseleleri çözmek üçin anyk çäreleri görmelidiris hem-de durnukly ösüş babatda maksatlara ýetmek boýunça tagallalarymyzy işjeňleşdirmelidiris.
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň, şol sanda özünde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezini ýerleşdirmegi netijesinde, möhüm hyzmatdaşy bolmagynda galýar.
Şu Garaşsyzlyk gününde Birleşen Milletler Guramasyny berkitmäge we hemmeler üçin iň oňat hem-de parahatçylykly dünýäni gurmaga Türkmenistanyň ýardam berjekdigine ynanýaryn.
Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Antoniu Guterriş,
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary.
* * *
Onuň Alyhezreti
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň yglan edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!
Siziň ýurduňyz ykdysady we durmuş ulgamlarynda uly üstünlikleri gazandy. Türkmenistanyň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasaty Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygyň hem-de howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.
Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar strategik hyzmatdaşlyk ruhunda ösdürilýär. Syýasy gatnaşyklar, dürli ulgamlardaky netijeli hyzmatdaşlyk hem-de GDA-nyň we beýleki halkara düzümleriň çäklerinde gatnaşyklar amala aşyrylýar.
Bilelikdäki tagallalarymyz arkaly ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň tutuş toplumynyň has-da ösdürilmegini üpjün etjekdigimize ynanýaryn. Munuň özi dostlukly halklarymyzyň bähbitlerine doly derejede laýyk gelýär.
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk we üstünlikleri, Türkmenistanyň ähli raýatlaryna bolsa abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.
Hormatlamak bilen,
Wladimir Putin,
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly jenap Prezident!
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň adyndan türkmen halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27-nji sentýabrda bellenilýän 30 ýyllygy mynasybetli iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn.
Birleşen Ştatlar Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklara ýokary baha berýär hem-de biz Siziň ýurduňyzyň özbaşdaklyk, çäk taýdan bitewülik we hemişelik garaşsyzlyk ýörelgelerini goldaýarys.
Birleşen Ştatlar, Türkmenistany onuň Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap, hemişe goldap gelýär. Biz ýola goýlan ikitaraplaýyn esasdaky, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly kynçylyklary hem-de СOVID-19 ýaly ählumumy wehimleri çözmegi ara alyp maslahatlaşmak arkaly tutuş Merkezi Aziýada sebit meselelerini hem-de parahatçylygy we gülläp ösüşi üpjün etmek üçin “С5+1” diplomatik binýatly görnüşiň çäklerindäki ýola goýlan ýakyn hyzmatdaşlyga buýsanýarys.
Sizi ýene bir gezek Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlaýaryn hem-de biziň ösýän hyzmatdaşlygymyzyň mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmek üçin Siziň ýurduňyz bilen mundan beýläkki hyzmatdaşlyga ynanýaryn.
Hormatlamak bilen,
Jozef Baýden,
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz,
Hormatly jenap Prezident!
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň we hytaý halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Size hem-de Türkmenistanyň halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy we arzuwlarymy beýan etmek hormatyna eýedirin.
Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolan 30 ýylynyň dowamynda ösüşiniň milli nusgasynyň ýoly bilen üstünlikli barýar, ähli ulgamlarda ajaýyp üstünlikleri gazandy we halkara jemgyýetçiliginiň möhüm agzasy boldy. Hytaý dostlukly, ýakyn goňşy we strategik hyzmatdaş hökmünde Siziň ýurduňyzyň üstünliklerine tüýs ýürekden guwanýar.
Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň has-da uly üstünlikleri gazanjakdygyna ynanýaryn.
Şu ýylyň maý aýynda Siziň bilen telefon arkaly üstünlikli gepleşikleri geçirdik hem-de birnäçe möhüm ylalaşyklary gazandyk, bu bolsa hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň mundan beýläkki ösüşiniň ugurlaryny hem-de meýilnamalaryny kesgitledi.
Men hytaý-türkmen strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny täze derejä çykarmak we iki ýurduň hem-de olaryň halklarynyň bähbidine şol hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin Siziň bilen bilelikde umumy tagallalary etmäge taýýardyryn.
Dostlukly Türkmenistana rowaçlyk hem-de beýik ösüşleri, onuň halkyna bolsa bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw edýärin.
Si Szinpin,
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy.
* * *
Onuň Alyhezreti
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly jenap Prezident, gadyrly doganym!
Öz adymdan we türk halkynyň adyndan Siziň Alyhezretiňizi hem-de doganlyk türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Siziň Alyhezretiňiziň baştutanlygynda ösüşiň köp ugurlary boýunça giň gerimli maksatnamalar durmuşa geçirilýär, şonuň netijesinde hem Türkmenistan sebitde abadançylygyň we durnuklylygyň merkezine öwrüldi.
Dilimiziň, medeniýetimiziň, taryhymyzyň hem-de ruhy gymmatlyklarymyzyň umumylygyna esaslanýan dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň geljekde-de ikitaraplaýyn esasda bolşy ýaly, sebit we halkara derejelerde hem has-da ösdüriljekdigine ynanýaryn.
Siziň Alyhezretiňiz bilen bilelikdäki işlerimiziň netijesinde gazanylan üstünlikleri has-da artdyrmaga umumy gyzyklanmalarymyzyň bardygyna şatdyryn.
Ýakyn wagtda Türkmenistana ozaldan meýilleşdirilen saparymy amala aşyrmagy maksat edinýärin. Öňde boljak saparyň biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklarda täze sahypany açjakdygyna ynanýaryn.
Siziň Alyhezretiňize, gadyrly doganyma berk jan saglyk we bagtyýarlyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.
Rejep Taýyp Ärdogan,
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Jenap Prezident!
Sizi we türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlaýaryn!
Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolan döwründen bäri, özüniň Bitaraplyk syýasaty netijesinde, sebitiň durnuklylygyna goşant goşýar.
Geljek ýyl biz ýurtlarymyzyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň şanly 30 ýyllyk senesini bilelikde belläris. Şol döwür içinde syýasy, ykdysady we medeni ulgamlarda biziň köptaraply gatnaşyklarymyz ösdürildi. Germaniýa mundan beýläk-de Türkmenistanyň hyzmatdaşy hökmünde çykyş eder we onuň ykdysady taýdan kämilleşmegini hem-de demokratik ösüşini goldar.
Size hem-de Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin.
Frank-Walter Ştaýnmaýer,
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Hindistanyň Hökümetiniň, halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Size we türkmen halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.
Hindistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky däbe öwrülen berk dostlukly gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär, munuň şeýledigine dürli ugurlar boýunça işjeň hyzmatdaşlyk şaýatlyk edýär.
Halklarymyzyň arasyndaky birek-birege hormat goýmagyň, ynanyşmagyň hem-de özara düşünişmegiň, ýygjam we dostlukly gatnaşyklaryň pugta binýadynda bu ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk has-da pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn.
Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we abadançylyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa durnukly ösüş hem-de rowaçlyk baradaky iň oňat arzuwlarymy beýan edýärin.
Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Ram Nath Kowind,
Hindistan Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňizi hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyny ýurduň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Ýakyn goňşular bolmak bilen, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap, Eýran Yslam Respublikasy hem-de Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ýokary derejesini görkezýärler.
Biziň bilelikdäki baý medeniýetimiziň we taryhymyzyň tejribesiniň iki ýurduň syýasy, ykdysady hem-de medeni gatnaşyklaryny has-da giňeltmek üçin bilelikdäki tagallalarymyz arkaly ýene-de artdyryljakdygyna umyt edýärin.
Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize hem-de maşgalaňyza berk jan saglyk we üstünlikleri, Türkmenistanyň ruhubelent halkyna bolsa rowaçlyk hem-de abadançylyk dileg edýärin.
Seýed Ebrahim Raisi,
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Gadyrly dostum!
Sizi hem-de Siziň ýurduňyzyň doganlyk halkyny möhüm taryhy sene — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlamaga tüýs ýürekden şatdyryn.
Siziň ýolbaşçylygyňyzda Türkmenistanyň iri möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleri alyp barmak, halkyň hal-ýagdaýyny we ýurduň abraýyny halkara derejede ýokarlandyrmak boýunça deňsiz-taýsyz işleri geçirýändigini aýratyn bellemek isleýärin.
Biz soňky ýyllarda bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde, syýasy, söwda-ykdysady, medeni, bilim hem-de beýleki ulgamlarda doganlyk halklarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigine, strategik hyzmatdaşlygymyzyň bolsa düýbünden täze derejä çykandygyna ýokary baha berýäris.
Şu ýylyň 6-njy awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy dünýä jemgyýetçiliginde sebitimiziň ýurtlarynyň dostluk we hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini görkezdi.
Siziň başlangyjyňyz bilen geçirilen bu duşuşygyň ýokary derejede guralmagy bilen Sizi ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Men şu ýylyň oktýabrynda Siziň Özbegistana saparyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Daşkentde netijeli gepleşiklerimiziň barşynda gazanyljak ähli ylalaşyklaryň, anyk maksatnamalaryň hem-de bilelikdäki taslamalaryň biziň strategik hyzmatdaşlygymyzy has-da pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşjakdygyna ynanýaryn.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň baýram edilýän günlerinde Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, maşgala bagtyýarlygyny, jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri, dostlukly ýurduňyzyň halkyna bolsa mundan beýläk-de rowaçlyk hem-de abadançylyk arzuw edýärin.
Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,
Şawkat Mirziýoýew,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Sizi hem-de Türkmenistanyň ähli doganlyk halkyny taryhy şanly sene — Garaşsyzlyk gününiň 30 ýyllygy mynasybetli iň oňat arzuwlar bilen mähirli gutlaýaryn.
Gadyrly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we ähli başlangyçlaryňyzda hemişe üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw edýärin.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň şöhratly halkynyň gazanan uly üstünlikleri örän belent baha mynasypdyr. Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Türkmenistanyň bu gün saýlap alan hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine pugta eýerip, rowaçlygyň we durmuş-ykdysady ösüş ýoly bilen öňe tarap ynamly hereket etmegini dowam edýändigini, halkara derejede eýeleýän ornuny hem-de abraýyny barha pugtalandyrýandygyny bellemek ýakymlydyr.
Ajaýyp mümkinçilikden peýdalanyp, Täjigistan bilen Türkmenistanyň arasynda taryhy taýdan ýola goýlan dost-doganlyk we köptaraply hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň biziň halklarymyzyň bagtyýar geljeginiň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirýärin.
Hormatlamak bilen,
Emomali Rahmon,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Gyrgyzystanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi hem-de türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Türkmenistan 30 ýylda köpasyrlyk taryhy bilen içeri we daşary syýasatynda uly üstünlikleri gazandy, häzirki wagtda halkara jemgyýetçiliginde mynasyp orny eýeleýär.
Türkmenistan dünýäde hemişelik Bitaraplyk derejesini alan ilkinji ýurt boldy hem-de hakyky parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watanyna öwrüldi.
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Siziň alyp barýan parasatly syýasatyňyzyň netijesinde, Türkmenistan garaşsyz we durnukly döwleti gurmakda uly ösüşleri gazandy.
Garaşsyzlyk döwründe Gyrgyz Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda dostluk we doganlyk gatnaşyklary berkedi hem-de ýokary derejede ygtybarly strategik hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.
Iki doganlyk halklaryň arasyndaky dostlukly hem-de mähirli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn.
Ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Size, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, berk jan saglyk, üstünlikleri, doganlyk türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin!
Hormatlamak bilen,
Sadyr Žaparow,
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Azerbaýjanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Size we Siziň üstüňiz bilen ähli halkyňyza şanly sene — doganlyk Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de iň oňat arzuwlarymy ýollaýaryn.
Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar umumy milli we ruhy gymmatlyklar arkaly ýakyndan baglanyşykly bolan biziň doganlyk halklarymyzyň erk-isleglerinden gözbaş alýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky däp bolan dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylandygyny, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň bolsa strategik hyzmatdaşlyk derejesine çenli ýokarlandyrylandygyny we täze many-mazmuna eýe bolandygyny kanagatlanma bilen bellemek isleýärin.
Biziň pugta binýada hem-de uly kuwwata eýe bolan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga esaslanan döwletara gatnaşyklarymyzyň mundan beýläk-de depginli hem-de yzygiderli ösdürilip, halklarymyzyň bähbidine hyzmat etjekdigine ynanýaryn.
Şu baýramçylyk gününde Size, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de işleriňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa baky abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin!
Hormatlamak bilen,
Ilham Aliýew,
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Sizi we tutuş türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Siziň ýurduňyz şanly baýramyny durmuş-ykdysady ösüşiniň belent sepgitleri, döwlet gurluşygyndaky üstünlikleri, halkara giňişlikdäki abraýyny pugtalandyrmak bilen garşylaýar.
Minsk bilen Aşgabadyň arasyndaky dostluk we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan köpugurly, özara bähbitli gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň belaruslaryň hem-de türkmenleriň bagtyýar, parahat hem-de abadan durmuşyny üpjün etmäge möhüm goşant boljakdygyna tüýs ýürekden ynanýaryn.
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, şu baýramçylyk gününde Size berk jan saglyk hem-de Türkmenistanyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan netijeli işleriňizde üstünlikleri, ýurduňyzyň raýatlaryna bolsa agzybirlik hem-de durnuklylyk arzuw edýärin!
Hormatlamak bilen,
Aleksandr Lukaşenko,
Belarus Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy ibermek mende örän uly kanagatlanma döredýär. Size tüýs ýürekden bagtyýarlyk, ýurduňyzyň halkyna bolsa rowaçlyk arzuw edýärin.
Naruhito,
Ýaponiýanyň Imperatory.
* * *
Onuň Alyhezreti
Türkmenistanyň Prezidenti
doganym Gurbanguly Berdimuhamedowa
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize mähirli gutlaglarymy hem-de tüýs ýürekden arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.
Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň Hökümetine hem-de doganlyk halkyna bolsa rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýärin!
Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Goý, Allatagala Sizi öz penasynda aman saklasyn!
Siziň doganyňyz,
Iki mukaddesligiň hyzmatkäri
Salman ben Abdel Aziz Al Saud,
Saud Arabystanynyň Patyşasy.