Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin uly hormatdyr.
Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk hem-de bagt, dostlukly türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de üstünlikleri we rowaçlyklary arzuw edýärin!
Meniň iň gowy arzuwlarymy, hakyky dostlugymy we hormat-sarpamy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.
Halifa bin Zaýed Al-Nahaýan,
Birleşen Arap Emirlikleriniň
Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň ýurduňyza we halkyňyza tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.
Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belleýärin. Latwiýanyň we Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn esasda hem-de köptaraplaýyn görnüşde dürli ugurlarda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn.
Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy hem-de Siziň ýurduňyza we halkyňyza parahatçylyk, durnuklylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.
Hormatlamak bilen,
Egils Lewits,
Latwiýanyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Ukrainanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan uly üstünliklerini, durmuş we ykdysady ulgamlarda, ýurtda parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde ýeten belent sepgitlerini belläsim gelýär.
Ukraina Merkezi Aziýa sebitinde möhüm we ygtybarly ykdysady hyzmatdaş bolan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berýär.
Ýokary derejedäki syýasy gepleşikleriň işjeňleşdirilmeginiň biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine ýardam etjekdigine ynanýaryn we iki döwletiň özara gatnaşyklarynyň meseleleriniň tutuş toplumyny ara alyp maslahatlaşmak üçin ýakyn wagtda Siziň bilen duşuşmaga umyt edýärin.
Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, egsilmez güýç-gaýrat, türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin!
Hormatlamak bilen,
Wladimir Zelenskiý,
Ukrainanyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de türkmen halkynyň abadançylygy baradaky iň oňat arzuwlarymy beýan edýärin.
Karl Gustaw,
Şwesiýanyň Patyşasy.
* * *
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Jenap Prezident!
Ispaniýanyň Hökümeti we halky bilen bilelikde, Siziň Alyhezretiňize Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.
Jenap Prezident, meniň Size abadançylyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk baradaky iň oňat arzuwlarymy kabul ediň!
Size çuňňur hormat we sarpa goýýandygym baradaky ynandyrmalarym bilen,
Filipp,
Ispaniýanyň Patyşasy.
* * *
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Marokko halkynyň adyndan we hut öz adymdan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy ýollamak meniň üçin hormatdyr.
Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk hem-de bagtyýarlyk, türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.
Pursatdan peýdalanyp, halklarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek, olaryň ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge bolan ymtylmalaryny amala aşyrmak boýunça işleri mundan beýläk-de dowam etmegi maksat edinýändigimize Siziň Alyhezretiňizi ynandyrýaryn.
Meniň iň oňat arzuwlarymy kabul ediň.
Mohammed VI,
Marokkonyň Patyşasy.
* * *
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Bahreýn Patyşalygynyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize dostlukly türkmen halkynyň milli baýramy — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy hem-de iň oňat arzuwlarymy beýan edýärin.
Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk, türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.
Tüýs ýürekden hormat we sarpa bilen,
Hamad bin Isa Al Halifa,
Bahreýniň Patyşasy.
* * *
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Awstraliýanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan Size hem-de türkmen halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli iň mähirli arzuwlarymy beýan edýärin.
Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirýärin.
Hormatlamak bilen,
Dewid Hýorli,
Awstraliýa Bileleşiginiň
General-gubernatory.
* * *
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Gadyrly doganym!
Owganystan Yslam Emirliginiň Hökümetiniň we halkynyň adyndan Siziň Alyhezretiňize hem-de doganlyk türkmen halkyna dostlukly Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy ýollaýandygyma şatdyryn.
Türkmenistanyň Hökümetiniň hem-de halkynyň taryhyň dowamynda Owganystanyň halkynyň we Hökümetiniň hemişe gowy goňşulary hem-de dostlary bolup gelýändiklerini uly hoşallyk duýgusy bilen bellemek isleýärin. Şunuň bilen baglylykda, Siziň doganlyk ýurduňyzyň tüýs ýürekden goldawy hem-de Siziň Alyhezretiňiziň Owganystanyň halkyna dürli ulgamlarda berýän aýratyn ünsüňiz üçin hoşallygymy beýan etmek isleýärin.
Siziň Alyhezretiňiz!
Owganystan Yslam Emirligi golaýda ýurtda bolup geçen möhüm üýtgeşmelerden soň hyzmatdaşlygy ösdürmek we dürli ugurlarda bar bolan umumy wehimleri ýeňip geçmek maksady bilen, sebitiň hem-de dünýäniň ähli ýurtlary bilen hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we parahatçylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli, işjeň daşary syýasatyny yglan etdi. Şol bir wagtyň özünde Owganystan Yslam Emirligi doganlyk Türkmenistan bilen dostluk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmäge çalyşýar.
Owganystan Yslam Emirliginiň Hökümetiniň we halkynyň adyndan özümiň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde özara gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy dikeltmäge hem-de ikitaraplaýyn möhüm taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygymy ýene bir gezek tassyklaýaryn.
Siziň Alyhezretiňizi dostlukly Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen ýene bir gezek gutlaýaryn. Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa uly üstünlikleri eçilmegini dileýärin.
Molla Mohammad Hasan Ahund,
Owganystan Yslam Emirliginiň Premýer-ministri.