Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň adyndan we hut öz adymdan Sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny yglan etmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Siziň parasatly baştutanlygyňyzda döwlet gurluşynda we ykdysady ösüşinde uly üstünlikleri gazanan dostlukly Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýy has-da artdy.
Dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan rus-türkmen gatnaşyklarynyň barha pugtalanýandygyny kanagatlanma bilen bellemek isleýärin. Söwda-ykdysady, maýa goýum, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ulgamlarda, energetika boýunça bilelikdäki iri taslamalary durmuşa geçirmekde, senagatda hem-de innowasiýa ulgamynda özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly derejede kybap gelýändigine ynanýaryn.
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, rowaçlyk hem-de jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw edýärin.
Mihail Mişustin,
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň adyndan we hut öz adymdan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglarymy beýan edýärin.
Soňky onýyllyklaryň dowamynda Siziň ýurduňyz döwlet gurluşynyň ýoluny üstünlikli geçip, Türkmenistanyň halkynyň döredijilik kuwwatyny, jebisligini we geljege okgunlylygyny bütin dünýä aýdyň görkezdi.
Bu gün Türkmenistan ykdysadyýetiň durnukly ösüşi, işjeň jemgyýetçilik durmuşyny üpjün edýän hem-de iň gowy zähmet däplerine ygrarlylygyny, öňdebaryjy innowasiýalara açyklygyny görkezýän, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty durmuşa geçirýän we dünýäniň wajyp meselelerini çözmäge işjeň gatnaşýan döwletdir.
Bularyň hemmesi döwletiň oýlanyşykly, netijeli dolandyryş çözgütleri, ýurduň ähli raýatlarynyň tutanýerli zähmeti bilen amala aşyrylýar hem-de 30 ýyl mundan ozal özygtyýarlylyk babatda seçilip alnan ýoluň dogrudygyna doly şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň doganlyk halky bilen bu uly baýramyň şatlygyny deň paýlaşýarys hem-de ýurduňyzy ösdürmek boýunça ähli meýilnamalaryň we taslamalaryň mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrylmagyny, türkmen döwletine abadançylyk, rowaçlyk arzuw edýäris.
Tatarystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky däp bolan mähirli we netijeli gatnaşyklara ýokary baha berýäris hem-de rus-türkmen strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde köpugurly özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygymyzy tassyklaýarys.
Tüýs ýürekden hormatlamak bilen, Size we Siziň ajaýyp ýurduňyzyň ähli halkyna berk jan saglyk we bagtyýarlyk baradaky arzuwlar bilen,
Rustam Minnihanow,
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Pakistanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi we doganlyk türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Pakistan Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlyga hem-de gadymdan gelýän taryhy, ruhy we medeni däpleriniň umumylygyna esaslanýan doganlyk gatnaşyklaryna ýokary baha berýär.
Siziň Alyhezretiňiz, Size berk jan saglyk, bagt we uzak ömür, Türkmenistanyň halkyna bolsa mundan beýläk-de parahat durmuş, abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.
Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Imran Han,
Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Tailandyň Patyşalygynyň Hökümetiniň hem-de halkynyň adyndan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli, Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de türkmen halkyna iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn.
Tailand we Türkmenistan 29 ýyl mundan ozal diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan bäri, ysnyşykly gatnaşyklary saklap gelýär. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky ýakyn gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdürilmegine umyt edýärin.
Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.
General Praýut Çan-Oça,
Tailand Patyşalygynyň Premýer-ministri.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Sizi Türkmenistanyň baş baýramy — Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Gazagystan Respublikasynyň Hökümeti Türkmenistan bilen giň gerimli hyzmatdaşlyga ýokary baha berýär. Bu hyzmatdaşlyk özara bähbitli we strategik häsiýete eýedir.
Türkmenistana bolan saparlarymy mähir bilen ýatlaýaryn, olar örän netijeli bolup, biziň ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň ösdürilmegine uly goşant goşdy.
Ozal gazanylan ylalaşyklaryň we söwda-ykdysady gatnaşyklarymyzyň biziň strategik hyzmatdaşlygymyzy gazak-türkmen özara gatnaşyklarynyň ähli ugurlary boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine berk ynanýaryn.
Şu mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat, uzak ömür we jogapkärli işiňizde mundan beýläk-de döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin.
Hormatlamak bilen,
Askar Mamin,
Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly jenap Prezident!
Ýakynda geçirilen telefon söhbetdeşligi üçin Size hoşallyk bildirmäge hem-de Sizi we Türkmenistanyň ähli raýatlaryny ýurduňyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Ýewropa Bileleşiginiň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlamaga rugsat ediň!
Soňky 30 ýylyň dowamynda Türkmenistan öz döwletliligini berkarar etmek, syýasy, ykdysady we medeni ulgamlarda halkara derejede ösdürmek üçin uly tagallalary etdi.
Men Ýewropa Bileleşiginiň bu oňyn ösüşe öz goşandyny goşup bilendigine, şol sanda syýasy we ykdysady özgertmeleriň esasy wezipelerini çözmek, şeýle hem sebitiň çäklerinde gepleşikleri geçirmek arkaly goşant goşup bilendigine şatdyryn. Bu häzir Owganystandaky wakalar bilen baglylykda aýratyn möhümdir.
Pursatdan peýdalanyp, Ýewropa Bileleşiginiň geljekde hem Türkmenistan we onuň raýatlary üçin hoşniýetli, açyk, ygtybarly hyzmatdaş boljakdygyny tassyklamak isleýärin. 2019-njy ýylda ÝB-niň Aşgabatda wekilhanasynyň açylmagy bileleşigiň Siziň ýurduňyz bilen hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny görkezýär. Ýewropa Bileleşigi biziň gatnaşyklarymyzy mundan beýläk-de ÝB-niň Merkezi Aziýa üçin strategiýasynyň ruhunda has-da pugtalandyrmaga taýýardyr.
Biziň geljekki gatnaşyklarymyzyň, şeýle hem ÝB-niň tarapyndan ýardam edilmegi Siziň ýurduňyzyň ösmegine goşant boljakdygyna hem-de ähli türkmen raýatlary üçin mümkinçilikleri gowulandyrjakdygyna tüýs ýürekden umyt edýärin.
Şunuň bilen baglylykda, ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýakynda bellenilen Ýörite wekili ilçi Tern Hakaladan onuň Türkmenistana amala aşyrjak saparynyň barşynda Siziň Hökümetiňiz bilen esasy ugurlarda sebit we ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy ilerletmek üçin mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmagy haýyş etdim. Men şeýle hem ilçi T.Hakaladan Siziň 12-nji dekabrda geçirmegi meýilleşdirýän Bitaraplyk boýunça möhüm halkara maslahatda Ýewropa Bileleşigine wekilçilik etmegi haýyş etdim.
Size hem-de ähli türkmen halkyna tüýs ýürekden bagt we abadançylyk arzuw edýärin.
Hormatly jenap Prezident! Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Tüýs ýürekden arzuwlar bilen,
Şarl Mişel,
Ýewropa Geňeşiniň Başlygy.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de mähirli arzuwlarymy, şeýle hem Siziň ýurduňyza we onuň halkyna bagtyýarlyk baradaky mähirli arzuwlarymy beýan edýärin.
Size uly hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Sauli Niinistýo,
Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz,
Gruzin halkynyň adyndan we hut öz adymdan Size Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy beýan edýärin.
Gruziýanyň we Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň geljekde hem bilelikdäki tagallalar bilen ösdüriljekdigine ynanýaryn.
Siziň ýurduňyz üçin şu möhüm baýramçylyk güni biziň halklarymyzyň rowaçlygynyň bähbidine ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etmäge taýýardygymy tassyklaýaryn.
Siziň Alyhezretiňiz, Size uly hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy, şeýle hem Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk, saglyk we rowaçlyk baradaky arzuwlarymy kabul ediň!
Salome Zurabişwili,
Gruziýanyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Sizi milli baýramçylyk — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen mähirli gutlaýaryn.
Siziň ýolbaşçylygyňyzda Türkmenistanyň ösüş we rowaçlyk ýoluny dowam etjekdigine ynanýaryn.
Ermenistanyň hem-de Türkmenistanyň halklarynyň köpasyrlyk dostluk gatnaşyklary we däpleri biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de bar bolan mümkinçilikleri amala aşyrmak üçin mäkäm binýat bolup durýar.
Ermenistanyň we Türkmenistanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy bilelikdäki tagallalar bilen has-da ösdürmegi üpjün etmegiň başartjakdygyna ynanýaryn.
Size berk jan saglyk hem-de täze üstünlikleri, dostlukly türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin.
Çuňňur hormatlamak bilen,
Armen Sarkisýan,
Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize, şeýle hem Türkmenistanyň halkyna gutlaglarymy hem-de abadançylyk we saglyk baradaky arzuwlarymy beýan edýärin.
Filipp,
Belgiýanyň Patyşasy.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size hem-de ähli türkmenistanlylara tüýs ýürekden çykýan arzuwlarymy beýan edýärin.
Halkyňyzyň rowaçlykda we parahatçylykda ýaşamagyny Beýik Biribardan dileýärin.
Fransisk,
Rim Papasy.