Ï Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen gutlag hatlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen gutlag hatlary

view-icon 3903

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Jenap Prezident, gadyrly doganym!

Alžiriň halkynyň, Hökümetiniň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň baýram edilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de iň oňat arzuwlarymy beýan etmegi hormat hasaplaýaryn.

Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, dostlukly türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk hem-de gülläp ösüş arzuw edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, hyzmatdaşlygy, halklarymyzyň dostlukly gatnaşyklaryny hem-de umumy bähbitlerini berkitmek ugrunda bilelikde işlemäge hemişe taýýardygyma Sizi ýene-de bir gezek ynandyrmak isleýärin.

Jenap Prezident, gadyrly doganym, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Abdelmajid Tebbun,

Alžir Halk Demokratik

Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Gresiýanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglarymy beýan edýärin.

Size abadançylyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa rowaçlyk we gülläp ösüş baradaky iň oňat arzuwlarymy kabul ediň!

Katerina Sakellaropulu,

Gresiýa Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Serbiýa Respublikasynyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Size milli baýram — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we Siziň ýurduňyza hem-de onuň halkyna rowaçlyk baradaky arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn.

Diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan bäri geçen ýigrimi ýylyň dowamyndaky biziň dostlugymyz hem-de özara düşünişmek we goldawlar Serbiýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek boýunça mundan beýläk-de bilelikde işlemegimiz üçin esasdyr.

Şunuň bilen baglylykda, Siz bilen ýakynda duşuşmaga umyt edýärin, şol duşuşyk ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen birlikde, halkara hyzmatdaşlyk babatdaky meseleleri hem ara alyp maslahatlaşmaga ajaýyp mümkinçilik bolar.

Pursatdan peýdalanyp, hormatly jenap Prezident, Serbiýa Respublikasynyň özbaşdaklygy hem-de çäk bitewüligi babatda Türkmenistanyň eýeleýän orny we goldawlary üçin Size ýene-de bir gezek hoşallyk bildirmek isleýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Aleksandr Wuçiç,

Serbiýa Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Maltanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize hem-de türkmen halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.

Biziň ýurtlarymyzyň arasynda halklarymyza we döwletlerimize bähbitli bolup biljek özara gyzyklanma döredýän ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna ynanýaryn.

Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasynda barha ösdürilýän gatnaşyklar biziň ýurtlarymyz üçin hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny öwrenmäge mümkinçilik döredýär.

Size berk jan saglyk we abadançylyk,Türkmenistanyň halkyna bolsa mundan beýläk-de abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Jorj Wella,

Malta Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Nikaragua Respublikasynyň halkynyň, Hökümetiniň adyndan we hut öz adymdan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.

Şu taryhy günde ynsanperwer hem-de merdana türkmen halkyna doganlyk gutlaglarymy, şeýle hem parahatçylyk, saglyk we rowaçlyk baradaky iň oňat arzuwlarymy ýollamaga şatdyryn.

Pursatdan peýdalanyp, ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk, raýdaşlyk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagyna ygrarlydygymyzy ýene-de bir gezek tassyklaýarys.

Ähli nikaragualylaryň Türkmenistanyň doganlyk halkyna mähirli gutlaglaryny kabul ediň!

Daniel Ortega Saawedra,

Nikaragua Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Tunis halkynyň adyndan we hut öz adymdan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size iň mähirli gutlaglarymy ibermek meniň üçin hormatdyr.

Size berk jan saglyk hem-de bagtyýarlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, doganlyk halklarymyzyň bähbidine ikitaraplaýyn özara peýdaly hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak ugrunda bilelikde işlemegi maksat edinýändigimizi bellemek isleýärin.

Kais Said,

Tunis Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňize Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglarymy beýan edýärin.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk hem-de bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Bidhýa Dewi Bhandari,

Nepal Federatiw Demokratik 

Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Laos halkynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize hem-de dostlukly türkmen halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglarymy we iň oňat arzuwlarymy beýan edýärin.

Laos Halk Demokratik Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň hem-de hyzmatdaşlygyň biziň halklarymyzyň, ählumumy parahatçylygyň we halkara hyzmatdaşlygyň bähbitlerine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna hem-de giňeldiljekdigine ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, abadançylyk we asylly işleriňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa mundan beýläk-de parahatçylyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Thonglun Sisulit,

Laos Halk Demokratik 

Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Singapuryň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize hem-de türkmen halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli we Singapur Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy bilen baglylykda, tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmäge şatdyryn.

Biziň ýurtlarymyzy dostlukly gatnaşyklar baglanyşdyrýar. 2019-njy ýylyň awgustynda Siziň Alyhezretiňiziň Singapura bolan döwlet saparyny mähir bilen ýatlaýaryn, şol sapar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde taryhy waka öwrüldi.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk hem-de üstünlikler baradaky arzuwlarymy kabul ediň!

Iň oňat arzuwlar bilen,

Halima Ýakob,

Singapur Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Katar Döwletiniň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Size hem-de ähli doganlyk türkmen halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli iň mähirli arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, abadançylyk we üstünlikler, doganlyk ýurduňyza bolsa mundan beýläk-de abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Goý, biziň ýurtlarymyzy baglanyşdyrýan ysnyşykly doganlyk gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürilsin we pugtalansyn!

Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Tamim bin Hamad Al-Tani,

Katar Döwletiniň Emiri.

***

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Milli baýram — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly senesi mynasybetli Size öz gutlaglarymy ýollamaga şatdyryn.

Size hem-de Türkmenistanyň halkyna abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!

Willem-Aleksandr,

Niderlandlaryň Patyşasy.

***

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de berk jan saglyk we bagtyýarlyk, şeýle-de türkmen halkyna üstünlikler we rowaçlyklar baradaky arzuwlarymy beýan edýärin.

Tailandyň we Türkmenistanyň dürli ulgamlarda, aýratyn-da, söwda hem-de maýa goýumlar ulgamynda dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, ysnyşykly hyzmatdaşlygy dowam etjekdigine pugta ynanýaryn.

Maha Waçiralongkorn,

Tailandyň Patyşasy.

***

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Sizi we Türkmenistanyň dostlukly halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaýaryn.

Özara hormat goýmaga we ynanyşmaga esaslanýan ermeni-türkmen gatnaşyklarynyň biziň ýurtlarymyzyň hem-de halklarymyzyň bähbidine ösdürilmeginiň dowam etjekdigine ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňiz, Size berk jan saglyk hem-de ähli gowulyklary, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Nikol Paşinýan,

Ermenistan Respublikasynyň
Premýer-ministri.

***

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Çehiýa Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan we hut öz adymdan Size Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, biziň ýurtlarymyzy baglanyşdyrýan dostlukly gatnaşyklaryň özara bähbitlerimiziň ähli ulgamlarynda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine pugta ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňiz, Size jogapkärli döwlet işiňizde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärin!

Andreý Babiş,

Çehiýa Respublikasynyň 

Premýer-ministri.

***

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Serbiýa Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan we hut öz adymdan milli baýram — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de Siziň ýurduňyza we onuň halkyna rowaçlyk baradaky arzuwlarymy ýollamaga şatdyryn.

Dostlukly gatnaşyklaryň esasynda biziň Serbiýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegi mundan beýläk-de dowam etjekdigimize pugta ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Serbiýa Respublikasynyň özbaşdaklygy we çäk bitewüligi babatda Türkmenistanyň eýerýän ýörelgesi we goldawlary üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirmek isleýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Ana Brnabiç,

Serbiýa Respublikasynyň 

Premýer-ministri.

***

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize mähirli gutlaglarymy we iň oňat arzuwlarymy ýollaýaryn.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň Hökümetine hem-de doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Muhammed ben Salman ben Abdel Aziz Al Saud,

Saud Arabystany Patyşalygynyň
Mirasdüşer Şazadasy, Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary,

goranmak ministri.

***

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň oňat arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin uly hormatdyr.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk hem-de bagtyýarlyk, dostlukly türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de üstünlikleri we rowaçlyklary arzuw edýärin.

Meniň iň oňat gutlaglarymy, tüýs ýürekden dostlugymy hem-de hormatymy kabul ediň!

Muhammed bin Raşid Al-Maktum,

Birleşen Arap Emirlikleriniň
Wise-prezidenti,

Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi.

***

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň oňat arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin uly hormatdyr.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk hem-de bagtyýarlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa mundan beýläk-de üstünlikleri we rowaçlyklary arzuw edýärin.

Meniň iň oňat gutlaglarymy, tüýs ýürekden dostlugymy hem-de hormatymy kabul ediň!

Muhammed bin Zaýed Al-Nahaýan,

Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy,

Birleşen Arap Emirlikleriniň
Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysynyň orunbasary.

***

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň oňat arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin uly hormatdyr.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk hem-de bagtyýarlyk, dostlukly türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de üstünlikleri we rowaçlyklary arzuw edýärin.

Meniň iň oňat gutlaglarymy, tüýs ýürekden dostlugymy hem-de hormatymy kabul ediň!

Mansur bin Zaýed Al-Nahaýan,

Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, 
Prezidentlik işleri boýunça ministri.