Ï Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen gutlag hatlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen gutlag hatlary

view-icon 3653

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli, Size Moldowa Respublikasynyň halkynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaglarymy ýollaýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, bilelikdäki tagallalarymyz arkaly ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geljekde hem raýatlarymyzyň bähbidine ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňiz, meniň Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Maýýa Sandu,

Moldowa Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli, Wýetnam döwletiniň we halkynyň adyndan Size hem-de ähli türkmen halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy ýollaýaryn.

Wýetnam Türkmenistan bilen däp bolan gatnaşyklara hemişe uly ähmiýet berýär hem-de iki halkyň bähbidine hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de bilelikde ösdürilmegi üçin tagallalary utgaşdyrmak we ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 2022-nji ýylda belleniljek 30 ýyllygynyň oňat netijeler bilen garşylanylmagy ugrunda tagalla edýär.

Jenap Prezident, Size berk jan saglyk, bagt hem-de jogapkärli wezipäňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Nguen Suan Fuk,

Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin. Horwatiýa Respublikasynyň raýatlarynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Size we Türkmenistanyň dostlukly halkyna rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Horwatiýa Respublikasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk we dostluk gatnaşyklaryna ýokary baha berýär. Ýeňil bolmadyk şu döwürde biziň döwletlerimiziň raýatlarynyň bähbidine horwat-türkmen gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürmäge ýardam bermegi dowam etdirjekdigimize ynanýaryn.

Jenap Prezident, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Zoran Milanowiç,

Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Yrak halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi dostlukly ýurduňyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Size berk jan saglyk we uly üstünlikler, türkmen halkyna bolsa mundan beýläk hem rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, biziň dostlukly halklarymyzyň bähbidine dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigimizi tassyklaýaryn.

Iň gowy arzuwlar bilen,

Barham Saleh,

Yrak Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Mongol halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi we dostlukly türkmen halkyny milli baýram — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Mongoliýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň geljekde hem diňe bir ikitaraplaýyn esasda däl-de, halkara we sebit derejelerinde has-da pugtalandyryljakdygyna we ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we işde uly üstünlikler, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa abadançylyk arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Uhnaagiýn Hurelsuh,

Mongoliýanyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli, Şri-Lankanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize we türkmen halkyna tüýs ýürekden iň gowy arzuwlarymy we gutlaglarymy beýan edýärin.

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň baýram edilmegi şu ýyl özara bähbitli hyzmatdaşlyga we ynama esaslanýan dostluk gatnaşyklaryny saklaýan ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna gabat gelýär.

Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna we giňeldiljekdigine berk ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňiz, uly hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy we Size berk jan saglyk, rowaçlyk, şeýle hem Türkmenistanyň halkyna mundan beýläk-de abadançylyk baradaky arzuwlarymy kabul ediň!

Gotabaýa Radžapaksa,

Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Liwanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize we dostlukly türkmen halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglarymy we parahatçylyk hem-de abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan etmegi özüm üçin belent mertebe hasaplaýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, biziň halklarymyzyň bähbidine hyzmatdaşlyk we dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hemişe gyzyklanma bildirýändigime Sizi ýene bir gezek ynandyrmak isleýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

General Mişel Aun,

Liwan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan we hut öz adymdan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size we ähli türkmen halkyna mähirli gutlaglarymy beýan edýärin.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk hem-de bagt, Türkmenistanyň halkyna bolsa rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Şer Bahadur Deuba,

Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynyň Premýer-ministri.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Size Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli mähirli gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy beýan edýändigime şatdyryn.

aakyňyza bolsa mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk arzuw edýärin.

Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Abdulla bin Hamad Al-Tani,

Katar Döwletiniň Emiriniň orunbasary.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Katar Döwletiniň Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň ýurduňyzyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli mähirli we iň gowy arzuwlarymy ýollamak meniň üçin örän ýakymlydyr.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk hem-de bagt, doganlyk halkyňyza bolsa mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Halid bin Halifa bin Abdulaziz Al-Tani,

Katar Döwletiniň Premýer-ministri, içeri işler ministri.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Size Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy ýollaýandygyma şatdyryn.

Biz doganlyk türkmen halkynyň watansöýüjiligi bilen özüniň öňdengörüji Lideriniň daşyna jebisleşmegi netijesinde, ýurduň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten sepgitlerine tüýs ýürekden guwanýarys.

Doganlyk Türkmenistanyň Siziň beýik başlangyçlaryňyzyň netijesinde ähli ulgamlarda ägirt uly ösüşlere eýe boljakdygyna doly ynanýarys.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagt, uzak ömür hem-de doganlyk Türkmenistanyň Lideri hökmündäki jogapkärli wezipäňizde üstünlik, türkmen halkyna bolsa Siziň parasatly baştutanlygyňyzda bagtyýarlyk, rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Siziň doganyňyz,

Faýsal bin Nasser bin Hamad Al-Tani,

Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Siziň Alyhezretiňize Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmek meniň üçin uly hormatdyr. Bu şanly waka bilen baglylykda, özümiň çuňňur kanagatlanýandygymy hem-de Türkmenistanyň YHG-nyň sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça gün tertibi babatyndaky oňyn ornuny hem-de goşandyny bellemek isleýärin. Türkmenistanyň başlyklyk etmegindäki YHG-nyň Aşgabatda geçiriljek nobatdaky duşuşygynyň Siziň Alyhezretiňiziň ýolbaşçylygyňyzda 2021-nji ýylyň noýabrynda üstünlikli guraljakdygyna ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň YHG-nyň möhüm agzasy hem-de häzirki Başlygy hökmündäki işine gyzyklanma bildirýändigime Sizi ýene bir gezek ynandyrmaga rugsat ediň!

Siziň Alyhezretiňiz, Size berk jan saglyk hem-de bagt, Türkmenistanyň halkyna bolsa rowaçlyk we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!

Husraw Noziri,

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňize hem-de doganlyk türkmen halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy ýollamak meniň üçin hormatdyr.

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy Türkmenistan bilen ýakyndan hyzmatdaşlyga, onuň goldawyna, şeýle hem biziň gatnaşyklarymyzyň ösdürilmegindäki, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdaky, umumy gymmatlyklary ilerletmekdäki ornuna ýokary baha berýär.

Biz Siziň Alyhezretiňiziň YHG-nyň agza döwletleriniň arasyndaky raýdaşlygy pugtalandyrmak üçin täze ýörelgeleri işläp taýýarlamakdaky maslahatlaryňyzy kabul etmäge hemişe taýýardyrys.

Siziň Alyhezretiňiz, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Ýusuf A. Al-Usaýmin,

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

TÜRKSOÝ Türki medeniýetiň halkara guramasynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Size tüýs ýürekden hormatymy beýan edýärin we Sizi hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyny Garaşsyzlyk güni bilen mähirli gutlaýaryn.

2021-nji ýylda TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň — Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna 30 ýyl dolýar we türki dünýädäki doganlyk gatnaşyklary hem-de raýdaşlygy pugtalandyrmagyň bähbidine zähmet çekmek biziň üçin uly hormatdyr.

TÜRKSOÝ Siziň bilen ähli şatlygyňyzy we buýsanjyňyzy doly paýlaşýar hem-de doganlyk türki döwletleriň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan giň möçberli baýramçylyk çärelerini hem-de konsertleri geçirýär.

Türkmenistanyň we onuň halkynyň Siziň baştutanlygyňyzda ähli ulgamlarda durnukly ösüşi dowam etdirjekdigine ynanýaryn. Mümkinçilikden peýdalanyp, Sizi ýene-de bir gezek Garaşsyzlyk güni bilen gutlaýaryn hem-de Size belent hormatymy beýan edýärin.

Dýusen Kaseinow,

TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmenistana mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw edýärin hem-de biziň milli parlamentlerimiziň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistana parahatçylyk we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!

Pak Býon Sok,

Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Mýanma Bileleşigi Respublikasynyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi we türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýurtlarymyzyň bähbidine has-da pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagt hem-de mundan beýläk-de üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa rowaçlyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Min Aun Hlaýn,

Mýanma Bileleşigi Respublikasynyň Döwlet Dolandyryş Geňeşiniň başlygy.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz, hormatly jenap Prezident!

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň adyndan we hut öz adymdan Sizi hem-de Türkmenistanyň ähli halkyny ýurduňyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlaýaryn.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy döwleti pugtalandyrmakdaky, durnukly durmuş-ykdysady ösüşi hem-de ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak babatynda üstünliklere beslenýär. Ýurduňyzyň baş baýramynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bellenilmegi özboluşly mana eýedir.

Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynda halkara derejede uly abraýa eýe boldy. Ýurduňyz Bitaraplygyň ýörelgelerine berk eýerýär, parahatçylyk, ynanyşmak syýasatyny wagyz edýär, ynanyşmagy we köpugurly diplomatiýany pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm sebit hem-de halkara başlangyçlary öňe sürýär.

Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistanyň möhüm sebit we ählumumy meseleler boýunça goňşy döwletler bilen netijeli hem-de özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen tagallalaryny goldaýar. Siziň ýurduňyzyň sebitdäki durnuklylygyň bähbidine Merkezi Aziýada ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmaga goşýan goşandyny uly kanagatlanma bilen bellemek isleýärin. Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Türkmenbaşy şäherinde geçirilen üçünji konsultatiw duşuşygy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy munuň aýdyň subutnamasy boldy. Bu möhüm wakalar Türkmenistanyň bilelikdäki ileri tutulýan ulgamlarda sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak işine ygrarlydygyny ýene-de bir gezek görkezdi.

Terrorçylyga hem-de zorlukly ekstremizme garşy durmak, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, daşky gurşawy goramak ýaly meseleleri çözmäge gönükdirilen bilelikdäki başlangyçlarymyzy durmuşa geçirmek boýunça sebit hyzmatdaşlygynyň oňyn ösüşi bellärliklidir.

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň hem-de Garaşsyz Türkmenistanyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň Merkezi Aziýada durnuklylygy saklamagyň, sebiti parahatçylyk, ynanyşmak we durnukly ösüş zolagyna öwürmegiň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Sizi bu şanly baýram bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn hem-de Size we Türkmenistanyň halkyna berk jan saglyk, parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Natalýa German,

BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili,

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy.