Ï Türkmen gözelligine bendi bolan nakgaş
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen gözelligine bendi bolan nakgaş

view-icon 5902

Dünýäniň dürli künjeklerinden Türkmenistanyň güneşli, myhmansöýer paýtagtyna myhmançylyga, käte ýaşamaga gelýänler kändi. Türkmen topragyny ikinji Watany edinen myhmanlaryň arasynda ukrain nakgaşy Iwan Çerinko-da bardy.

1933-nji ýylda Aşgabada gelen nakgaş özboluşly şähere ömürlik aşyk bolýar. Ol şäheriň köçelerinde bolan günlerini ýatlap, şeýle diýipdi: «Türkmenistan meni gözelligi we owadanlygy bilen özüne bendi etdi» .

Nakgaş ýurduň üýtgeşik medeniýetine, onuň tebigatyna we adamlaryna siňdiren söýgi-mährini eserlerinde beýan edipdi. Iwan Iwanowiç taryhy-durmuş kompozisiýalaryna, manzarlara, şeýle hem portretlara aýratyn üns bererdi. Ol tanymal watandaşlarymyzyň, şol sanda Türkmenistanyň halk artisti Alty Garlyýewiň, gujurly zähmeti üçin sylaga mynasyp bolan Nurjemal Ärsaryýewanyň we beýlekileriň portretini çekipdi.

30-njy ýylarda Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty ösüş ýoluna düşüpdi. Töweregine ýaş nakgaşlary, «Gündogaryň zarpçy sungat mekdebiniň» uçurymlaryny we mugallymlaryny toplan Iwan Çerinko «Türkmenistanyň nakgaşlar birleşigini» döredýär. Gysga möhletde nakgaş Sergeý Beglýarow bilen bilelikde Aşgabatda Şota Rustaweli adyndaky ilkinji çeperçilik uçilişşesini açmak başlangyjyny öňe sürýär we bu ýerde 4 ýyl sapak berýär.

Ajaýyp eserlerini döretmäge düýpli çemeleşen nakgaş halkymyzyň taryhyny we durmuşyny içgin öwrenýär, öz işerli üçin materiallary toplaýar, etýudlary çekýär. Ol hemişe öz işlerinde adam häsiýetini, onuň içki dünýäsiniň özboluşlylygyny açyp görkezmek arkaly beýan etmäge ymtylýar. Nakgaşyň işleriniň köpüsi kompozisiýasynyň monumentallygy, tilsiminiň möçberi we özboluşlylygy bilen tapawutlanýar.

Iwan Çerinko weýrançylykly ýer titremesiniň pidasy bolýar. Ýöne bir pursatda weýran bolan şäher taryhynyň bir bölegine öwrülen adamlaryň adyny il hakydasyna ömürlik saldy.

Misli Sumrug guş deý täzeden dörän Aşgabat ak mermer şähere öwrüldi. Indi Merkezi Aziýanyň iri muzeýleriniň biri bolan Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde türkmen nakaşynyň ösüşinde uly yz galdyran, Iwan Çerinkonyň eserleri saklanýar.

Swetlana Çirsowa