Ï Türkmenistan-FAO: hyzmatdaşlygyň tejribesi we geljegi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-FAO: hyzmatdaşlygyň tejribesi we geljegi

view-icon 7105

Türkmenistan halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanşykly öz milli bähbitlerini durmuşa geçirmekde halkara guramalary, şol sanda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Hyzmatdaşlyk FAO-nyň we Türkiýäniň Hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (FTHM) çäklerinde amala aşyrylýar, ol Azerbaýjanda, Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda, Türkiýede, Türkmenistanda, Özbegistanda we beýleki ýurtlarda azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge, oba ýerlerinde garyplygyň möçberini azaltmaga, tokaýlardan durnukly peýdalanmaga, çölleşmäge garşy göreşe hem-de ekoulgamy saklap galmaga ýardam edýär.

Şu maksatnamanyň 2009-2016-njy ýyllarda 16 ýurtda durmuşa geçirilen birinji tapgyrynda Türkmenistan 28 taslamanyň 8-sine gatnaşdy. Häzirki wagtda Türkmenistan «Merkezi Aziýada, Azerbaýjanda we Türkiýede azyk önümleriniň ýitgisini we zaýalanmagyny azaltmak», «Gallanyň küljümek kesellerine garşy göreş hem-de Merkezi Aziýada we Kawkazda (MAK- Rust) onuň durnukly görnüşleriniň seçgisi babatda sebit hyzmatdaşlygyny hem-de milli mümkinçiligi pugtalandyrmak» hem-de «Merkezi Aziýada, Azerbaýjanda we Türkiýede balyk hojalygyny we suwda organizmleri ýetişdirmegi durnukly dolandyrmagyň bähbitlerine mümkinçilik döretmek» taslamalaryna gatnaşýar.

Taslamalaryň birinjisinde azyk önümleriniň ýitgisini we zaýalanmagyny azaltmagyň wajyplygy azyk ulgamlarynyň netijeleligini we durnuklylygyny üpjün etmek bilen baglaşyklydyr.

Olaryň ikinjisi 2024-nji ýyla çenli döwre niýetlenip, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkiýe, Türkmenistan, Özbegistan ýaly ýurtlary öz içine alýar. Galla dünýäde sebitleriň köpüsinde, şol sanda Merkezi Aziýada we Kawkazda azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde esasy çig maldyr.

2022-nji ýyla niýetlenen FISHCap atly balyk hojalygyna degişli taslama balyk hojalygyny we suwda organizmleri ýetişdirmegi durnukly dolandyrmak arkaly tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmaga, dolandyrmaga we goramaga gönükdirilendir.

Taslama başdan ahyryna çenli ýolbaşçylyk etmek, şeýle hem taslama maksatnamalaryny ösdürmek FAO-nyň sebit bölümlerinde, köplenç ýurt bölümlerinde amala aşyrylýar. Şonuň üçinem şu aýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orundabasary, daşary işler ministri R. Meredowyň BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Sebit edarasynyň direktory Wiorel Gusu bilen onlaýn duşuşygynda taraplaryň Türkmenistanda FAO-nyň wekihanasyny açmak üçin hereketleri işjeňleşdirmäge taýýardygy beýan edildi. Ol bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary işläp taýýarlamak hem-de durmuşa geçirmek, oba hojalygyny durnukly ösdürmekde dünýä tejribesinden peýdalanmak we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçin täze şertler döreder.

Ogulgözel Rejebowa