Ï Türkmenistanyň DIM-nde brifing geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň DIM-nde brifing geçirildi

view-icon 2843
Türkmenistanyň DIM-nde brifing geçirildi
camera-icon
Wýaçeslaw Sarkisýan

Şu gün Daşary işler ministrliginde geçirilen brifing Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna bolan saparynyň, şeýle-de onuň çäklerinde Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitine gatnaşmagynyň jemlerine hem-de 28-nji noýabrda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň sammitine görülýän taýýarlyk bilen bagly meselelere bagyşlandy.


Brifinge ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle-de Türkmenistanda işleýän daşary ýurtly žurnalistler gatnaşdylar. Azerbaýjandan, Awstriýadan, Owganystandan, Belgiýadan, Beýik Britaniýadan, Hindistandan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Fransiýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Malaýziýadan, Pakistandan, Russiýadan, Rumyniýadan, Türkiýeden, Özbegistandan we Ukrainadan bolan žurnalistler duşuşyga sanly ulgam arkaly gatnaşdylar.

Brifingiň dowamynda milli Liderimiziň Türki geňeşiň sammitinde eden çykyşyndan gelip çykýan esasy ugurlar beýan edildi hem-de Türkmenistanyň bu gurama synçy döwlet hökmünde kabul edilmeginiň aýratyn ähmiýeti nygtaldy. Bu bolsa ykdysadyýet, söwda, maýa goýumlar, ekologiýa, ylym, bilim, şonuň ýaly-da beýleki geljegi uly ugurlarda bilelikde işlemek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň 15-nji sammitine görülýän taýýarlygyň barşy bilen hem tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, esasy çäreleriň hatarynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi, şeýle-de YHG-a agza ýurtlaryň işewürlik forumy geçiriler.

Brifingiň barşynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri özlerini gyzyklandyrýan sowallara jogap aldylar.